Filosofiýa    Teswir ýok    2119 gezek okaldy

Absolýut ideýa

Obýektiw idealizmiň filosofiki sistemasynda esasy düşünjeleriň biri. Onuň esasy wekilleri belli nemes filosofy Gegel we onun filosofiki sistemasyny dowam etdirijilerdir. Obýektiw idealizmiň beýleki görnüşleri ýaly, absolýut ideýa hem tebigatdaky we jemgyýetdäki hemme zatlary döreden, olaryn ýaşamagyny, üýtgemegini kesgitleýän maddy dünýäden ýokary bir ruhy başlangyçdyr diýip ykrar edýär. Obýektiw idealistler ol ruhy başlangyja baky ideýa, dünýä ruhy, dünýä erki diýýärler. Gegeliň absolýut ideýasynyň beýleki obýektiw idealistik taglymatlar dan düýpli tapawudy – onuň filosofiýasynyň dialektiki idealizm sistemasy bolanlygydyr. Marksizmiň düýbüni tutujylar Gegeliň filosofiýasynyň gymmatly tarapyny – dialektikasynyň peýdaly ýerini tankydy analiz esasynda alyp, onuň mistiki, idealistik taraplaryny taşladylar. Absolýut ideýa düşünjesi adamlaryň özünden üzňeleşdirilen hem absolýutlaşdyrylan adam paýhasydyr diýip, dialektiki materializm görkezýär.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.14-15

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz