Botanika    Teswir ýok    1270 gezek okaldy

Ajygarpyz

Ajygarpyz(latynça – citrullus colocynthis, rusça – колоцинт, iňlisçe – colocynth, bitter apple)

Kädiler maşgalasyna degişli köpýyllyk ýabany garpyz. Onuň pazyly inçejik(diametri 3-5 mm), gollarynyň töweregi gyraňly bolýar. Ýapragynyň uzynlygy 6-8 sm, ini 4-5 sm. Ajygarpyz güli sary, aýry jynsly, bir öýli ösümlikdir. Çigidi garamtyl, boýy 6 mm ýetýär. Sargylt, gataňsy, eti örän ajy bolýar. Ajygarpyz tropiki we subtropiki çöllükde bitýär. Ajygarpyz sürgi üçin peýdalanylýar. Onuň düzüminde glýukozid alkaloidibardyr. Ajygarpyzyň asly mekany Afrikanyň günortasyndaky Kalahariýa sährasy bolup, ol şol ýerde ösýän köpýyllyk ýabany ösümlikdir. Ajygarpyz daş-töwerege ýaýrap, özüniň arealyny has giňeldýär. Mysal üçin: Liwiýa, Alžir, Efiopiýa. Müsür, Italiýa, Ispaniýa, Saud Arabystany, Siriýa, Şri Lanka, Hindistan, Eýran, Owganystan we başga birnäçeýurtlar ajygarpyzyň ýaýran ýerleridir. Ajygarpyz Türkmenistanda ilkinji gezek Ahal welaýatynyňTejenetrabynyň ekin meýdanynda tapyldy. Ýerli ajygarpyz biziň şertlerimizde birýyllyk bolany üçin,onuň biologiýasy başga ýerdäkilerden has tapawutlanýar. Ony 1948-nji ýylda N. N. Garýagdyýew bilen M. A. Andreýew tapdylar we ilkinji bolup  bu barada ylmy işýazdylar. Eýran ajygarpyzyAjygarpyz Tejen oazisiniň ähli ýerine ýaýrandyr.Ajygarpyzyň bu ýere Owganystanyň Bakwiýa, Gilmend sähralaryndan sil suwy bilen gelendigi tassyklanýar. Biziň ýurdumyza gelýänçä, ajygarpyzyň biologiýasy bütinleý üýtgäp,köpýyllyk ösümlikden birýyllyga öwrülipdir.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah. 66

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz