Zoologiýa    Teswir ýok    1317 gezek okaldy

Aktiniýa

(latynça – Actiniaria)

Merjen polipler klasynyň  boş içege ýalylar otrýadyna degişli deňiz haýwany. Aktiniýa ýeke ýa-da topar bolup deňizde ýaşaýar. Bedeni silindr görnüşindedir. Ululygy birnäçe mm- den 1,5 metre çenli bolýar. Aktiniýanyň reňki dury we ala bolýar. Olaryň käbirleri otşelnik diýen leňňeçler bilen simbioz bolup ýaşaýar. Aktiniýa jynsy ýol bilen köpelýär. Ownuk jandarlar (leňňeçjikler, balyjaklar we b.) bilen iýmitlenýär. Awyny ownuk jandarlary öldürýän (adamyny awundyrýan) atylyjy öýjükleri bilen tutýar. Olaryň aglabasy tropiki we subtropiki deňizlerde duşýar. GDA-da Gara, Barens hem-de Uzak Gündogardaky deňizlerde duş gelýär.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz