Fizika    1 Teswir    2755 gezek okaldy

Albert Eýnşteýn

(Albert Einstein)

(14.3.1879, Ulm, Germaniýa – 18.4.1955, Prinston, ABŞ)

Fizik, otnositellik teoriýasyny döreden, kwant teoriýasyny we statistik fizikany döredijileriň biri. Sýurih politehnikumyny gutarýar (1900), ilki Winterturda, soňra Şafhauzende mugallym, Berndäki federal patent býurosynda ekspert (1902—1909); Sýurih uniwersitetinde professor (1909), Prussiýa we Bawariýa Ylymlar Akademiýasynyň agzasy (1913), Berlin uniwersitetiniň professory we fizika institutynyň direktory (1914). Şol ýyllarda Eýnşteýn otnositelligiň umumy teoriýasyny tamamlaýar, şöhlelenmäniň kwant teoriýasyny ösdürýär. Statistik fizika, Broun hereketi, şöhlelenme teoriýasy barada birnäçe işleri geçirýär. Fotoeffekt kanunlaryny açanlygy we teoretiki fizika baradaky işleri üçin Nobel baýragyna mynasyp bolýar (1921). 1933-nji ýylda Germaniýadan gidýär. Şondan soň Prinston (ABŞ) Ýokary barlaglar institutynyň agzasy. Eýnşteýn meýdanyň ýeke-täk teoriýasyny işläp düzmäge synanyşýar we kosmologiýa meseleleri bilen meşgullanýar. Faza, wagt we dartyşmanyň umumy kanuny bolan otnositellik teoriýasy Eýnşteýniň iň esasy ylmy üstünligi hasaplanýar. Eýnşteýniň ýörite otnositellik teoriýasy fiziki barlaglar üçin (mes.: Ýadro fizikasynda we elementar bölejikleriň fizikasynda) zerur serişde bolup durýar, netijede bu teoriýa doly eksperimental tassyklanýar. Eýnşteýn 1916-njy ýylda grawitasion gyşarmanyň ýaýrama meselesini çözenden soň, grawitasion tolkunlaryň bardygyny öňünden aýdýar. Şeýlelik bilen umumy otnositellik teoriýasy tamamlanýar. Umumy otnositellik teoriýasynyň kömegi bilen Nýuton mehanikasy arkaly düşündirip bolmadyk Merkuriý planetasynyň orbitasynyň anomal ýagdaýy düşündirildi. Günüň dartyş meýdanynda ýagtylyk şöhleleriniň gyşarmasyny (1919-1922) anyklady we şu meýdanda atomyň spektral çyzyklarynyň süýşmesini öňünden aýtdy (1925). Eýnşteýn kwant teoriýasyna şöhlelenýän meýdanyň diskret strukturasy hakyndaky düşünjäni girizdi we şonuň esasynda fotoeffekt kanunlaryny çykardy. Lýuminessent we fotohimiki kanunlary düşündirdi. Eýnşteýn kwant teoriýasyny ösdürip, 1916-njy ýylda şöhlelenme proseslerini öz-özünden şöhlelenmä (spontan) we mejbury (induksiýalaýyn) şöhlelenmä böldi. Eýnşteýniň bu işi häzirki zaman kwant elektronikasynyň esasyny düzdi. Eýnşteýn 1924-nji ýylda Ş. Bozeniň ýagtylygyň kwant statistikasy boýunça ýazan makalasy bilen tanyşdy, soňra ideal gazyň kwant teoriýasyny döretdi, şeýlelikde Boze-Eýnşteýn statistikasy ýüze çykdy.

Eýnşteýniň ylmy işleri häzirki zaman fizikasynyň ösmeginde uly rol oýnady. Eýnşteýn diňe ylym bilen çäklenmedi. XX asyryň 20-40 ýyllaryndaky jemgyýetçilik syýasy wakalary ony tolgundyrdy, ol faşizme garşy çykmak bilen faşistik Germaniýasynda ýadro ýaragynyň döremek howpunyň bardygy barasynda 1940-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentine hat ýazdy, bu bolsa ABŞ-da ýadro barlaglaryň ösdürilmegine getirdi. Eýnşteýn dünýäniň köp ylmy jemgyýetleriniň, akademiýalarynyň hormatly agzasy bolupdy.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 10, sah. 269

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

1 Teswir

  • […] Albert Eýnşteýn, 1955-nji ýylda aprel aýynyň 17-ne, 76 ýaşynda gögüs hastalygy bilen Amerikanyň New Jersey(Nýu Jerseý) welaýatyndaky Prinston hastahanasyna girýär. Emma beýik fizik bu hassalykdan halas edilmeýär we ertesi gün irden Arterýa damarynyň ýarylmagy sebäpli aradan çykýar. Ölümiň yz ýanyndan, Eýnşteýniň jesedini ölüminiň name sebäpden bolandygyny anyklamak üçin lukmançylyk barlagyna salýarlar. Bu iş bolsa türkmençe hastalyklar bilimi manysyna gelen potologiýa lukmany Doktor Tomas Harweýe ynanylýar. Doktor Tomas Harweý, bütün dünýäniň sylagyny gazanan ylymly adamdy. Bu adam Eýnşteýni barlamak hakyndaky özüne bildirilen ynam üçin begenýärdi. Bu lukman barlag geçirende potologiýada edilmeli zatlaryň daşyna çykýar, ýagny potologiýada edilmeli däl zatlary edýär. Doktor Tomas Harweý Albert Eýnşteýniň beýnisini çykarýar we beýnini köp gezek surata düşürýär yzyndan bolsa beýnini 170 bölege bölýär. Eýnşteýniň beýnisiniň agyrlygy 1230 gramdy (1kg 230 gr). Doktor Harweý beýnini böleklere bölensoň, yzyna goýmagyň deregine ony içi formaldehit (aldegitleriň iň pes görnüşidir) doly gaba salyp öýüne äkitýär we stolunuň aşagyna goýýar. Mundan daşary Eýnşteýniň gözlerini hem hiçkimi habardar etmän çykarýar we Eýnşteýniň göz lukmany bolan Genri Abramysa berýär. Albert Eýnşteýniň beýnisi we gözleri bolmadyk jesedini KREMOTORÝADA(jesetleriň ýokary dereje gyzgynlykda ýakylýan ýeri) ýakmak üçin maşgalasyna berýärler. Tomos Harweý, öz habarlarynda Eýnşteýniň kelle beýnisi üçin onuň maşgalasyndan rugsat alandygyny habar berse-de, onuň işiniň asyl manysy başgady. Harweýiň köne mugallymy we Albert Eýnişteýniň hususy lukmany Doktor Garry Simerman Eýnşteýniň beýnisini ony lukmançylyk barlaglaryndan geçiren Harweý barlaglarda kelle çanagy kesip çykaranlygyny we ol beýniden özüne hem Harweý tarapyndan beriljekligini habar berýär. Doktor Garri, Doktor Harwiden aljak beýni bölejiklerine aldanyp begenjinden New York Times gazetinde Eýnişteýniň beýnisi hakynda makala ýazýar. Alynan beýni hakynda habarsyz Eýnşteýniň maşgalasy bu habary okansoňlar jesediň ýetmezçilikli ýakylanlygyna gynanýarlar. Eýnişteýniň ogly Hans Albert gaharyna barlag geçirilen hassahana gitýär. Hans ol ýerde hassahananyň başlygy bilen esli wagt dawalaşansoň kakasynyň beýnisini ylym üçin barlaglara bermekligine mejbury ýagdaýda rugsat bermeli bolýar. Prenston hassahanasynyň başlygy Doktor Harweýiň rugsatsyz eden işi üçin gaharlanýar. Hassahananyň başlygy Harweýe Eýnşteýniň beýnisini maşgalasyna bermelidigini aýtýar, emma Harweý beýnini alanyndan soň Eýnşteýniň maşgalasyndan alan rugsadyny bahana edip beýnini yzyna bermeýär. Doktor Harweý rugsatsyz işi üçin kän wagt geçmeden öz işinden mahrum edilýär. Işden kowulan Harwe Eýnşteýniň beýnisi bilen Filadelfiýa hassahanasyna barýar. Ol bu ýerde bir adamyň kömegi bilen beýnini has hem kiçijek bölejiklere jemi 240 bölege bölýär. Az wagtdan soň Harweýiň durmuşunda başga bir kynçylyk hem ýüze çykýar. Harweýiň gelini (aýaly) stoluň aşagynda duran Eýnişteýniň beýnisini zyňjaklygy barada aýdandan soň Harweý beýnini alyp Kanzas welaýatyna göçýär. Tomos Harweý, 1990-njy ýylda 40 ýyldan hem uzak wagt bir niýet bilen elinde saklan Eýnşteýniň beýnisini Eýnşteýniň agtygyna bermegi ýüregine düwýär. 78 ýaşyna gelen Doktor Tomos Harweý beýniniň hekaýasyny ýazmak isleýän Mikaýyl Paterniti atly ýazyjy bilen Jerseýden Eýnşteýniň agtygynyň ýaşaýan Kaliforniýa welaýatyna gitýärler. Emma Eýnşteýniň agtygy Ewelin babasynyň(atasynyň) ýarym ýüz ýyldan geçen beýnisini kabul etmegi kän islemeýär. Netijede beýni ýenede Harwi bilen yzyna dolanýar. Tomos Harweý 2007-nji ýylda ölmänkä elindäki beýniniň galan uly bölegini Prenston Uniwersidetindäki potologiýa lukmany bolan Doktor Eliot Kaussa berýär. Ondan soň Eýnşteýniň meşhur beýnisi 2010-njy ýylda Amerikanyň Merilend welaýatyndaky HALKARA SAGLYK WE MEDISSINA MUZEÝINDE saklanmaga başlanýar. Häzirki wagtda hem Beýik fizik Albert Eýnşteýniň beýnisi şol muzeýda saklanýar. […]

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz