Gadymy ýadygärlikler    Teswir ýok    1432 gezek okaldy

Altyndepe

Altyndepede dini ymarat

Altyndepede dini ymarat

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Kaka etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. ö. III-II m.ý.

 Ýadygärligiň taryhy:  

Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy:

“Oguz han türkmenleriniň guran ilkinji döwletine bäş müň ýyl wagt geçipdir. Oguzlaryň durmuşyna degişlidigini subut edýän ok-ýaý alamatlaryndan başlaýan şol döwre degişli tapyndylaryň Bagabat, Altyndepe, Täk gala (Durun), Ary jülgesi,Margiana, Köneügenç taraplarynda üstüniň açylmagy, döwletiň taryhy ýerşleşişi hakda düýpli pikirleriň döremegine esas berýär.”

“…Meniň stolumyň üstünde Altyndepeden tapylan, ýaşy bäş ýarym müň, alty müň ýyl bolan öküziň altyndan guýlan şekili dur. Köşgüň sag gapdalynda “Sary öküz” Ýer togalagynyň şekilini depesine göterip dur… “

Biziň eýýamymyzdan öňki dörän şäherlerden biri Altyndepe bolup, ol Kaka etrabyndaky Mäne we Çäçe obalarynyň aralygynda ýerleşýär. Altyndepede goranyş berkitmesi, ybadathana, ýaşaýyş jaýlary, hünärmentçilik we gaýry desgalar bolupdyr.

Şäherde senetçilik we hünärmentçilik aýratyn ösüpdir. Senetçiligiň metal işläp bejeriş pudagy ýöritelşdirilipdir. Metaly gyzdyryp ýençme we eredip guýmak usullary tapylypdyr. Şeýlelikde, metaly işläp bejermegiň kämilleşmegi ekerançylygyň giňelmegine ýardam edipdir. Zähmet öndürijiliginiň ösmegi hususy eýeçiligiň ýüze çykmagyna getiripdir. Ol bolsa jemgyýetiň mundan beýläk-de ösmegine oňaýly täsir edipdir.

Metaldan, gymmat bahaly daşlardan, şirmaýy-pil süňkünden ýasalan hususy möhürler, şaý-sepler şäher senetçiligi üçin häsiýetli zatdyr. Tapylan möhürler hususy eýeçiligiň has aýdyň mysalydyr.

Altyndepe we Namazgadepe ýaly şäher görnüşli gadymy ýadygärliklerden tapylan köp sanly heýkeljikler esasan aýal şekillerini suratlandyrypdyrlar. Her bir maşgala hojalygynda şeýle heýkeljikleriň birnäçesi saklanypdyr. Adamlar meýdan işlerine gitmezinden ozal şol heýkellere sežde edipdirler. Şeýlelikde, olar öz ruhy isleglerini kanagatlandyrypdyrlar hem-de işdäki şowlulyk heýkellere tagzym etmek bilen gös-göni baglanşykly diýip düşünipdirler.

Agzalan heýkelleriň başga-da bir täsin tarapy, olaryň eginlerinde, kähalatda bolsa göwsüniň gapdallarynda haýsydyr bir ýa-da birnäçe çyzyklar-bellikler bar. Şol çyzyklar iň gadymy zamanlaryň hat-ýazuw elipbisi bolaýmagy hem mümkindir diýlip çaklanylýar. Emma welin, şeýle nyşanlaryň belli bir görnüşdäkileriniň azlyk edýänligi sebäpli bu mesele heniz gutarnykly çözülenok.

Altyndepeden tapylan genji-hazynalaryň arasynda altyndan ýasalan nakyzja öküz we möjek şekilleri Gadymy Gündogar ýurdy bolan Mesopotamiýa bilen medeni gatnaşygyň bolandygyna güwä geçýär. Öküz Aý hudaýynyň şekilini aňladypdyr.

Altyndepede geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleri maddy we ruhy gymmatlyklardan başga-da, gadymy adamlaryň fiziki keşbi we ömri barada ençeme maglumatlar berdi.Tapylan adam süňk galyndylaryna görä, 4-5 müň ýyl mundan ozal Altyndepede ýaşan ilatyň 2/3 essesi 35 ýaşyna ýetmän ölüpdirler. Çaga ölümi juda köp bolupdyr. 60-70 ýaşyna ýeten adamlar gaty seýrek eken. Antropologlaryň maglumatlaryna görä, Altyndepede 5000 töwerekleri ilat ýaşap, olaryň ömrüniň ortaça uzaklygy 23 ýaş töwerekleri bolupdyr.

Şäher ilaty esasan söwda we senetçilik bilen meşgul bolýar. Oba ilaty bolsa oba hojalyk işleri: ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolýar. Şäherde senetçileriň we hünärmentçileriň ýörite mähelleleri bolupdyr. Diýmek, hünärmentçilikde ýöriteleşdiriliş bolup geçýär. Emma, beýle diýildigi bürünç zamanynda ilat diňe hünärmentçiligiň we söwdanyň hasabyna güzeran görüpdir diýildigi däldir. Ekerançylyk heniz ýaşaýşyň esasy we baş çeşmesi bolmagynda galýar.

Jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlary azda-kände belli bir tertipde salynýar. Olaryň arasynda, köplenç halatda pyýada ýörär ýaly darajyk köçejikler, şonuň bilen birlikde üsti ýükli mallar, hatda araba ýörär ýaly gysgajyk köçeler hem bolýar. Şäheriň goranyş diwary bilen birlikde ýörite derwezeleri bolýar. Şäherde has barly gatlaklaryň ýaşan mähelleleri ýönekeý ilatyňkydan öz ýerleşişi, otaglarynyň sany, giňligi, kömekçi hojalyk jaýlary bilen tapawutlanypdyr.

Dini ymaratlaryň toplumy şäheriň möhüm bölegidir. Altyndepede ybadathana tapyldy. Elbetde, müňlerçe ýylyň dowamynda palçyk binalar ýagyn-ýagmyryň täsiri astynda örän weýran edilen halda saklanypdyr, emma, taryhy-arhitektura taýdan dikeldilende ybadathananyň örän haşamlanyp salynandygy mälim bolýar.

Şäheriň umumy derejesi bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş jaý gurluşygynda hem düýpli özgerişler bolup geçýär. Bürünç zamanynyň ekerançylyk obalaryna häsiýetli bolşy ýaly, Altyndepede hem ilki ýaşaýyş jaýlary bir otagly, soňra bolsa köp otagly bolupdyr. Senetçiler mähellesinde bir maşgalanyň ýaşaýyş we hojalyk jaýy 27 inedördül metre barabar bolupdyr.         Şäheriň tutýan meýdany 46 gektara barabar bolupdyr.

Köpetdag eteklerinde bürünç zamanynda ilatyň köpelmegi suw ýetmezçiligini döredipdir. Täze ýerleriň ekerançylyk üçin şondan beýläk has giň özleşdirilmegine mümkinçilik bermändir. Köpetdagdan suw alyp gaýdýan çeşmeleriň we jarlaryň tomus aýlary gurap galýan pursatlary seýrek bolmandyr. Şeýlelikde, Namazgadepe, Altyndepe ýaly uly ekerançylyk merkezleriniň we obalaryň taşlanmagyna suw ýetmezçiligi ýa-da başgaça aýdanymyzda, ekologiýa ýagdaý sebäp bolupdyr. Ondan başga-da, adamlar köplenç halatlarda ekerançylyk bilen obadan uzak bolmadyk ýerlerde meşgul bolupdyrlar. Her ýyl diýen ýaly şol bir ýerler ekilipdir. Mineral dökünler ulanmazdan gaýtalanyp ekilýän ýerler kem-kemden arryklapdyr we hatardan çykypdyr.

Bu ýagdaý adamlary emele gelen kynçylykdan çykalga gözlemäge mejbur edipdir. Günorta Türkmenistanyň gadymy ilaty Gündogara, suwyň bol ýerine hemişelik akýan Murgap derýasyna tarap çekilipdirler. Şeýlellikde, Murgabyň aşak akymynda.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz