Bagşylar    Teswir ýok    1397 gezek okaldy

Aman Anna

Aman Annaýew(1908-1976)

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Anna 1908-njy ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda eneden bolýar. Onuň il içindäki ýörgünli ady Amansaçly bolupdyr.

Aman Anna bagşyçylygyň ilki tälimlerini Mary, Wekil sebitleriniň meşhur bagşylarynyň birisi Agajan arykdan alýar. Onuň ilki aýdan aýdymlary gargy tüýdügiň ýanynda aýdylýan aýdymlar bolup, dutar çalmagy ol soň öwrenipdir.

Agajan arykdan soň ol Garly Ilaman, Oraz salyr ýaly ussatlaryň bagşyçylyk göreldelerine eýerýär. Türkmenistanyň Halk bagşylary Sahy Jepbar, Oraz salyr, bagşy Oraz Sopy, Orazberdi Gurbanmyrat, Berdi Öwezmyrat dagy bilen Gyzyl Goşunyň Atly polkunyň medeniýet öýünde bagşyçylyk edip hem gezýär.

Aman Anna ýyllaryň dowamynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky teatryndaky bagşylar topary bilen bile işledi. Obalara aýlanyp, bagşyçylyk etdi. Teatrda bagşyçylyk eden ýyllary ol ýerde meşhur bagşylar Girman bagşy, Gurbanöwez Agajan, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Anna Babajan, sazanda Ýazgeldi Kuwat dagy bile artistlere goşulyp, dürli ýerlere gidip aýdym aýdardy.

Ol köp ýyllap Baýramaly etrabynda ýaşady. Beýik Watançylyk urşy ýyllary bolsa gyzyl esgerlere medeni taýdan hyzmat etmek üçin ýörite guralan toparlara goşulypdy. Onuň aýdymlary ellinji ýyllaryň başlarynda radioda ýygy-ýygydan ýaňlanyp ugraýar. 1946-nji ýylda Aman Annanyň aýtmagynda «Ýedi manzar» we «Näzliniň» aýdymy Daşkendiň saz söýjileri tarapyndan gramplastinka ýazylyp alnypdy. Onuň joşup aýdan «Gürban bolaýyn», «Hajygolak», «Balam seni», «Teşnit» atly aýdymlary bolsa ellinji ýyllaryň orta gürpünde Türkmenistan radiosy üçin ýörite ýazga alnypdy.

1967-nji ýylda telewideniýe üçin Aman Annadan ýene iki aýdym ýazylyp alyndy. Şol ýazylyp alnan «Owal» we «Ýedimanzar» aýdymy mawy ekranda wagtal-wagtal ýaňlanyp, ussat bagşy Aman Annanyň keşbini görkezip, uly sungatyny salgy berip dur.

Aman Annanyň ýyllaryň dowamynda halka eden asylly hyzmatlary nazarda tutulyp, oňa 1964-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy — diýen hormatly at dakylýar.

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Anna 1976-nji ýylda aradan çykýar. Baýramaly etrabynda meşhur bagşynyň her ýyl ýatlama güni geçirilip durulýar. Ol biziň bagşyçylyk sungatymyzda uly yz galdyryp giden halypalaryň biridir.

Çeşme: Akmuhammet Aşyr, “Kyrklar”, 1993

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz