Saglygy goraýyş    Teswir ýok    1141 gezek okaldy

Appendektomiýa

(appendiks we grekçe ektome —kesip aýyrma)

Agyr ýa-da gaýtalanyp durýan appendisitde köriçegäniň gurçuk şekilli ösüntgisini operasiýa arkaly kesip aýyrma. Operasiýa mahaly kesilýän ýeriň agyrysy duýulmaz ýaly anesteziýa edilip, garyn boşlugy kesilip açylýar we gurçuk şekilli ösüntgi kesilip aýrylýar, soň onuň kesilen ýeri jebis tikilýär. Agyr appendisitiň ötüşen görnüşlerinde (garna iriň ýygnananda, ösüntginiň ösüp çykan ýerindäki kapillýarlardan gan akanda) appendektomiýadan soň ösüntginiň çykýan ýerine rezin drenaž ýa-da hasa (tampon) dykylýar. Operasiýadan soňra drenažyn üsti bilen antibiotikler goýberilýär.

 

Çeşmeler:

1. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.176

2. “Üç dilli lukmançylyk sözlügi”, TDKP neşirýaty, Aşgabat, 2005.

3. “Enkarta” Ensiklopediýasy

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz