Matematika    Teswir ýok    2633 gezek okaldy

Arifmetika

(grekçe arythmos – san) – sanlar we droblar hem-de olaryň üstündäki amallar hakyndaky ylym. Arifmetikanyň ösmegi algebranyň, sanlar teoriýasynyň we hasaplaýyş matematikasynyň bölunmegine getirdi. Natural sanlaryň kömegi bilen köp dürli matematiki düşünjeler düzülýär. Meselem: matematiki analiziň esasy düşünjeleri natural sanlar bilen baglanyşyklydyr. EHM-laryň operasiýalary hem sanlaryň häsiýetlerine esaslanandyr. Şu sebäbe görä arifmetika matematika ylmynyň esasyny düzýär. Logiki analizde teoretiki arifmetika ulanylýar. Sanlaryň hususy häsiýetlerini öwrenmeklik sanlar teoriýasyny düzýär. Arifmetikanyň hasaplamak usullary hasaplaýyş matematikasynda giň gerim aldy. Arifmetika hasaplamagyň we ölçemegiň zerurlygy esasynda döredi. Ilkidurmuş adamlary köp bolmadyk predmetler üstünde hasaplamalar we ölçemeler geçiripdirler. Gadymy grek medeniýetinde arifmetika teoretiki ösdürilipdir we sanlar teoriýasynyň ilkinji teoremalary döredilipdir. 1703-nji ýylda L. F. Magniskiniň «Arifmetika» kitaby çykýar. Oňa algebranyň, geometriýanyň, trigonometriýanuň we nawigasiýanyn meseleleriniň elementleri hem girýär. Arifmetikanyň häzirki zaman görnuşi L. Eýleriň we onuň okuwçylarynyň işlerinde beýan edilýär.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.189

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz