Saglygy goraýyş    Teswir ýok    1116 gezek okaldy

Aritmiýa

(grekçe a – ýoklugy anladýan ownuk bölek, rhytmos – ritm) — ýüregiň kadaly urşunyň bozulmagy. Dynç ýagdaýda ýürek her minutda 70-75 gezek ýygrylýar (urýar). Ýüregiň her ýygrylma sikli üç fazadan: ýüregiň kameralarynyň, garynjyklarynyň ýygrylmagyndan we ýüregiň umumy gowşamagyndan ybarat bolup, ýürek sikliniň wagty takmynan 0,8 sekunt dowam edýär. Munuň özi nerw we gumoral regulýasiýanyň
täsiri astynda geçýär hem-de organizmiň islegine, töwerekdäki gurşawyň şertlerine görä uýtgäp durýar. Emma ýüregiň içki awtomatizm ukyby we impuls geçiriji ýollary bozulanda, onuň kadaly urşy uýtgeýär we ekstrasistoliýa, tahikardiýa (çalt urmasy), bradikardiýa (haýal urmasy) ýaly näsazlyklar ýüze çykýar.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.189

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz