Awaza MSZ    Teswir ýok    3757 gezek okaldy

“Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagy

Hazar deňziniň gündogar kenarynda, Türkmenbaşy şäherinden 12 km günbatar tarapynda ýerleşýär. 2009-njy ýylyň15-nji iýunynda  birinji 3 oteller girizildi.

Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr.

Bu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliarddan gowrak amerikan dollaryny, daşary ýurt maýa goýujylaryň bolsa 4 milliard amerikan dollaryny gönükdirmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Awazanyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi. Şeýle hem ilkinji nobatda gurluşygy alnyp barylmaly 90 sany ýer ülüşleriniň sanawy we möçberi tassyklanyldy. Olaryň arasynda täze howa menzili toplumyny, «Awazany» howa menzili bilen birikdirýän awtomagistraly, kuwwatly gaz turbina elektrobekedini, suw süýjediji we arassalaýyş desgalary, suw geçiriji ulgamy gurmak ýaly işler bar. Şeýle hem iş meýilnama laýyklykda, Türkmenbaşy şäherinde suw üpjünçilik we lagym sorujy bekedini döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bir söz bilen aýdanyňda uzak möhletleýin ösüşe niýetlenen häzirki zaman inženerçilik-kommunikasiýa infrastrukturasyna degişli ähli zatlar göz öňünde tutuldy. Eýýäm şu ýylýň özünde «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy dynç alýanlaryň ilkinji toparyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Munuň üçin Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda birinji derejeli myhmanhanalaryň birbada altysy öz gapylaryny giňden açar.

Dürli ýurtlaryň we şäherleriň tejribesi erkin ykdysady we dynç alyş zolaklarynyň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýändigini, şol sebitiň we tutuş ýurduň ösmegine kuwwatly itergi berýändigini görkezýär. Şonuň üçin Prezidentimiz bu ajaýyp Türkmenbaşy şäherini we Hazaryň kenarýakasyny öz içine alýan erkin ykdysady zolagyny döretmek hakynda Karar kabul etdi.

Dünýäde erkin ykdysady zolaklaryň 25-den gowrak görnüşi hereket edip, olaryň umumy sany 2000-e golaýdyr. Ola­ryň arasynda gümrük erkin zolaklary, paçsyz zolaklar, erkin daşary ýurtlara haryt çykarmak boýunça önümçilik zolaklary, erkin telekeçiligiň ykdysady zolagy, tehniki ykdysady ösüş zolagy, ylmy-senagat parklaryny (tehnoparklary) we birnäçe beýleki erkin ykdysady zolaklaryň görnüşlerini mysal getirip bolar. Halkara tejribesinde erkin ykdysady zolaklar örän giňden ulanylýar. Mysal üçin, gümrük erkin zolaklarynda önümçiligi ösdürmäge amatly şertler döretmek üçin söwda erkinligi berilyär. Bu bolsa, ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle ýagdaý Wengriýada has meşhurlyk gazandy, bu ýerde 2000-nji ýylda 126 sany şeýle zolak hasaba alyndy.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde Hytaý Halk Respublikasynyň tejribesi has üstünlik gazandy. Bu Respublikada maýa goýujylara giň meýdanlar we 50 ýyllyk möhlet bilen zolaklar ulanmaga berilýär. Şu ýagdaýda daşary ýurt we ýerli maýa goýujylar işini giňeltmäge, uzak möhletiň dowamynda peýda almaga we ykdysady zolaga köp möçberde serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik gazanýarlar.

 

Taslamanyň 2011-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 9-na çenli ýagdaýy:

Tutuşlygyna alnanda 2007-nji ýylyň ahyryndan başlap bu ägirt uly taslama 1,4 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdeleri goýuldy. Şonda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurluşyk işleri badalga aldy.

Häzirki wagtda Awazada birbada tutuşlygyna alnanda dynç alýanlaryň 1700-sini kabul edip biljek oňaýly myhmanhanalaryň 8-si, çagalar we uly ýaşlylar üçin her biri 880 orunlyk dynç alyş merkezleriniň 2-si ulanmaga berildi. Bulardan başga-da şu ýerde kuwwatlylygy 254 MWt barabar bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasy we podstansiýalar toplumy; deňiz suwuny süýjediji desga, her sagatda 800 adama hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan halkara aeroporty, uzynlygy 7 kilometre ýetýän Awaza derýasy; interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň toplumyndan ybarat bolan seýilgäh, şeýle hem abadanlaşdyrylan awtomobil ýollary, şol sanda syýahatçylyk zolagyny Türkmenbaşy şäheriniň howa menzili bilen birleşdirýän estakada gurlup ulanmaga berildi.

Bu ýerde 12 gatly ýokary derejeli myhmanhanalaryň ýene-de 4-sini, ulular we çagalar üçin häzirki zaman dynç alyş merkezleriniň 5-sini we olara degişli ýaşaýyş-durmuş, sagaldyş we medeni dynç alyş düzümleri özünde jemleýän kottej toplumlarynyň 5-sini gurmak meýilleşdirildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi Awazada dynç alýanlaryň sanyny takmynan üç müň adama çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga hem nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça Awazada söwda merkezi bolan Sergi köşgi, dynç alyş seýilgähi, 266 maşyn üçin köp derejeli awtoduralga gurlar, şeýle hem abadanlaşdyrylan 5,5 kilometrlik ýol çekiler.

Myhmanhanalar: “Serdar”, “Kuwwat”, “Kerwen”, “Watançy”, “Hazyna”, “Nebitçi”

Medeni dynç alyş merkezleri: “Arzuw”

Resmi saýty: www.avaza.gov.tm

Çeşmeler:

  1.  “Türkmenistan: altyn asyr” Elektron gazeti
  2. “Wikipedia”. Erkin ensiklopediýa.
  3. www.zamantm.com

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz