Döwletler    Teswir ýok    1348 gezek okaldy

Azerbaýjan Respublikasy

Azebaýjan tutýan meýdany boýunça 86,6 müň inedördül kilometre barabardyr. Ilatynyň sany 8,3 mln adamdyr. Paýtagty Baku şäherinde 2 mln ilat ýaşaýar.
Döwlet gurluşy Prezident respublikasydyr. Döwletiň başynda Prezident durýar. Kanun çykaryjy organy parlamentdir.
Azerbaýjan administratiw-territorial bölünişi boýunça 59 raýondan we bir awtonom respublikadan (Nahiçewan Awtonom Respublikasy) ybaratdyr.
Milli düzüminiň 90%-den gowragy azerbeýjanlardyr. Döwlet dili azerbeýjan dilidir. Şäher ilaty umumy ilatyň 52%-i düzýär. Azrbaýjanyň daş-töweregini Kawkaz daglary we Kaspiý deňzi gurşap alandyr. Ýurduň merkezi bölegini uly düzlüzkler tutýar, demirgazygynda Kawkaz dag gerişleri, günortada Kürdüstanyň daglyk ulgamlary, gündogarda Kaspiý deňzi, günbatarda bolsa Ermenistan hem-de Gruziýa bilen serhetleşýär. Azerbeýjan aram klimatly guşaklykda ýerleşendir.
Ýurduň ykdysadyýetinde öňdäki orunlary nebit-gaz toplumy, nebit-himiýa, maşyn gurluşygy şeýle hem ýeňil we azyk senagaty tutýandyr.
Ekerançylykda däneli, esasan hem bugdaýa (ekiş meýdanynyň 40%-i), ot-iýimlik, tehniki ösümliklere aýratyn üns berilýär.
Maldarçylykda ownuk şahly we iri şahly mallar köpeldilýär. Guşçylyk, balykçylyk hem ösendir.

Garaşsyz Azerbaýjanyň içeri we daşary syýasaty
XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ikinji ýarymyndan SSSR-de başlanan demokratik özgertmeler Azerbaýjan SSR-ne hem öz täsirini ýetiripdir. Bu özgertmeler ýurdyň içinde döwlet häkimiýetini we kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygyny gowşadypdyr. 1980-nji ýylda Daglyk – Garabag awtonom oblastynyň üstünde azerbeýjan-ermeni gapma-garşylyklary ýitileşip başlaýar. Daglyk -Garabag oblastynda ýaşaýan ermeni etniki toparyň aglabasy oblastyň Ermenistan SSR-ne berilmeginiň tarapdary bolup çykyş edip başlaýarlar. Bu bolsa azerbaýjan-ermeni gatnaşyklarynyň ýitileşmegine getiripdir. 1990-njy ýylyň 19-njy ýanwaryndan 20-nji ýanwaryna geçilen gije SSSR goranmak ministrlginiň goşuny Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa goşunyny girizipdir. Netijede, parahat ilatyň köpçülikleýin gyrylmagyna getiripdir. Bu waka Azerbaýjanyň taryhyna Gara Ýanwar ýa-da Ganly ýanwar ady bilen giripdir.
1990-njy ýylyň 18-nji maýynda Azerbaýjanyň parlamentiniň mejlisi Azerbeýjanyň Kommunistik partiýasynyň 1-nji sekretary Aýaz Mutalibowy Azerbeýjanyň Prezidentligine saýlaýar.
1991-nji ýylyň 30-njy awgustynda Azerbeýjanyň Ýokary Soweti Azerbeýjan Respublikasynyň döwlet garaşsyzlygyny dikeltmek baradaky deklerasiýany kabul edýär.
1991-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Azerbeýjanyň Ýokary Soweti “Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet garaşsyzlygy barada” Konstitusion akty kabul edýär. Bu akt Garaşsyz Azerbaýjanyň döwlet syýasy we ykdysady esasyny düzüpdir. Şol gün 18-nji oktýabr Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni diýlip yglan edilýär.
1992-nji ýylyň iýun aýynda Aýaz Mutalibowyň ýerine Azarbaýjanyň mili halk frontunyň ýolbaşçysy Abdulfaz Elçibeý geçýär. Azerbaýjanyň milli halk frontunyň düzen hökümetiniň ýurdy dolandyrmaga ukypsyz bolup çykmagy häkimiýetiň krizise düşmegine getirýär. Bu bolsa, 1993-nji ýylyň 4-nji iýunynda Genje şäherinde polkownik Suret Guseýnowyň ýolbaşçylygynda gozgalaňyň turmagyna getirýär. Abdulfaz Elçibeý raýatlyk urşunyň öňüni almak maksady bilen şol wagtlar Nahiçewanda ýaşap ýören Azerbaýjan SSR-niň Kommunistik partiýasynyň öňki birinji sekretary Geýdar Aliýewi Bakuwa çagyrýar. Şeýlelik bilen, Geýdar Aliýew ýene-de häkimiýet başyna gelýär.
Bu wakalaryň gidişinde polkownik Alakram Gummatowyň ýolbaşçylygynda Lenkoranda talyş-ofiserler topary Azerbaýjanyň düzüminde Talyş-Mugan awtonom respublikasyny yglan edýärler. Emma Geýdar Aliýew awtonomiýany ykrar etmeýär we 23-nji awgustda ýerli ýaşaýjylar ol awtonom respublikany agdarýarlar.
1991-nji ýylyň ahyrlarynda – 1992-nji ýylyň başlarynda Azerbaýjan Respublikasy bilen ykrar edilmedik Dagly-Garabag Respublikasynyň arasynda Daglyk-Garabagyň we oňa degişli raýonlarynyň üstünde harby çaknyşyklar başlanýar.
1994-nji ýylyň maýynda GDA döwletleriniň arada durmagynda Azerbaýjan, Ermenistan we Daglyk-Garabag respublikasy urşy bes etmek baradaky ylalaşyga gol çekýärler. Emma muňa garamazdan häzirki wagta çenli bu meseläni kadalaşdyrmak boýunça geçirilýän gepleşikler öz netijesini bermän gelyär.
2003-nji ýylda Geýdar Aliýew aradan çykandan soň, onuň ýerine ählihalk saýlawy esasynda ogly Ilham Aliýew geçýär.
Azerbaýjanda Milli mejlis ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organydyr. Onuň ählihalk tarapyndan bäş ýyl möhlet bilen saýlanýan 125 deputaty bardyr.
1995-nji ýylda Garaşsyz Azerbaýjanyň taryhynda ilkinji gezek parlament saýlawy geçirilýär. Parlamentiň häzirki düzümi 2005-nji ýylyň noýabrynda saýlanandyr.
Parlamentiň deputatlarynyň aglaba bölegi partiýa agzasy däldir ýa-da “Täze Azerbaýjan” prezident partiýasynyň wekilleridir.
Ýurtda 30-dan gowrak syýasy partiýalar we hereketler hasaba alnandyr . Olaryň içinde “Täze Azerbaýjan” partiýasy, Azerbaýjanyň milli garaşsyz partiýasy, “Musawat” partiýasy, Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasy, Azerbaýjanyň liberal partiýasy, Azerbaýjanyň sosial-demokratik partiýasy, Azerbaýjanyň Demokratik partiýasy esasy partiýalar bolup durýandyr.
Azerbaýjan döwleti dünýäniň köp ýurtlary bilen dilomatik gatnaşyklary ýola goýupdyr. Esasy hyzmatdaşlyk eden döwletleri Yzraýyl, Eýran, Gazagystan, ABŞ, Russiýa, Tükiýe, Italiýa döwletleridir. Azerbaýjan BMG, OBSE, GDA, Yslam konferensiýasy guramasy, Türk soweti ýaly dünýä we sebitara halkara guramalarynyň köpüsi bilen aragatnaşyk saklaýar.
1999-njy ýylyň sentýabr aýyndan başlap azerbaýjan harby gullukçylary Kosowada, Owganystanda we Yrakda parahatçylygy goramak işi boýunça halkara parahatçylyk güýçleriniň düzüminde hereket edýärler.
Azerbaýjan ösen senagaty we köp pudakly oba hojalygy bolan industrial-agrar ýurtdyr. Azerbaýjanyň hojalygynda nabit-gaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, maşyn gurluşygy, dag magdan senagaty we reňkli metallurgiýa, azyk we ýeňil senagatyň dürli görnüşleri esasy orny eýeländir.
Ýurduň içerki umumy önümi yglewodorod çig malynyň gazylyp alynmagynyň we daşary ýurtlara çykarylmagynyň hasabyna artýandyr. Ýaňy ýakynda altyn hem gazlyp alnyp başlandy.
Oba hojalygynda esasan hem üzümdarçylyk, bagbançylyk, temmäki, bakjaçylyk, maldarçylyk we ýüpekçilik ýöriteleşdirilendir. Esasy tehniki ekinleri-pagta, temmäki we çaýdyr. Däneli ösümlikleriň içinde iň köp ekilýäni bugdaýdyr. Ol ekin maýdanynyň 40 %-ni tutýar. Suwarymly ekin meýdany 1401 müň ga. (1990-njy ýyl) barabardyr. Maldarçylyk pudagynda goýundarçylyk, iri şahly mallar, guşçulyk, ýüpekçilik esasy orny eýeleýär.
Azerbaýjan dünýäde tirana balygyny we gara işbili öndürýän hem-de daşary ýurtlara çykarýan iň iri döwletleriň biridir.
Azerbaýjan respublikasynda demir ýol transportyň esasy görnüşi bolup onuň uzynlygy 2195 km. deňdir. Haryt dolanyşygynyň 40 %-i (2007-nji ýyl) we ilat gatnawynyň 25 %-i onuň paýyna düşýändir. 29 müň km-den gowrak uzynlykda (asfalt düşelen) awtomobil ýoly bardyr.

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz