Goşgular    Teswir ýok    1757 gezek okaldy

Annaberdi Agabaýew. “Balykçylaryň buhgalteri” goşgusy

Onlar, müňler. . .
Işläp otyr buhgalter.
Şänijege şänik degip şyklaýar.
Onlar müňler. . .
Gaşyn çytýar buhgalter.
Buhgalteriň bir köpügi çykmaýar.

Dörüp çykýar “formalary” buhgalter,
Aýyrýar, paýlaýar ýene-de goşýar.
Buhgalter şol bir köpügi gözlände,
Balykçyň torlary ýadyna düşýär.

Balykçyň torlary ýadyna düşýär,
Balykçyň derleri ýadyna düşýär.
Äýnegin dakynyp ýaşuly ýene
Paýlaýar, aýyrýar, köpeldýär, goşýar. . .

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz