Bagşylar    Teswir ýok    1329 gezek okaldy

Baýar bagşy

Baýar bagşy(1908-1974)

Daşoguz sebitlerine baryp, meşhur bagşylaryny sorasaňyz, ozaly bilen Nazar bagany, Pälwan bagşyny, Magtymguly Garlyny, onuň yzy bilenem Baýar bagşynyň adyny tutarlar. Ol şol halypalaryň deňindäki, özüniň bagşyçylyk sungatyny şol halypalar bilen deňlän ussatdyr. Meşhur dessançydyr.

Baýar bagşy Baýram ogly 1908-nji ýylda doglup, ol Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Ötürme obasynyň Öküzler tiresindendir. Oňa halypalyk eden bolsa şol etraplaryň meşhur dessançy-bagşysy Nazar baga Morsy ogludyr. Baýar bagşy halypasyndan ilki tirme aýdymlaryň birnäçesini öwrenýär. Emma ol diňe tirme aýdymlary aýdyp, uly-uly toýlary sowup bilmejegine göz ýetirýär. Şonuň üçinem halypasy Nazar baganyň joşup dessan aýdýan toýlaryna onuň bilen bile baryp, ony telim ýola diňleýär. Onuň dessan aýdyş ugurlaryny synlaýar. Şeýdip, Baýar bagşy türkmen halkynyň asyrlar boýy bagşylardan diňläp gelýän dessanlarynyňam bir çetinden girýär.

Ol ilki «Huýrlukga-Hemra» dessanyny öwrenip, ony toýlarda aýdyp başlaýar. Soň bolsa ol dessanlaryň höwri barha köpelýär. Tiz wagtyň içinde ol «Şasenem- Garyp» dessanynam saza goşup, toýdan-toýa sowgat edip başlaýar. Kem-kemden adygyp, ahyry Baýar bagşy bolup ýetişýär.

1942-nji ýylda Baýar bagşynyň halypasy meşhur Nazar baga aradan çykýar. Şondan soň ol halypanyň aýdymdyr dessanlarynyn ýerini dolmaklyk Baýar bagşynyň paýyna düşýär. Ol halypasyny ýoksuratmaýar. Nazar baganyň agyn özi bolup dessan aýdyp gezýär. Halypasynyň ürç edinip aýdan «Şasenem-Garybyny», «Huýrlukga-Hemrasyny», «Görogly» eposynyň birnäçe şahasyny toýlara alyp barýar.

Baýar bagşy diňe bir toýlarda aýdymdyr dessanlary aýdyp ýörmek bilen çäklenmän, ol oba medeniýet öýleriniň geçirip durýan çärelerinede höwesli gatnaşardy.

Şol etraplaryň maldarlaryna, pagtaçylaryna aýdym aýdyp bererdi. Olardan özüniň baý sungatyny gysganyp durmazdy.

Baýar bagşynyňyň ilkinji sazandalary halypasy Nazar baganyň ýanynda gyjak çalanlardy. Baýram gyjakçy, Gazak gyjakçy dagydy. Soň bolsa ol ýyllaryň dowamynda gyjakçy Esen Söýün bilen bile tirkeşdi. Onuň aýdan aýdymlary ellinji ýyllaryň aýaklarynda Türkmenistan radiosynda ýaňlanyp ugraýar. «Al gaç», «Gyzyl donly», «Nalyş», «Mekanym», «Yňdarma» ýaly aýdymlary Baýar bagşynyň şeýleki ussatlygyna şaýatlyk etdi. Ol ömür boýy halka hyzmat edip gezdi. Şol päk hyzmatlary nazarda tutulyp, oňa 1964-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy — diýen hormatly at dakyldy. 1967-nji ýylda Baýar bagşynyň aýtmagynda «Al gaç» we «Al Senem» aýdymlary telewideniýe üçin ýazyldy.

Baýar bagşy 1974-nji ýylda aradan çykdy. Onuň dogduk mekanynda ýatlama güni geçirildi. Şeýle hem onuň doglan gününiň toýy toýlandy. Bagşynyň hatyrasyna muzeý döredildi.

Baýar bagşynyň baý sungatyny şägirtleri Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Tüýli Otuz, Mämmet Meret, Jumamyrat Hamy dagy dowam etdiler. Bagşynyň kowumlary Köneürgenç etrabynda ýaşaýarlar.

Çeşme: Akmuhammet Aşyr, “Kyrklar”, 1993

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz