XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    1326 gezek okaldy

Baýram şahyr

Baýram şahyr Balkan dagynyň eteginde Garryjyk çeşme diýen ýerde dünýä inýär. Ol il-ýurduna, onuň asylly däp-dessurlaryna hormatlaýan, töwerekde bolup geçýän wakalaryň many-mazmunyny ýitilik bilen seljerip bilen zehinli ýigit hökmünde özüni tanadýar.
Baýram ýaşlykda döredijilik işine başlap, birtopar durmuşy goşgulary döredýär. Ol goşgularda öz garyp güni, zähmetkeş halkyň agyr ýagdaýy çeper suratlandyrylýar.
Baýram ýaşlykda aýdym-saza uly sarpa goýupdyr. Ol ahlak, öwüt-nesihat, söýgi mowzugynda ençeme goşgy ýazyp, olary özi saza salyp, il arasynda ýaýradýar. Öz deň-duşlary bilen oturylyşyklarda, söhbetdeşliklerde öz şygyrlaryny aýdym edip aýdyp, adamlaryň göwnüni göterýär. Şahyryň “Şaglap iner bürgütleri”, “Daglar”, “Gyrat”, “Meläniň”, “Garybyň” ýaly aýdyma öwrülip, il içinde uly meşhurlyk gazanan goşgulary onuň özi tarapyndan saza salnan eserlerdir.
Baýram şahyryň türkmen söz ussat şahyry Keminä öýkünip ýazan “Garybyň” diýen goşgusy onuň döredijiliginiň iň gowy nusgalarynyň biridir.
Baýram şahyra ýönekeý adamlaryň agyr durmuşa elmydama tolgundyryp gelipdir. Şonuň üçin barjamly adamlary rehimlilige, işan-mollalary adalatyň goragçysy bolmaga çagyrmak onuň döredijiliginiň baş äheňi bolupdyr.

Aýdaýyn, garyby — tükenmez dertde,
Ah çekdi, ýüregi doly garybyň.
Oba göçse, öýi galyp ýurtda,
Ýalňyz eşek bordy maly garybyň.

Baýram şahyryň Oktýabr öwrülişiginden soňky goşgularynda öz döwri bilen baglanyşykly çäklilikler-de bar. Olarda gyzyllaryň, öwrülişigni öwmek ýaly aşa syýasylaşdyrmak äheňleri duýulýar.
Baýram şahyr raýatlyk urşuna gatnaşyjydyr. Şol mowzukda ýazan birnäçe şygyrlary onuň geçmişiň agyr günlerini başyndan geçirendigini görkezýär. Şahyryň “Garybyň” atly goşgusy bu hakykaty tassyklaýar.
Raýatlyk urşunyň pajygaly wakalary Baýram şahyryň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Muny şahyryň “Söweşer men siz biläni” diýen goşgusynda hem görmek bolýar. Bu goşguda şahyry gyzyllar bilen aklaryň arasynda syýasy dawalar gyzyklandyrman, halkyň horlanýandygy, talanýandygy ynjalykdan gaçyrýar. Ol adalatyň dabaralanmagyny arzuw edýär.

Jora Allakow, Tirkiş Sadykow, Romanguly Mustakow
Edebiýat. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

(okyjylardan)

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz