XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    3958 gezek okaldy

Beki Seýtäkow

(1914-1979)

ÖMRI

Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly  adyndaky  baýragynyň eyesi Beki Seýtäkowyň çeper döredijiligi biziň edebiýatymyzyň  taryhynda düýpli orun tutýar.

Beki Seýtäkow 1914-nji ýylda  Tagta raýonynda  daýhan maşgalasynda  eneden bolýar. Ýazyjynyň çagalyk  döwri agyr  ýagdaýlarda  geçýär. Ol ýigriminji  ýyllaryň başlarynda  Tagta etrapyndaky   internata ýerleşdirilýär. Şondan soň  ol 1952-nji ýylda Daşoguz peduçilişesine okuwa girip, ony 1931-nji ýylda  gutarýar we birnäçe ýyllap şol welaýatyň dürli etraplarynda magaryf sistemasynda işleýär. Geljekki ýazyjy  şol ýyllardan  başlap, etrap we  welaýat gazetleriniň redaksiýasy bilen-de ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Bu bolsa B.Seýtäkowy metbugat işi bilen  has-da  ysnyşdyrýar we soňra ol döredijilik işine  bütinleý geçýär. 1937-nji ýylda  ol Aşgabada gelip, ilki “Ýaş kommunist” gazetinde medeniýet we durmuş bölüminiň  müdiri,  “Sowet edebiýaty” žurnalynyň jogapkär kätibi we soň onuň  redaktory, soňra bolsa “Mydam taýýar”, “Edebiýat we sungat” gazetleriniň redaktory bolup işleýär. Gazet-žurnallaryň redaksiýasynda  uzak wagtlap işlemeklik B. Seýtäkowyň ýazyjylyk talantynyň oýanmagyna uly täsir edýär.

B. Seýtäkow 1963-nji ýylyň oktýabryndan  1965-nji ýylyň aýaklaryna  çenli  Türkmenistan ýazyjylar birleşmesiniň  başlygy  bolup işledi. Soň ol ýene-de  birnäçe  ýylyň dowamynda  “Sowet edebiýaty” žurnalyna redaktorlyk etdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda  Ýazyjylar  birleşiginiň edebi  maslahatçysy boldy.

B. Seýtäkow 1979-njy ýylyň martynda  Moskwada aradan  çykdy.

 DÖREDIJILIGI

 B. Seýtäkowyň edebiýat meýdanyndaky  ilkinji synanyşyklary entek Daşoguz welaýatynda  mugallymçylyk  edip ýören  ýyllarynda başlanýar. Türkmen ýazyjylarynyň  köpüsine  häsiýetli  bolşy ýaly, B. Seýtäkow hem edebi – döredijilik işine  sadaja  şygyrlaryny ýazmak bilen  girişýär. Onuň dürli temada  ýazan  ilkinji şygyrlarynyň käbiri  welayat  gazetleriniň  sahypasynda  çap  edilýär. Emma ýazyjynyň  özüniň  belläp geçişi ýaly, onuň  bu  şygyrlary hakyky  edebiýatyn eserleri  däl-de, diňe “Edebiýaty söýüjiniň  goşgy döretmekdäki synanyşyklarydy”. B. Seýtäkow döredijilik işine  çynlakaý suratda  otuzynjy ýyllaryň  ikinji ýarymyndan başlaýar.

Ýazyjy Beýik  Watançylyk urşundan  öňki ýyllarda  käbir  oçerkleri, göwrüm taýyndan  çaklaňja hekaýalary  ýazyp, 1953-nji ýylda  proza eserleriniň ilkinji  ýygyndysyny çap edip çykaran bolsa-da, bu döwürde ol, esasan, şahyr hökmünde işjeň çykyş edýär. Uruş ýyllaryna çenli  B. Seýtäkowyň “Ot içinde” (1940), “Aýazhan” (1940) ýaly poemalary, “Ýaşlyk” (1938), “Biziň döwrümiz” (1941) ýaly goşgular  ýygyndylary neşir edilýär.

1947-nji ýylda B.Setäkow uruş ýyllarynda we urşuň yzysüre döreden poetiki  eserlerini “Goşgular we poemalar” ady bilen  çap etdirýär. 1951-nji ýylda bolsa onuň dürli ýyllarda  ýazýan proza we poeziýa  eserlerini öz içine alýan  “Saýlanan eserleri”, edil şol ýylda “Gum ýeňilýär” atly tutuş goşgular toplumy neşir edilýär.

Öz döredijilik işine şygyr ýazmak bilen  başlap, häzire çenli poeziýa  eserleriniň  birnäçe  ýygyndysyny, dürli temada ýazylan çap edip çykaran bolsa-da, B. Seýtäkow biziň edebiýatymyzyň taryhynda, şeýle  hem  okyjylar köpçüliginiň arasynda, esasan, belli prozaçy hölmünde äşgärdir. B. Seýtäkowyň çeper prozadaky ilkinji  synanyşyklary öz başlangyjyny otuzynjy ýyllardan alyp gaýdýar. Uruş ýyllaryna çenli  ýazyjy  “Garaçomak” (1938) , “Arslan” (1939), “Säherde” (1939), “Pälwan” (1940), “Söýşenler” (1941), “Serwi” (1941) ýaly çaklaňrak oçerkdir hekaýalary döretdi.

1966-njy ýylda Türkmenistan  SSR-niň  Magtymguly  adyndaky  döwlet baýragyna  mynasyp  bolan Doganlar (1959-1965) trilogiýasy diňe ýazyjynyň öz döredijilik üstünligi bolman, türkmen edebiýatynyň taryhynda uly bir wakadyr. B. Seýtäkow “Bedirkent” romanyny ýazmak bilen, “Doganlar” epopeýasyny gutarnykly tamamlady.

1972-nji ýylda “Türkmenistan” neşirýaty ýazyjynyň  “Bedirkent” romanyny okyjylara ýetirdi. Bu roman özünde ýaýbaňlandyrýan wakalary boýunça “Doganlar”  trilogiýasysynyň  dowamydyr we ol ençeme  gahrymanlaryň   ykballaryny  jemledi.

“Doganlar” trilogiýasy we “Bedirkent” romany bütewilikde uly epohal eser bolmak bilen birlikde, ol edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda B.Seýtäkowyň “Perwana» (1978) we “Tylla, seniň yşkyňda” (1980) diýen kitaplary çap bolup çykdy. Bularyň birinjisi onuň adybir eserini, “Ýagty jahan”, “Ilkinji gün”, “Gökleň gyrlan”, “Çuwal bagşy” (bu ozal hekaýa diýlip atlandyrylypdy) powestlerini, “Dostlarym, ýoldaşlarym, tanyşlarym” atly ýatlamalaryny, “Ogulbagt”, “Tapmaça”, “Hemmäniň ünjüsi” ýaly hekaýalaryny öz içine aldy.

Beki Seýtäkow ylmy-fantastiki žanrda ilkinji türkmen romanyny döredijidir. “Çölüň ýüregi” (1962) atly roman bu ugurdan şowly synanyşyk boldy. Özünde käbir kemçilikleriň bardygyna garamazdan, ol roman giň okyjylar köpçüligini belli derejede gyzyklandyrdy.

B.Seýtäkow köptaraply talantyň eýesidi. Ol “Bahargül” (1948), “Aýallar sowetiniň başlygy” (1952) “Enelik mähri” (1954) ýaly ençeme dramalaryň, “Uly doganlarymyzyňkyda” (1962), “Üç hepdeläp Owganystanda” (1963), “Gazagystanda”, “Şotlandiýada”, “Daşkent ýazgylary” (1968), “Dostlarym, ýoldaşlarym, tanyşlarym” (1971) ýaly çeper ýatlamalaryň hem awtorydyr. Onuň terjime eden eserleri-de ep-esli bar. Ol edebiýat tankydyna hem önjeýli goşant goşdy.

 Poemalary:

“Ýesir” (1939), “Ot içinde” (1940). “Joralar”, “Leýtenant Iwanow”, “Senemiň söýgüsi” (1955), “Ýagtylyga”, “Bagdagül”, “Söýgi hasraty”

 Hekaýalary:

“Bagtly nesliň çeşmesi”, “Akjagül”, “Boýun almak” (1946), „Ýeňmek we ýeňilmek“ (1947), “Goňşy” (1958), “Diplom” (1959), “Derýada” (1959), “Deňiz tolkunlary” (1962), “Gara ýylan”, “Wyždan” (1964), “Bähbit” (1960), “Suhanyň öýlenişi” (1966), “Çuwal bagşy”, “Sanjy” (1969), “Obadaşlar” (1976), “Dikdüşdi” (1976), “Ogulbagt”, “Tapmaça”, “Hemmäniň ünjüsi”

Powestleri:

“Moskwanyň ýalkymy” (1949), “Döwürdeşler“ (1952), “Ynjalyksyz adamlar” (1955), “Gyz salgydy” (1957), “Bekmyrat Durdyýew” (1946), “Perwana” (1972), “Tylla, seniň yşkyňda…”, “Tekepbir gyz”, “Şahyr”, “Ýagty jahan” (1973), “Ilkinji gün” (1966), “Leniniň ogly” (1969), “Gökleň gyrlan” (1971)

Romanlary:

“Doganlar” trilogiýasy (1959, 1961, 1965), “Bedirkent”, “Çölüň ýüregi” (1962), “Iň soňky söweş” (1977)

Çeşme: Türkmen edebiýatynyň taryhy. V tom, I kitap, Red. K. Jumaýew, E. Işangulyýew.-A.: Ylym,1980.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz