Saglygy goraýyş    Teswir ýok    2656 gezek okaldy

Böwrek keselleri

Dürli sebäplere görä, böwregiň kadaly işleýşiniň bozulmagyndan döreýän keseller. Olaryn köp duş gelýänleri nefrit, piýelonefrit, gidronefroz ýaly kesellerdir. Olar böwrekde her dürli üýtgeşmeleri emele getirip, organizmde howply ýagdaýlary döredýär.

Nefrit – böwregiň  kapilýar ýumajyklarynyň çişmesinden emele gelýär. Infeksiýa we sowuklama keselleri (angina, grip we ş.m.) allergiýany döredýär. Bu bolsa nefritiň döremegine sebäp bolýar. Nefrit agyr we hroniki formalarda bolup biler. Nefritiň agyr formasy köplenç ýagdaýlarda ýüzüň we aýagyň çişmegine, ganyň basyşynyň köpelmegine, peşewde belogyň (albuminuriýa) we ganyň (gematuriýa) peýda bolmagyna getirýär. Nefritiň hroniki formasy agyr formasynyň doly bejerilmedik, ötüşen formasydyr. Ol bedende gowşaklyk, işdäsizlik we kellagyry ýaly alamatlary döredýär. Syrkawyň ýüzi, aýagy çişýär, ganynyň basyşy köpelýär we peşewiniň düzümi üýtgeýär. Nefritden gutulmak üçin, onun hemme alamatlary ýok bolýança düşekde ýatmaly, berhiz saklamaly (etsiz we duzsuz nahar iýmeli) we wraçyň gäzegçiliginde antibiotikler, witaminlar we beýleki dermanlary peýdalanmaly.

Piýelonefrit – böwrek lohankalarynyň we dokumalarynyň iriňlemeginden döreýär. Ol nefritden soň ýa-da böwrege streptokok, stafilokok ýaly mikroblaryn düşmegi netijesinde emele gelýär. Kesel döränden soň, syrkawyň haly erbetleşýär, temperatusy ýokary galyp, ol üşedýär, buşuganda agyry peýda bolýar. Leýkositleriň köp bolmagy sebäpli peşew agarýar. Piýelonefrit keseli keselhanada lukmanlaryň gözegçiligi astynda bejerilýär.

Gidronefroz – peşew kanallaryna daş düşmegi ýa-da çişmegi zerarly dykylyp, böwrekde suw ýygnanmagy sebäpli döreýär. Başgaça aýdylanda, böwrekde emele gelen peşew ol ýerden akyp gaýdyp bilmeýär. Şu bolsa böwregiň çişip ulalmagyna eltýär we sanjy döredýär. Kesel rentgen arkaly anyklanýar we döreýiş sebäbine görä bejerilýär.

Böwrekde daş emele gelme keseli – peşewdäki ergin maddalaryň duzlarynyň çökmegi netijesinde emele gelýär. Böwrekde emele gelýän daş özuniň düzümi boýunça uratlara (peşew kislotasynyň duzy), oksalatlara (şawel kislotasynyň duzy), fosfatlara (fosfor kislotasynyň duzy), karbonatlara (kalsiý okisi) bölünýär. Daş köplenç gatyşyk maddalardan emele gelýär. Daşyn göwrümi dary dänesiniň ululygyndan towuk ýumurtgasynyň ululygy ýaly bolýar. Daş köplenç böwregiň lohankasynda döreýär, süýşüp peşew kanallary arkaly peşew haltasyna hem düşüp bilýär. Şonda ýiti agyry döräp, näsagyň haly agyrlaşýar. Peşew kanalyna düşen daşy operasiýa bilen aýyrmak bolýar.

Böwrek keselleriniň öňüni almak üçin özüňi sowuklamadan, ýokanç kesellerden gorap saklamagyň, berhiz tutmagyň, çendenaşa burçly, duzly nahar iýmekden, spirtli içgileri içmekden saklanmagyň üly ähmiýeti bardyr. Böwrek keselleri Baýramaly kurortynda
bejerilýär.

Edebiýatlar: Wowsi M.S., Bolezni sistemy moçeotdeleniýa. M., 1960; Mnogotomnoýe rukowodstwo po wnutrennim boleznýam, pod red. Ýe.M. Tareýewa, t. 9. M.. 1963; Pytel A.Ýa. Izbrannyýe glawy nefrologii, M., 1968.     

Makalany taýýarlan: A. Öwezow

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 2, sah. 394

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz