"Biologiýa" bölümi
Biologiýa    Teswir ýok   1415 gezek okaldy

Gözleriň guraklyk sindromy

Tehnologiki ösüşiň çaltlaşmagy bilen häzirki wagtda gözleriň köp sanly keselleri ýaýbaňlaşýar. Daşky gurşawyň täsiri, kondisioneriň ýa-da wentilýatoryň ýanynda bolmak, kompýuteriň öňünde ýa-da kitabyň başynda arakesmesiz oturmak, ýaş mäzleriň işinde bozulmalary ýüze çykarýar. Hasabaty gyssagly tabşyrmaly, bir günüň dowamynda ýüzlerçe sahypa okamaly, çeni-çaky bolmadyk sanlary seljermeli we degişli grafikleri düzmeli bolanda, işiň gyzgynlygy bilen hat-da gözüň ….. »

Zoologiýa    Teswir ýok   869 gezek okaldy

Deňiz pyşdyllary

img

(latynça – Chelonioidea, rusça – Морские черепахи, iňlisçe – Sea turtles) Süýrenijileriň bir otrýady. Boýny gysga, aýaklary ýüzgüç (last) görnüşlidir. Öň aýaklary yzky aýaklaryndan ep-esli uzynrak. Deňiz pyşdyllary ähli tropiki we subtropiki deňizlerde ýaýrap, käwagtlar aram guşaklyklaryň suwlarynda hem duşýarlar. Ömrüni suwda geçirip, diňe köpelýän wagty ýumurtga taşlamak üçin gury ýere çykýarlar. Bu otrýad iki ….. »

Botanika    Teswir ýok   1010 gezek okaldy

Ajygarpyz

img

(latynça – citrullus colocynthis, rusça – колоцинт, iňlisçe – colocynth, bitter apple) Kädiler maşgalasyna degişli köpýyllyk ýabany garpyz. Onuň pazyly inçejik(diametri 3-5 mm), gollarynyň töweregi gyraňly bolýar. Ýapragynyň uzynlygy 6-8 sm, ini 4-5 sm. Ajygarpyz güli sary, aýry jynsly, bir öýli ösümlikdir. Çigidi garamtyl, boýy 6 mm ýetýär. Sargylt, gataňsy, eti örän ajy bolýar. Ajygarpyz ….. »

Biologiýa    Teswir ýok   943 gezek okaldy

Inbriding

Inbriding (iňlis. inbreeding – ýakyn garyndaşara köpeliş) – ýakyn garyndaşara mallary gatyşdyryp tohumlandyrmak arkaly köpeltmek, atanaklaýyn tozanlanýan ösümlikleri mejbury suratda öz-özünden tozanlandyryp köpeltmek. Tebigy inbriding ösümlikçilikde maldarçylykdaka garaňda adaty hadysadyr. Bugdaý, arpa, şaly, nohut, noýba, arahis, soýa, pomidor, burç, sitrus, şetdaly we gowaça ýaly birentek ekinler öz-özünden tozanlanýar. Inbriding uzak wagtlap dowam etse, ösümliklerde we ….. »

Biologiýa    Teswir ýok   886 gezek okaldy

Impulsiwlilik

Impulsiwlilik (lat. impulsus – ugry, itekleme) – adamyň özüni alyp baryş aýratynlygy. Impulsiwlilik adamyň daşky ýagdaýlaryň täsiri bilen bada janlanmagyny, duýgusyny, howul-hara hereket etmekligini ýüze çykarýar. Impulsiwli adam öz hereketi barada oýlanmaýar, dürli mümkinçilikleri ölçemeýär. Şeýle hem soňra öz eden hereketleri barasynda puşman edýär. Impulsiwlilik fiziologik taýdan beýni gabygynyň uly ýarym şarlaryndaky saklanma we 2-nji ….. »

Anatomiýa, Biologiýa    Teswir ýok   1252 gezek okaldy

Impotensiýa

Impotensiýa (lat. impotentia- gowşaklyk, ejizlik), jynsy taýdan gowşaklyk- erkek adamlaryň jyns aragatnaşyk ukybyny doly ya-da kem-käsleýin ýitirmegi. Ol dürli sebäplere görä bolýar. Impotensiýa beýniniň funksional keselleri netijesinde has ýygy-ýygydan duş gelýär. Impotensiýa adam akyl zähmetinden çendenaşa yadanda, ysgyndan gaçyrýan keseller bilen kesselländen soňra ýüze çykýar. Onuň bu formasy jyns aragatnaşygyny gowşadýar. Impotensiýanyň ýüze çykmasy ereksiýanyň ….. »

Sahypalar:12345»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz