"Edebiýat" bölümi
XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   2865 gezek okaldy

Berdinazar Hudaýnazarow

img

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylda öňki Ýerbent etrabynyň Düwünli guýusynda (oba synda) dünýä inýär. Başlangyç bilimi şol ýerde alýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasy Ýerbent çarwaçylyk etraby Amyderýa boýlaryna göçürilende, Berdinazaryň maşgalasy hem şol ýere göçýär. Geljekki ýazyjynyň ýetginjekligi gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Çekip-çydardan kyn durmuş ýaş Berdinazary ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   2172 gezek okaldy

Täşli Gurbanow

img

Täşli Gurbanow 1934-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Türkmen döwlet uniwersitetini, Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlaýar. Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Komitetinde, «Edebiýat we sungat» gazetiniň, «Türkmenistan kommunisti» žurnalynyň baş redaktory wezipelerinde işleýär. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna saýlanýar. Täşli Gurbanow zehinli ýazyjy, oňat ýolbaşçy hökmünde ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1600 gezek okaldy

Agahan Durdyýew

img

(1904—1947) Agahan Durdyýew 1904-nji ýylda Tejen etrabynyň Ilkinji Babadaýhan obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykda ýetim galýar. Köne mekdepde iki ýyl okaýar. Agahan Durdyýew 1922-nji ýylda Marydaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. 1924-nji ýyldan Daşkentdäki Orta Aziýa bileleşik ýokary okuwynda okap başlaýar. Ol ýokary okuwynda okan döwründe edebi döredijilik işine höweslenýär. Agahan Durdyýew 1927-nji ýylda ýokary okuwyny ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1012 gezek okaldy

Dyrdy Gylyç

img

(1886-14.12.1950) Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Görogly etrabynda dünýä inipdir. Durdy Gylyç alty ýaşyndan ýetim galyp, durmuşyň agyr hupbatlaryny başyndan geçiripdir. Munuň üstesine-de, iki ýaşynda mama keseli zerarly iki göreçden mahrum bolmagy geljekki şahyryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrypdyr. Durdy Gylyç ýaşlykdan bagşylary, has hem dessançy bagşylary diňlär eken. Soň özi şolaryň hataryna goşulyp, ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1038 gezek okaldy

Körmolla

(1872-1934) Hakyky ady: Suhanberdi Öwezberdi Lakamy: Körmolla Takmynan 1872-nji ýyl töwereginde Daşoguz etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Körmollanyň kakasy Öwezberdi aga ilki Mara, biraz wagtdan soň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasyna göçüp barýar. Bu maşgalanyň täze ýurtda hem gün-güzerany gowulanyp gidibermeýär. Sebäbi baknalyk döwrüniň agyr durmuşy Türkmenistanyň ähli ýerinde öz hökümini ýöredýär. Şeýle agyr durmuş zerarly ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   967 gezek okaldy

Baýram şahyr

Baýram şahyr Balkan dagynyň eteginde Garryjyk çeşme diýen ýerde dünýä inýär. Ol il-ýurduna, onuň asylly däp-dessurlaryna hormatlaýan, töwerekde bolup geçýän wakalaryň many-mazmunyny ýitilik bilen seljerip bilen zehinli ýigit hökmünde özüni tanadýar. Baýram ýaşlykda döredijilik işine başlap, birtopar durmuşy goşgulary döredýär. Ol goşgularda öz garyp güni, zähmetkeş halkyň agyr ýagdaýy çeper suratlandyrylýar. Baýram ýaşlykda aýdym-saza uly ….. »

Sahypalar:123456789»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz