"Geografiýa" bölümi
Geografiýa, Türkmenistan    Teswir ýok   2312 gezek okaldy

Köýtendag

img

Köýtendag ýurdumyzyň çet günorta-gündogarynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşip, ol dürli görnüşli tebigy baýlyklara örän baýdyr. Bulara mysal edip Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynary, 500 ýaşly arça agajyny, köp sanly karst gowaklary, Hojapil obasynyň golaýynda 1300-1600 metr belentlikde ýerleşen “Dinozawrlaryň yzyny”, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklary, Gaýnar baba ….. »

Döwletler    Teswir ýok   1522 gezek okaldy

Türkiýe Respublikasy

img

Türki döwletleriň arasynda möhüm orna eýe bolan Türkiýäniň tutýan meýdany 814 578 inedördül kilometrdir. Ýewropadaky döwletleriň arasynda tutýan meýdanynyň ululygy boýunça Russiýadan soňra 2-nji orundadyr. Türkiýäniň Gresiýa, Bulgaristan, Gürjistan, Ermenistan, Azerbeýjan (Nahçywan awtonom respublikasy), Eýran, Yrak we Siriýa bilen serhedi bardyr. Türkiýe ýarym ada bolup, Garadeňiz we Ortaýer deňizleriniň ortasynda ýerleşýändir. Türkiýäniň iň uzyn derýasy ….. »

Döwletler    Teswir ýok   1068 gezek okaldy

Gyrgyzystan Respublikasy

img

1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Gyrgyzystan demirgazykda Gazagystan, günbatarda Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý bilen serhetleşýändir. Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr bolup, 2008-nji ýyldaky maglumatlara görä ilaty 5 356 869-dir. Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr. Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini Týan-şan daglary tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag ….. »

Döwletler    Teswir ýok   1443 gezek okaldy

Gazagystan Respublikasy

img

Türki döwletleriň arasynda eýeleýän topraklary taýdan iň ulysy bolan Gazagystanyň tutýan meýdany 2 717 300 inedördül kilometr bolup, Russiýa Federasiýasy, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Hytaý bilen serhetleşýändir. Şeýle-de Azerbeýjan we Eýran bilen Hazar deňzi arkaly goňşydyr. Russiýa Federasiýasy we Hytaý Halk Respublikasyndan soňra tutýan meýdany boýunça Gazagystan Aziýadaky üçünji döwletdir. Gyzylgum çöli Gazagystan we Özbegistanyň sebitindedir. Gazagystanyň ….. »

Döwletler    Teswir ýok   1147 gezek okaldy

Özbegistan Respublikasy

img

Özbegistan döwleti Merkezi Aziýanyň merkezi böleginde ýerleşýändir. Ol demirgazyk Gündogarda Gyrgyzstan bilen, Demirgazykda we demirgazyk-günbatarda Gazagystan bilen, Günorta-günbatarda Türkmenistan bilen, günorta-gündogarda Täjigistan bilen, günortada Owganystan bilen serhetleşýär. Onuň serhediniň umumy uzynlygy 6621 müň kilomtere barabardyr. Özbegistanyň deňze çykalgasy ýokdur. Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäheridir. Ilatynyň umumy sany 27,5 milliondan geçýär. Özbegistan Respublikasynyň umumy ilatynyň 83,2 ….. »

Döwletler    Teswir ýok   1133 gezek okaldy

Azerbaýjan Respublikasy

img

Azebaýjan tutýan meýdany boýunça 86,6 müň inedördül kilometre barabardyr. Ilatynyň sany 8,3 mln adamdyr. Paýtagty Baku şäherinde 2 mln ilat ýaşaýar. Döwlet gurluşy Prezident respublikasydyr. Döwletiň başynda Prezident durýar. Kanun çykaryjy organy parlamentdir. Azerbaýjan administratiw-territorial bölünişi boýunça 59 raýondan we bir awtonom respublikadan (Nahiçewan Awtonom Respublikasy) ybaratdyr. Milli düzüminiň 90%-den gowragy azerbeýjanlardyr. Döwlet dili azerbeýjan ….. »

Sahypalar:123»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz