"Güýmenje" bölümi
Goşgular    Teswir ýok   1903 gezek okaldy

“Halypam bolsady” (ulanyjylardan)

Durmuşda her bir adama, aýratyn zehin berilýär. Meniň özümem ýaşlygymdan surat çekmegi halaýardym, ýöne surat cekmek däl-de, maňa başga-da bir zat berilen bolsa nädäýjek, meselem şahyrçylyk, dogry bu aňsada zat däl… Ýöne soňky wagt meniň ýazýan goşgularymyň aglaba bölegi köp adamlary haýrana goýýardy, meniň ýazan we ýazýan goşgularymyň ählisi diýen ýaly gysgaça many-mazmundady… Köp adamlar ….. »

Goşgular    Teswir ýok   1444 gezek okaldy

Annaberdi Agabaýew. “Balykçylaryň buhgalteri” goşgusy

Onlar, müňler. . . Işläp otyr buhgalter. Şänijege şänik degip şyklaýar. Onlar müňler. . . Gaşyn çytýar buhgalter. Buhgalteriň bir köpügi çykmaýar. Dörüp çykýar “formalary” buhgalter, Aýyrýar, paýlaýar ýene-de goşýar. Buhgalter şol bir köpügi gözlände, Balykçyň torlary ýadyna düşýär. Balykçyň torlary ýadyna düşýär, Balykçyň derleri ýadyna düşýär. Äýnegin dakynyp ýaşuly ýene Paýlaýar, aýyrýar, köpeldýär, goşýar. ….. »

Rowaýatlar    Teswir ýok   863 gezek okaldy

Keýmir kör barada rowaýat

Bir gezek üç sany aýal derýaň boýuna kir yuwmaga barýan ekeni. Olaryň hersiniň ýanynda 9-10 ýaşly ogullary bar eken. Ol aýallar kir ýuwup bolup, gaýdyp barýakalar öňlerinden Keýmir kör çykypdyr. Ayallar: – Keýmir aga kyn görmeseň biziň ogullarymyzyň ulalanda iliň derdine ýarajagyny ýaramajagyny bilip bersene – diýenlerinde Keýmir kör atdan düşüp üç oglanjygyň ýanyna barypdyr. ….. »

Gyzykly maglumatlar    Teswir ýok   962 gezek okaldy

A.Eýnşteýniň beýnisi

img

Albert Eýnşteýn, 1955-nji ýylda aprel aýynyň 17-ne, 76 ýaşynda gögüs hassalygy bilen Amerikanyň New Jersey(Nýu Jerseý) welaýatyndaky Prinston hastahanasyna girýär. Emma beýik fizik bu hassalykdan halas edilmeýär we ertesi gün irden Arterýa damarynyň ýarylmagy sebäpli aradan çykýar. Ölümiň yz ýanyndan, Eýnşteýniň jesedini ölüminiň name sebäpden bolandygyny anyklamak üçin lukmançylyk barlagyna salýarlar. Bu iş bolsa türkmençe ….. »

Goşgular    Teswir ýok   1058 gezek okaldy

Magtymguly Pyragy. “Kerem islärin”

Owwal başda, kadyr alla, Senden bir kerem islärin. Badam gabak, alma ýaňak, Bir zyba senem islärin, Taňry bermese, nädeli, Baş alyp, kaýda gideli, Oturşy-turşy edaly, Gaşlary galam islärin. Özüne hormat getiren, Ärniň hyzmatyn bitiren, Gaşyny çytman oturan – Maňlaýy gülen islärin. Ýigrimi ýaş ötdi menden, Hezl etmedim, dünýä, senden, Tili süýji lebi handan, Bir goýna ….. »

Goşgular    Teswir ýok   1325 gezek okaldy

Kerim Gurbannepesow. “Ýürek” poemasy

BIR başyň bar, müň işiň bar dünýäde, Müň şükür! Ýykylyp galmaýşyň besdir. Baryna ýetmeli paýy-pyýada, Tigirçek hökman däl – Şu köwşüň besdir. Bir köwşüň tozdumy – ýene bir köwüş, Ikinji tozdumy – üçünjä çalyş, Her bagy çözlende ýer bilen emiş, Toprak ajykdyrmaz – Şol aşyň besdir. Ertir bolmaz ýaly dilleriň peltek,                           Täze menzillere ýetmeli ….. »

Sahypalar:1234567»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz