"Himiýa" bölümi
Himiýa    Teswir ýok   811 gezek okaldy

Ge­or­giý Ag­ri­ko­la

img

(1494–1555)Ge­or­giý Ag­ri­ko­la – ne­mes luk­ma­ny we aly­my. Ol mi­ne­ra­lo­gi­ýa­nyň, geo­lo­gi­ýa­nyň, dag-mag­dan baýlyklarynyň we me­tal­lur­gi­ýa­nyň esa­sy­ny goý­dy. Öz dur­mu­şy­nyň esa­sy zäh­me­ti – “Me­tal ha­kyn­da” 12 jilt­lik mo­nog­ra­fi­ýa­syn­da ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly jisimleri göz­le­me­giň, mag­da­ny baý­laş­dyr­ma­gyň we me­tal­lur­gi­ýa pro­ses­iniň esa­sy ugur­la­ry­ny do­ly we yzy­gi­der­li usul­da tes­wir­le­ýär. 20 tä­ze mi­ne­ra­ly yl­my taý­dan kes­gitläp­dir we ýa­zyp be­ýan edip­dir.Çeşme: “Zaman Türkmenistan” ….. »

Elementler    Teswir ýok   1115 gezek okaldy

Mis

img

Mis himiki elementleriň periodik sistemasynyň I goşmaça toparçasynda ýerleşýär. Misiň atomynda daşky elektron gatlagyň s orbitasyndan iki elektronyň biri daşkydan öňdäki gatlagyň 3d orbitallaryna geçýär. 3-nji elektron gatlagyň d orbitallary dolýar. Iň daşky gatlagynda 1 elektronyň bardygy üçin misiň atomy +1 okislenme derejäni ýüze çykarýar. Ýöne, daşky gatlagyň 4s orbitalaryndan 3d orbitallara geçen 1 elektron ….. »

Elementler, Himiýa    Teswir ýok   1847 gezek okaldy

Kremniý

img

Kremniý (silex sözünden alnan silicium ýagny kremen diýmekdir). Si (“silisium” diýlip okalýar, soňky wagtlarda köplenç “SI” diýlip okalýar). Atom sany 14, atom massasy 28,0855 bolan himiki elementdir. Grek sözi bolan Kremnos sözünden terjime edilende dag, gaýa diýmegi aňladýar.Tebigi kremniý massa sanlary 28 (onuň garyndydaky massasy boýunça mukdary 92,27% ), 29 (4,68% ) we 30 (3,05% ….. »

Elementler    1 Teswir    1129 gezek okaldy

Neptuniý

(latynça – Neptunium)  Np – aktinoidler maşgalasyna degişli emeli usulda alnan radioaktiw himiki element: atom nomeri 93, atom massasy 237,0482. Neptuniýi 1940-njy ýylda amerikan alymlary E. M. Makmillan we F. Eýblson açdylar. Olar uranyň 238U izotopyny neýtronlar bilen şöhlelendirilende emele gelýän 239U izotopa  β- bölejikleri goýberip, çalt dargaýandygyny we neptuniýiň izotopyny emele getirýändigini anyklaýarlar. 1973-nji ….. »

Himiýa    Teswir ýok   1221 gezek okaldy

Wagneriň reaksiýasy

Gowşak aşgarly gurşawda kaliý permanganaty KMnO4 bilen doýgun däl uglewodorodlary (olefinleri) oksidlendirmek usuly. Bu usuly rus himigi Ýe.Ýe.Wagner açýar (1888). Wagner reaksiýany ilkinji gezek KMnO4-iň kömegi bilen izobutileni oksidlendirmek arkaly geçirýär. Ol permanganat bilen oksidlendirmek reaksiýasynyň organiki birleşmelerdäki ikileýin baglanyşyklary anyklamakda ähtibarly usuldygyny görkezýär. Wagneriň reaksiýasynyň ilkinji önümi glikollardyr. Wagneriň reaksiýasy etilen baglanyşykly (başaşa goşa baglanyşyklylara ….. »

Himiýa    Teswir ýok   1242 gezek okaldy

Glioksal

img

(Eng. – glyoxal, Rus. – глиоксаль) Iň sada dialdegid OHC—CHO. Onuň kristal we suwuk halyndakysy — sary, gaz halyndakysy — ýaşyl reňkde bolýar. Glioksalyň ereme nokady 15°C, gaýnama nokady 50.4°C, dykyzlygy 1,4 g/sm3 (20°C). Döwülme görkezijisi nD20.51,3826. Glioksal etilen-glikoly HOCH2—CH2OH mis katalizatorynyň kömegi arkaly degidrogenizasiýalaşdyrmak ýa-da oleumyň tetrahloretana Cl2CH—CHCl2 täsir etmeginden emele gelýän glioksalsulfaty gidrolizlemek ….. »

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz