"Saglygy goraýyş" bölümi
Saglygy goraýyş    Teswir ýok   757 gezek okaldy

Inwaginasiýa

Inwaginasiýa (latyn. in – içine we vagina – gyn, barda) – 1) embriologiýada – pökgerme, gastrulýasiýanyň bir usuly bolup, munda duwençegiň diwarjygyň bir bölegi onuň iç boşlugyna tarap pökgerip, içki “gatjagazyny” – ilkinji entodermany emele getirýär; 2) Medisina praktikasynda – ýokarky içegeleriň özüniň aşakdaky bölekleri bilen çolaşmagy zerarly, içegäniň dykyn alyp, iç ýöremezligiň bir formasy. ….. »

Saglygy goraýyş    Teswir ýok   989 gezek okaldy

Aritmiýa

(grekçe a – ýoklugy anladýan ownuk bölek, rhytmos – ritm) — ýüregiň kadaly urşunyň bozulmagy. Dynç ýagdaýda ýürek her minutda 70-75 gezek ýygrylýar (urýar). Ýüregiň her ýygrylma sikli üç fazadan: ýüregiň kameralarynyň, garynjyklarynyň ýygrylmagyndan we ýüregiň umumy gowşamagyndan ybarat bolup, ýürek sikliniň wagty takmynan 0,8 sekunt dowam edýär. Munuň özi nerw we gumoral regulýasiýanyň täsiri ….. »

Saglygy goraýyş    Teswir ýok   964 gezek okaldy

Appendektomiýa

img

(appendiks we grekçe ektome —kesip aýyrma) Agyr ýa-da gaýtalanyp durýan appendisitde köriçegäniň gurçuk şekilli ösüntgisini operasiýa arkaly kesip aýyrma. Operasiýa mahaly kesilýän ýeriň agyrysy duýulmaz ýaly anesteziýa edilip, garyn boşlugy kesilip açylýar we gurçuk şekilli ösüntgi kesilip aýrylýar, soň onuň kesilen ýeri jebis tikilýär. Agyr appendisitiň ötüşen görnüşlerinde (garna iriň ýygnananda, ösüntginiň ösüp çykan ýerindäki ….. »

Saglygy goraýyş    Teswir ýok   1208 gezek okaldy

Appendisit

(ýa-da köriçege) Köriçegäniň gurçuk şekilli ösüntgisi bolan appendiksiň çişmesi ýa-da iriňlemesi. Appendisit agyr ýa-da hroniki görnüşde bolýar. Agyr appendisitiň  tutgaýy duýdansyz başlanýar. Munuň ilkinji alamaty agyry bolup, ol ilki göbegiň töwereginde ýa-da tutuş garynda başlap, soňra sag böwre tarap syrygýar. Keselliniň pulsy çaltlaşýar, diliniň üsti gurak bolýar, ýüregi bulanýar, käte gusýar, sag bykyny dartylýar, el degirseň ….. »

Saglygy goraýyş    Teswir ýok   2229 gezek okaldy

Böwrek keselleri

Dürli sebäplere görä, böwregiň kadaly işleýşiniň bozulmagyndan döreýän keseller. Olaryn köp duş gelýänleri nefrit, piýelonefrit, gidronefroz ýaly kesellerdir. Olar böwrekde her dürli üýtgeşmeleri emele getirip, organizmde howply ýagdaýlary döredýär. Nefrit – böwregiň  kapilýar ýumajyklarynyň çişmesinden emele gelýär. Infeksiýa we sowuklama keselleri (angina, grip we ş.m.) allergiýany döredýär. Bu bolsa nefritiň döremegine sebäp bolýar. Nefrit agyr we ….. »

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz