"Syýasat" bölümi
Syýasat    Teswir ýok   1244 gezek okaldy

Syýasy adalgalar

Aparteid (aýratyn ýaşamak) – Jynsy kemsitmeleriň iň ýiti görnüşi. Günorta Afrika Respublikasynda ilatyň tutuş topary jynsy tapawudyna laýyklykda garaşly ýagdaýä düşürilýär. Olar ýörite bellenen aýratyn territoriýalarda ýaşadylyp, syýasy, raýat we durmuş-ykdysady hukuklary çäklendirilýärdi ýa-da olardan düýbünden mahrum edilýärdi. Alternatiw – Latynçadan terjime edende “ikisiniň biri” diýen manyny aňladýar. Barrel – Nebitiň halkara ölçeg birligi. 1 ….. »

Syýasat    Teswir ýok   1232 gezek okaldy

Konfederasiýa

Döwlet gurluşynyň bir görnüşidir. Geçmişde käbir döwletlerde (Şweýsariýada, ABŞ-da, Germaniýada) döwlet gurluşynyň “konfederasiýa” diýen formasy hem bolupdy. Häzirki döwürde Şweýsariýanyň we Kanadanyň resmi adynda “konfederasiýa” adalgasy bar hem bolsa, olaryň gurluşy konfederatiw däldir. Konfederasiýa  latynça  bileleşik  diýmekligi aňladýar. Konfederasiýa garaşsyz  döwletleriň  bileleşigidir. Oňa girýän döwletler, bölekler diňe käbir meseleleri (meselem, goranmak, pul ulgamy we ş.m.) ….. »

Syýasat    Teswir ýok   1664 gezek okaldy

Federasiýa

Döwlet gurluşynyň bir görnüşidir. Federasiýanyň (latynça soýuz, birleşik) aýratynlygy onuň belli bir derejede özbaşdaklykdan peýdalanýan respublikalardan, ştatlardan durmagydyr. Federasiýanyň bölekleriniň öz kanun çykaryjy edaralary, hökümetleri, konstitusiýalary we başga alamatlary bolýar. Salgyt meselesinde, içki meseleleri we başga käbir meselelerde federasiýanyň böleklerine köp hukuklar berilýär. Federasiýany bitewi sosial ykdysady meýdan, bitewi pul ulgamy, federal raýatlyk, federal konstitusiýa, ….. »

Syýasat    Teswir ýok   1615 gezek okaldy

Unitar döwlet

Döwlet gutluşynyň bir görnüşi bolmak bilen, syýasy häkimiýetiň merkezleşdirilmeginiň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Onuň territoriýasynyň  düzüminde  awtonom territorial  birlikler (respublikalar, ştatlar we ş.m.) bolmaýar. Döwlet  dolandyryş – territorial  birliklere ( oblastlara, raýonlara, welaýatlara, etraplara we ş.m.) bölünýär. Unitar döwletde bitin  döwlet üçin ýeke-täk konstitusiýa, umumy kanunlar, kazyýet, bitewi raýatlyk hereket edýär. Türkmenistan, Bolgariýa, Wengriýa, Ýaponiýa, Çehiýa, ….. »

Syýasat    2 Teswir   3646 gezek okaldy

Birleşen Milletler Guramasy (BMG)

img

(iňlisçe – United Nations, rusça – Организация Объединенных Наций ) Parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara gurama. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda (ABŞ-da) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözüldi. 1945-nji ýylyň fewralynda üç beýik ….. »

Syýasat    Teswir ýok   2118 gezek okaldy

Demokratiýa

Demokratiýa döwlet dolandyryşynyň formasydyr. Dolandyryşyň bu görnüşinde häkimiýet ähli halka degişli bolýar. Halk häkimligini ýokary kanun çykaryjy we ýerli häkimiýet edaralaryndaky wekilleriniň üsti bilen amal edýär. XX asyrda demokratiýa sözi dünýäde iň köp ulanylýan syýasy söze öwrüldi. Häzirki wagtda bu adalgany ulanmaýan, demokratiýany amala aşyrýarys, gurýarys diýmeýän partiýa ýa – da syýasy topar ýok diýsek ….. »

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz