"Türkmen dili" bölümi
Türkmen dilçileri    Teswir ýok   1256 gezek okaldy

Zylyha Muhammedowa

img

MUHAMMEDOWA ZYLYHA BAKYÝEWNA (1922-1984) TSSR YA-nyň korrespondent çleni, filologiýa ylymlarynyň doktory. TSSR-iň ylymda at gazanan işgäri. Ol Mary oblastynyň Mülkýusup obasynda dogulýar. Zylyha Ýolöten raýonynyň I. S. Turgenow adyndaky ýediýyllyk mekdebinde okaýar. Soňra Aşgabat şäherindeki 18-nji mekdebi 1938-nji ýylda ekstern gutarýar. 1938-1941-nji ýyllarda Aşgabadyň A. M. Gorkiý adyndaky döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetinde ….. »

Grammatika    Teswir ýok   887 gezek okaldy

Sözlemiň deňdeş agzalary

Deň heň, deň säginme bilen aýdylýan, bir söze baglanyp, deň soraga jogap bolýan sözler deňdeş agzalardyr. Deňdeş agzalar sözlemde deň sintaktik hyzmaty ýerine ýetirýärler. Şol sebäpli olaryň belli bir şekilde gelmegi şertdir. Deňdeş agzalar biri-birine garaşsyz bolan deň hukukly agzalardyr. Deňdeş agza bolup gelen sözler öz aralarynda biri-biri bilen garaşsyz baglanyşýarlar. Şeýle bolansoň olaryň orunlaryny ….. »

Türkmen dilçileri    1 Teswir    1209 gezek okaldy

Pygam Azymow

img

TSSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, TSSR-iň  ylymda at gazanan işgäri. Ol 1915-nji ýylda Çärjew oblastynyň Saýat raýonynyň Çowdur  obasynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary agyr geçýär. Ýaşlyk ýyllarynda baýlaryň gapysynda batrak bolup gezýär. Türkmenistanda Sowet häkimiýeti berkarar edilenden soň, sowet mekdebinde okap başlaýar. Ol öz  obalaryndaky mekdebi gutarandan soň, 1929-1931-nji ….. »

Indemir

Indemir – tarada mata dokalanda, onuň gyrasynyň dogry, göni gitmegi üçin, inçe agajyň iki ujuna geýdirilip, matanyň ininiň gyrasyna ildirilýän dişli demirjik. Meňzeş makalalar:Meňzeş makala ýok

Çalyşmalar

Sözlemde esasan atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň deregine çalşyrylyp ulanylýan sözlere çalyşma diýilýär. Meselem: men, sen, ol, biz, siz, olar, öz, şu, bu. Atlar, sypatlar ýaly çalyşmalar predmetiň – zadyň adyny, sypatyny anyk görkezip bilmeýärler. Atlar zadyň, predmetiň, adamyň, predmetleşen düşünjäniň atlaryny /Gurban, kitap we ş.m./, sypatlar predmetiň hilini /gowy, süýji we ş.m./ anyk görkezýärler. Çalyşmalar aňladýan ….. »

Sanlar

1. Sanlar predmetleriň sanyny, mukdaryny, şeýle-de sanalmakdaky tertibini aňladýarlar. Sanlar näçe? näçinji? diýen soraglara jogap bolýar. 2. Sanlar mukdar we tertip sanlar diýen toparlara bölünýärler. Sanlar degişlilik, san we düşüm goşulmalaryny kabul edip bilýär. 3. Salar sözlemde sözlemiň dürli agzasy bolup gelýärler.   Mukdar sanlar - bir zadyň mukdaryny görkezip, näçe? diýen soraga jogap bolýar. Mukdar sanlar many ….. »

Sahypalar:12»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz