Çalyşmalar

Sözlemde esasan atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň deregine çalşyrylyp ulanylýan sözlere çalyşma diýilýär. Meselem: men, sen, ol, biz, siz, olar, öz, şu, bu.

Atlar, sypatlar ýaly çalyşmalar predmetiň – zadyň adyny, sypatyny anyk görkezip bilmeýärler.

Atlar zadyň, predmetiň, adamyň, predmetleşen düşünjäniň atlaryny /Gurban, kitap we ş.m./, sypatlar predmetiň hilini /gowy, süýji we ş.m./ anyk görkezýärler.

Çalyşmalar aňladýan manylaryna görä, esasan aşakdaky ýaly toparlara bölmek bolýar.

1) At çalyşmalary: men, sen, ol, biz, siz, olar.

2) Görkezme çalyşmalary: bu, şu, şol.

3) Sorag çalyşmalary: kim? näme? haýsy? haçan? nire? nähili? näçe? neneňsi? niçik? we ş. m.

4) San çalyşmalary: ähli, hemme, bary, käbir we ş.m.

5) Nämälim çalyşmalary: pylany, neme we ş.m.

6) Ýokluk çalyşmalary: hiç, hiç bir, hiç kim, hiç zat we ş.m.

7) Gaýdym çalyşmasy: öz.

 

At çalyşmalary

Türkmen dilinde at çalyşmalaryna men, sen, ol, biz, siz, olar diýen sözler degişlidir.

At çalyşmalary atlaryň ýerine ulanylýandygy üçin kim? näme? Diýen soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Men kitap okaýaryn.

Görkezme çalyşmalary

Görkezme çalyşmalaryna bu, şu, şol, şo, ol, hol ýaly sözler degişlidir.

Görkezme çalyşmalary sözlemde bir zady görkezmek üçin ulanylyp, haýsy? diýen soraga jogap bolýar.

Görkezme çalyşmalary many taýdan özara tapawutlanýar. Meselem: Şu oba has golaý.

Sorag çalyşmalary

Sorag çalyşmalaryna kim? näme? nire? nähili? nätüýsli? neneň? niçik? naýsy? näçe? näçenji? haçan? ýaly sözler girýär.

Bulardan kim? näme? atlara degişli sorag çalyşmalarydyr. Kim? sorag çalyşmasy adam atlaryna we onuň bilen baglanyşykly sözlere degişli bolýar. Meselem: Kim? – Ata, biz, daýym, oglan we ş.m.

Nämälim çalyşmalary

Nämälim çalyşmalaryna neme, biri, plany, kimse ýaly sözler degişlidir. Bular şahsyň zadyň ady bilenmedik ýa-da ýatdan çykan wagtynda ulanylýar. Meselem: Gurban, ertir mekdebe irräk gelgin. Neme, ertir mekdebe ertir irräk gelgin.

Ýokluk çalyşmalary

Ýokluk çalyşmalaryna hiç sözi we hiç sözi bilen ulanylýan zat, hiç, hiç wagt, haçan, haýsy ýaly sözler girýärler. Bular şol düşünjäniň ýokdugyny aňladýar. Meselem: Biz hiç haçan okuwdan gijä galmaýarys.

Gaýdym çalyşmasy

Gaýdym çalyşmasyna öz diýen söz degişlidir. Ol sözlemde degişlilik görkezýär we at deregine ulanylýan sözleriň ýerini çalyşýar. Meselem: Öz eliň, öz ýakaň.

Çeşme: Türkmen Dili, 5-nji klas, 170-189

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz