Tehnologiýa    Teswir ýok    2622 gezek okaldy

DirectX

Microsoft DirectX-logoHeý bir wagt bu syrly adyň nämedigi hakynda gyzyklanyp görüpmidiňiz? Eger jogabyňyz “Ýok!” bolsa, onda bu mowzuk tüýs siziň üçin! Oýunlar we multimediýa programma toplumlary öz kompýuteriňizde hoş wagt geçirmek üçin goýulyp biläýjek programmalar hökmünde mysal getirip bileris. Emma olaryň dürs işlemegini gazanmak bolsa hemme wagt aňsat bolmandy. Ilki bilen şahsy kompýuterleriň (PC – Personal Computer) gurluşy hiç-hili oýun oýnalýan platforma hökmünde meýilleşdirilmändi. Ikinjiden hem PC-leriň giň göwrümli, dürli görnüşli ýaýrawy – biriniň kompýuteri başga biriniňkiden gurluş taýdan üýtgeşik bolup bilýär. Şol bir wagtda oýun üçin ýasalan enjamlar (game console, игровая приставка) şol bir meňzeş gurluşlary ulanýarlar, emma kompýuterler beýle däl: agirt uly ýaýrawdaky aýratynlyklar oýun kelle agyrysyny ýüze çykardy. (Oýun enjamlaryna şulary mysal getirip bileris – Dendy, Sega, Play Station, X-box, we ş.m.).
Şeýlelikde bu kynçylyklary aýyrmak üçin Microsoft, ähli oýunlary we multimediýa programma topmlumlaryny bir saçagyň başyna üýşiren umumy ülüň – DirectX oýlap tapýar. DirectX-iň nähili işleýändigini düşündirmezden ozal ilki bilen onuň taryhyna gysgaça göz aýlalyň.

DirectX-taryhy

Islendik bir oýun belli buýruklary gaýta-gaýta ýerine ýetirmäge mejbur bolýar. Oýun, siziň syçandan, oýun-taýajyklaryndan (joystick) ýa-da klawiýaturadan basan düwmeleriňizi yzarlamaly we şoňa görä ekranda şekilleri görkezmeli, sesleri ýa-da sazlary eşitdirmeli. Bu islendik oýunyň iň ýönekeý derejedäki ýerine ýetirmeli zatlary.
Şekilli Ulanyjy Araýüzli (GUI – Graphical User Interface) Windows iş ulgamy çykmazdan ozal, oýun ýasajylara bu sazlaşygy düzmek nähili çylşyrymly bolandygyny göz öňüňizie getirip görüň! Şeýle-de her programma düzüji klawiýaturany okamak ýa-da joystick-iň dakylyp-dakylmadygyny barlap görmek üçin özüniň aýratyn ýoluny taýýarlap düzmeli bolýardy.
Gepiň tümmek ýeri oýun düzüjiler gönüden-göni kompýuteriň gurluşlary bilen ýönekeý we başlangyç derejelerde “gürleşýärdiler”. Haçanda Microsoft, Windows iş ulgamyny tanyşdyranda, bu oýun düzüjiler üçin hem, ulanyjylar üçin hem örän üstünlikli hem ygtybarly çözgüt boldy. Mundan soň, oýun düzüjiler indi her gezek täze oýun çykaranlarynda, täze gurluşlar üçin gaýtadan bir zatlar oýlap tapmaga mejbur bolmadylar. Microsoft-yň taglymaty ýönekeýdi: programma düzüjileri gönüden-göni kompýuteriň gurluşlary bilen iş salyşmagyny duruzmak, oňa derek umumy gurallar toplumy ulanmakdy. Şeýlelikde DirectX dünýä inýär.
Ol nähili işleýär?

Ýönekeý dil bilen aýdanymyzda DirectX bu kompýuteriň gurluşlary bilen Windows-y biri-birine ylalaşdyrýan programma diýip düşünip bileris. Meselem getirenimizde, haçanda oýun düzüji bir ses faýlyny çaldyrjak bolanda, oňa diňe dogry kodlary ýazmagy ýeterlik, haçanda oýun başlanda, bu kodlar DirectX-i kömege çagyrýar we biz sesleri eşidýäris. Oýun düzüji üçin indi haýsy ses kartasy bilen iş salyşýandygy, onuň nämeleri başarýandygy – stereo ýa-da mono aýratynlyklaryny ýa-da 16 bit-den ýokardaky ses ýygylyklaryny goldaýandygy oňa bildirip duranok. Öňler, ýadyňyza düşýän bolsa DOS oýunlarynda (Doom I, II, Mario we ş.m.) oýuna başlamazdan ozal ilki bilen ses kartaňyzyň haýsy modelini (Sound Blaster, …), wideo kartyňyzy, joystick-iňizi görkezmelidi. Eger, meselem, ses kartaňyzyň görnüşi oýunuň ses kartalary goldaýan sanawynda ýok bolsa – siziňki ugrunda däl, oýuny sessiz oýnamaly bolýardy.
Ýöne näme Microsoft DirectX bilen üpjün etdi, ses kartalaryny ýasaýan kompaniýalar bolsa DirectX bilen ylalaşyp işläp bilýän sürüjiler (driver) bilen üpjün etdiler. Şol bir sanda wideo kartalar hem, joystick-ler hem, klawiýatura, syçan – hemmesi hem diňe umumy ülüň bolan DirectX bilen düşünişmegiň aladasyny etdiler.
Hakykatda, DirectX öz ýoluny ýönekeýje bir gurallar toplumy höküminde başlapdy: ir wagtlar kompýuteriň gurluşlary örän çäkli mümkinçiliklere eýedi we iň ýönekeý şekilli funksiýalar bilen oňulýardy. Kompýuter gurluşlarynyň we programmalaryň ösüp çylşyrymlaşmagy bilen DirectX hem özgerdi. Indi ol kompýuteriň islendik gurluşy bilen iş salyşyp bilýär. Meselem, DirectInput aýratynlygy bilen ýönekeýje iki düwmeli syçandan başlap çylşyrymly uçuş joystick-lerine çenli goldaýar. Mundan başga-da DirectSound aýratynlygynyň kömegi bilen islendik ses gurluşlary bilen we DirectPlay funksiýasy bilen onlaýn ýa-da köp oýunçyly (multiplayer) görnüşinde oýnamaga mümkinçilik berýär.

DirectX-iň göýberilişleri

DirectX 11.2 Windows 8.1 üçin, DirectX 11 Windows 7 üçin, DirectX 10 Windows Vista üçin, DirectX 9.0c bolsa Windows 98-den başlap Windows XP aralygnadaky hemme iş ulgamyň göýberlişlerine bolýar, Windows 95 üçin DirectX 8, Windows NT 4 üçin aýratyn DirectX 3 gabat gelmeli.Aslynda DirectX Windows iş ulgamy bilen bile gelýär ýöne Wagtyň geçmegi bilen DirectX-iň örän köp göýberlişleri elýeterli boldy, şonuň üçin özüňize DirectX-iň haýsy göýberlişi gerekdigini saýlamak meselesi ýüze çykdy. Muňa çözgüt hökmünde DirectX-iň ähli göýberlişleri diýen ýaly özünden köne göýberlişi goldaýan edip çykaryldy – DirectX 7-de işleýän oýun DirectX 9 hem işlär ýaly edildi. Käbir oýunlar täze gurluşlary ulanmaýan hem bolsa DirectX-iň soňky göýberlişi bolmasa işlemeýär.
DirectX-iň başga bir peýdalaryndan biri hem oýun oýnanymyzda ýüze çykýan kynçylyklary anyklamak funksiýasy bolup durýar. Täze goýan oýunyňyz, siziň kompýuteriňiziň haýsy gurluşy sebäpli näsazlyk ýüze çykaryp, açylmakdan ýa-da dürs işlemekden boýun gaçyrýandygyny bilmek üçin, Başlat (Start, Пуск) menýusyndan Ýerine ýetir (Run, Выполнить…) saýlaýarys we garşymyza çykan penjirä dxdiag diýip ýazyp OK dügmesine basýarys. DirectX kompýuteriň gurluşyny we öz wersiýasynyň faýllaryny gözden geçirmegi üçin birnäçe sekunt gerek bolar.
Ulgam (System, Система) bölüminde öz komýuteriňiziň hakynda giňişleýin maglumat berilýär. DirectX faýllary (DirectX files, Файлы DirectX) bölüminde onuň ulanýan faýllarynyň atlaryny we wersiýalaryny görmek bolar. Iň aşakdaky Bellikler (Notes, Примечания) bölüminde faýllaryň haýsynda nähili mesele bardygyny görüp bilersiňiz. Galan bölümlerde hem – Ekran, Ses, Saz, Giriziş we Network bölümlerinde, komýuteriňiziň gurluşlaryna degişli peýdaly maglumatlary tapyp bilersiňiz, ondan başga hem wideo we ses kartlaryňyzy barlagdan geçirip bilersiňiz. Iň soňky “Eger hiç zat kömek etmedik bolsa” atly bölümde hem adyndan belli boluşy ýaly, Microsoft-yň ädim-ädim sorag-jogap alyşyp mesele çözülýän bölümi bolup durýar.
Degişli peýdalanyp bilinjek salgylar:

*Windows 7 üçin DirectX 11.1 ýükleme salgysy

Windows Vista üçin DirectX 11 ýükleme salgysy

Windows XP üçin DirectX 9.0c ýükleme salgysy

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz