Türkmenistan    Teswir ýok    7907 gezek okaldy

Türkmenistanyň döwlet nyşanlary

1992-nji ýylyň fewral aýynyň 19-yna Türkmenistanyň döwlet nyşanlary, onuň döwlet Baýdagy, Gerbi hakyndaky kanunlar kabul edildi. Döwlet nyşanlary ýurdyň syýasy we medeni durmuşynda giňden ulanylýar. Olary ulanmagyň hökümet tarapyndan tassyklanan ýörite tertibi bar. Mysal üçin, Döwlet Baýdagy hökümet jaýlarynda, edaralarda we kärhanalarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda, hemişelik ählihalk baýramçylyklarynda, hatyra günde göterilýär. Häzirki wagtda Döwlet baýdagy ýaşaýyş jaýlarynda görülip başlandy. Döwlet Gimni baýramçylyk dabaralarynda, resmi kabul edişlikde we şuňa meňzeş uly syýasy ähmiýetli wakalarda ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň şekili, many-mazmuny türkmen halkynyň taryhy we medeni ruhy mirasyň özboluşly aňlatmasydyr.
Döwlet Baýdagynyň ýüzünde dikligine bäş sany haly göli çekilip, olaryň aşagynda gowşurylyp goýulan zeýtun şahalarynyň şekilleri bar. Onuň ýokarky çep burçunda ak reňkli ýarym Aý bilen bäş sany ýyldyz ýerleşdirilipdir. Ýaşyl reňk bahar paslynyň reňkidir.
Ol täzelenýän durmuşy aňladýar. Haly gölleri türkmenlerde dünýä meşhur halylaryň dokalýandygy, şeýle hem dagynyk çeken türkmen taýpalaryň indi  “bir ýere bili baglap, bir döwlete gulluk edýändiklerini alamatlandyrýar”. Zeýtun şahalary bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň alamatydyr. Aý asmanyň ýaraşygy, türkmenler keramat görüp ony hemişe ýüze sylyp gelipdirler. Aý Oguz hanyň ogullarynyň adynyň biri. Ol türkmen nesil daragtyny yzarlamagyny hem aňlatýar. Türkmeniň döwlet Gerbiniň ortasynda ýaşyl reňkli halkanyň içinde atyň şekili ýerleşdirilipdir. Bedew ata şeýle ähmiýet berilmegi ýöne ýere däldir. Türkmeniň at bilen bagry badalaşandyr.
Onuň halk hökmünde saklanyp galmagynda atyň hyzmatyny hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däl. Şonuň üçin türkmen ata mukaddeslik ýaly garaýar. Atly halkanyň daşyndaky gyzyl reňkli aýlawyň içinde bäş sany haly göli çekilen. Gyzyl reňk möwç urýan durmuşyň reňki. Haly gölleri türkmen taýpalary. Türkmenleriň agzybir durmuşynda ýaşap ýörendigi şeýle beýan edipdir. Döwlet gerbiniň daşdaky aýlowynyň ýokarsyna ýarym aý bilen bäş sany ýyldyz içinde bolsa pagta hanalary ýerleşdirilipdir. Ak pagta hanalary ak bugdaý başlary bilen sapylypdyr. Ak reňk arassalyk, halallyk alamaty. Pagta halkymyzyň baýlyk çeşmeleriniň biri. Bugdaý türkmenleriň saçagynyň çöregi. Döwlet gerbindäki Aýdyr, ýyldyzlar, pagtadyr, bugdaýlar milli däp-dessurlara wepalylyk, halallyk bilen aýratyn bereketiň rysgal döwletiň alamatydyr. Türkmeniň döwlet Gimni 1996-njy ýylda doly täzelendi. Ol many-mazmun taýdan has tapawutlanýar. Onda Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň kemala gelmeginde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hyzmatlary aýratyn nygtalýar. Döwlet nyşanlarynyň örän gadymy kökleriniň hem bardygyny bilmek gyzyklydyr. Ýazuw çeşmeleriniň habar bermegine görä, türkmenleriň ata-babalarynyň baýdaklarynda dürli döwürlerde öküziň, aždarhanyň, möjegiň, bürgüdiň şekilleri bolupdyr. Ýarym aý we ýyldyz örän köp ýaýran nyşanlaryň biri bolupdyr. Olar ilki parfiýalylaryň baýdagynda peýda bolup, soňra seljuklaryňka geçip, olarda hem Kiçi Aziýa we tutuş yslam dünýäsine ýaýrapdyr. Baýdaklaryň reňki barada aýdylanda, oguzlaryň baýdagy gyzyl, seljuklaryň baýdagy gara reňk eken. Beýik türkmen seljuk soltanlary Togrul we Çagry beg ýüzünde bürgüt şekili bolan baýdagyň astynda söweşip uly ýeňişleri gazanypdyrlar. Türkmenler baýdagyň astynda durup, esgerler watana, il-güne wepalylyk hakda kasam edipdirler. Bu asylly däp biziň günlerimizde hem dowam edýär.

Türkmenistanyň XIV ählihalk döwlet maslahaty Türkmenistany döwlet nyşanlaryna täzelikler girizildi. Dünýäde türkmen ilçisi hökmünde durýan Tugramyz we Tugumyz täze keşbe eýe boldy. Onda tüýs millilige ýugrulan, nesilbaşymyz Beýik Oguz han Türkmeniň kuwwatly döwletleri döreden adamzadyň ösüşine düýpli täsirini ýetiren Seljuk türkmeniň gadymy medeni mirasy jemlenildi.

Türkmen dölwet Tugrasy 8 burç görnüşli ykrar edildi. 8 uçly ýyldyz  hemişe haly gölüniň merkezinde bolan, iki kwadratda dörän 8 burçly ýyldyz nesilbaşymyz Oguz hanyň baýdagyny bezäpdir, şeýle-de beýik soltanlar Togrul begiň, Çagry begiň we beýlekileriň Tugralarynda bolan. Iki galtaşýan  dörtburçlyk “dünýäniň tükeniksiz dilini we döreýiş dolulygyny” görkezýär. Gadymy dölwet nyşanlarynda geometriki çyzgylaryň şekilleriň bolmagy onuň uzak ösüşiniň barlygynyň subutnamasydyr. Olar ilki özüniň nyşan ähmiýetini ýitiripdirler. Bulary gadymy döwletleriň taryhyndan tapmak hem mümkin. Köpbasgançakly  köpburçlyk, 8 burç, romb ýa-da kwadrat şekilleri halyçylar köp ulanypdyrlar.

8 burçly ýýldyz – çarhy pelek türkmen halylarynyň, horjunlarynyň -  “sagdak, kejebe, maýda göl” – gölünde şekillendirilipdir. “Çarhy pelek” – bu şowlulyk belgisi – ol hemişe hereketde bolan ykbal çarhydyr. Bu belgide iki başlangyjyň – durmuşyň we ölümden soňky dowamadyň manysy jemlenen. Şol iki  düşünjäniň biri-biri bilen baglanyşykly gezekleşmesini aňladýar. Bu düşünje iki başlangyjyň gapma-garşylygyny aňlatmaýar. Olaryň bir-biriniň üstüni getirmegini, dyngysyz bir-birine geçişini aňladýar.

8 burç ýyldyz şumer möhürlerinde we dogalarynda duş gelýär. Ony gadymy Wawilonda, Assiriýada , Persiýada, Hytaýda we beýleki gündogar ýurtlaryň sungat eserlerinde görmek bolar. Ol biziň günlerimize amaly haşam sungatynyň üşti bilen ilkibaş görnüşinde gelip ýeten.

Bu şekiller şu günler binaçylyk gurluşygynyň söýgüli bezegidir.

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz