XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    1297 gezek okaldy

Döwletmämmet Balgyzyl

Döwletmämmet Balgyzyl Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynda dünýä inýär. Balgyzyl ýarym çarwa, ýarym daýhan maşgalasynda ösüp ýetişýär. Ol ezber sazanda, ökde bagşy bolupdyr.
Balgyzylyň Aky atly aýalyndan Nyýazmuhammet, Izmuhammet diýen ogullary dünýä inipdir.
Döwletmämmet Balgyzyl agyr durmuşda-da ruhubelentligini saklapdyr. Şahyr şygyrlarynda il-günüň, ýurduň başyna düşen agyr günlerde-de mertligini, şatlygyny, ruhubelentligini saklamaga özüne we başgalara nesihat edýär.

Däli göwnüm, melul bolma,
Şat eder men, göwnüm, seni.
Melul namardyň işidir,
Hoş edermen, göwnüm, seni.

Aýdyma öwrülen bu meşhur goşgy uzak ýyllardan bäri bagşylaryň dilinden düşmän gelýär.
Döwletmämmet Balgyzylyň goşgularynyň aglabasy söýgi mowzugyna bagyşlapdyr. Şahyryň Aýrylmady?, Bibiniň, Arzyhan, Döneýin ýaly ençeme goşgulary ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Olar bagşylaryň dilinde belent ýaňlanyp, şahyryň adynyň bütin türkmen topragyna ýaýramagyna sebäp bolýar.
Döwletmämmet Balgyzylyň eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligi, ajaýyp gylyk-häsiýetleri joşgunly wasp edilýär. Gelin-gyzlaryň edep-ekramy, ejaplylygy, myhmana edýän hyzmatlary, giňgöwrümliligi, belent adamkärçilik sypatlary çuňdan açylyp görkezilýär:

Myhman gelse, elli-ýüz diýip basylmaz,
Göwresi darygyp, köňli gyzylmaz.
Suprasy ýazylgy, yzy kesilmez,
Ezelden ykbaly baýdyr Bibiniň.

Bu setirlerde myhmanparazlyk, myhmany gaşyny çytman, güler ýüz bilen garşylaýan türkmen zenanlarynyň nurana keşbi çekilýär.
Döwletmämmet Balgyzyl öz zamanasynyň nogsanlyklaryny duýsa-da, käte göwnüçökgünlige sezewar bolsa-da, ildeşlerini durmuşyň eşretlerinden peýdalanmaga, ömri şadyýanlykda geçirmäge çagyrýar.
Döwletmämmediň eserlerinde dünýewilik äheňleri has güýçli. Harsydünýälik, nebse çapmaklyk onuň ýek ýigrenýän häsiýetleri. Döwletmämmet ömrüň gysgadygyny nygtamak bilen, şol gysga ömri bihuda geçirmezligi, meniňki diýer ýaly iş bitirmegi maksat edýär.

Diýer Döwletmämmet, däli
Azdyrar dünýäniň maly,
Dünýä bir kerwen mysaly,
Bilmedim, ne iş bitirdim.

Bu ýerde Döwletmämmet Balgyzylyň Magtymgulynyň däpleri dowam etdirendigini görmek kyn däl. Döwletmämmet Balgyzyl 1912-nji ýylda şol etrabyň Çaloýuk obasynda dünýäden ötýär.

Jora Allakow, Tirkiş Sadykow, Romanguly Mustakow
Edebiýat. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

(okyjylardan)

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz