XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    1434 gezek okaldy

Dyrdy Gylyç

Durdy Gylyç(1886-14.12.1950)

Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Görogly etrabynda dünýä inipdir. Durdy Gylyç alty ýaşyndan ýetim galyp, durmuşyň agyr hupbatlaryny başyndan geçiripdir. Munuň üstesine-de, iki ýaşynda mama keseli zerarly iki göreçden mahrum bolmagy geljekki şahyryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrypdyr.
Durdy Gylyç ýaşlykdan bagşylary, has hem dessançy bagşylary diňlär eken. Soň özi şolaryň hataryna goşulyp, il arasynda tanalyp başlapdyr. Aýdymdyr dessanlary oňat öwrenen Durdy Gylyç halkyň başy jem bolan toýdur meýlislerde, baýramdyr dabaralarda çeper sözüň ajaýyp nusgalaryna öwrülen aýdymdyr dessanlary aýdyp, köpçüligiň göwnünden turupdyr.
Durdy Gylyç 1915 — 1916-njy ýyllarda döredijilik işine başlapdyr. Ol “Çatma”, “Eşekli”, “Jykyr” ýaly goşgularynda öz döwrüniň zähmetkeş adamlarynyň durmuşyny dogruçyl görkezipdir. Belli bolşy ýaly, geçmişde çatma garyp-pukaralaryň ýaşaýyş jaýydy. Eşek ýönekeý zähmetkeş adamyň ulagydy. Durdy Gylyç garyp adamlaryň eşek münüp, ýola çykanlarynda gören görgülerini şeýle suratlandyrýar:

Bir ýere barýançaň agar süýegiň,
Bikär durmaz eliň bilen aýagyň,
Peýdasy ýok çiş bolmasa taýagyň,
Seňki-de bir şum owkatdyr eşekli.

XVIII asyr türkmen klassyk Nurmuhammet Andalyp “Jykyr” atly goşgusynda onuň sesini bilbile meňzeden bolsa, Durdy Gylyç jykyrdan irip, “Jykyr” atly şygrynda onuň adamyň başyna salýan hupbatlaryny suratlandyrýar.
Şahyr “Gözledi, ýarym gözledi”, “Gara gözli gelin”, “Perim”, “Döneýin”, “Gyz”, “Boz gelin” ýaly yşky-duýgy mowzukda hem goşgular döredipdir. Ol goşgularda gelin-gyzlaryň ruhy dünýälerini, daşky keşplerini, söýgi duýgularyny beýan edipdir.
Durdy Gylyç durmuşda bolan hadysalaryň esasynda türkmen gyzlaryň käbirleriniň uçran keç ykballaryny-da suratlandyrypdyr. Muny onuň “Tumarly”, “Ömri ýanan zaýa gelin” ýaly goşgulary kemsiz tassyklaýar.
Durdy Gylyç durmuşyň dürli taraplaryny wasp edýän goşgularynda özüniň zehinli şahyrdygyny görkezýär. Ol “Bolar” atly goşgusynda ýalta, gybatkeş, ýaňra aýallary gülküniň ody bilen daglaýar.
Durdy Gylyç dostluk gatnaşyklaryna-da uly sarpa goýupdyr. Ol Köşüdäki Molladurdy şahyr bilen, Hally bagşy bilen dostluk gatnaşyklaryny saklapdyr. Durdy Gylyç Ahalda bolanda Hally bagşy bilen bu ýerleriň toýlaryna gatnaşýar. Ol ahallylaryň myhmanparazlyklaryny, adamkärçiliklerini taryplap “Tekenama” atly poemasyny-da döredipdir.
Durdy Gylyç XX asyryň başlarynda döreden goşgulary durmuşylygy bilen uly täsir galdyrýar.
Durdy Gylyç edebiýat meýdanyna öwürlişikden öň gelen şahyr. Ol otuzynjy ýyllarda “Göwnüm”, “Agzybirlik”, “Çagdyr”, “Halkym”, “Moskwa” ýaly goşgularyny döredýär. Durdy Gylyjyň “Agzybirlik” atly goşgusy çeperçiligi bilen ýatda galýar. Şahyr goşguda halklaryň agzybirliginden, doganlyk-dostlugyndan söz açýar. Şeýle hem ol öwürlişigiň ilkinji ýyllarynda “Garyplar”, “Baýlar”, “Zalymlar” ýaly goşgularyny adamlara synpy alamatlary boýunça baha berýär.

Durdy Gylyç “Biziň Türkmenistanda” goşgusynda ýurdumyzyň baýlyklaryndan, ilkinji nobatda bolsa, onuň zähmetsöýer ajaýyp adamlaryndan söz açýar. Bu goşgy şahyryň mekdepde bilim almandygyna, batyldygyna garamazdan, diňe bir durmuşy, adam häsiýetlerini däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli tebigy baýlyklaryny-da örän gowy bilýändigini tassyklaýar.

Jora Allakow, Tirkiş Sadykow, Romanguly Mustakow
Edebiýat. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

(okyjylardan)

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz