Syýasat    Teswir ýok    1929 gezek okaldy

Federasiýa

Döwlet gurluşynyň bir görnüşidir. Federasiýanyň (latynça soýuz, birleşik) aýratynlygy onuň belli bir derejede özbaşdaklykdan peýdalanýan respublikalardan, ştatlardan durmagydyr. Federasiýanyň bölekleriniň öz kanun çykaryjy edaralary, hökümetleri, konstitusiýalary we başga alamatlary bolýar. Salgyt meselesinde, içki meseleleri we başga käbir meselelerde federasiýanyň böleklerine köp hukuklar berilýär. Federasiýany bitewi sosial ykdysady meýdan, bitewi pul ulgamy, federal raýatlyk, federal konstitusiýa, federal häkimiýetiň we dolandyryşyň edaralary birleşdirýär. Ỷöne federasiýanyň subýektleriniň (respublikanyň, ştatlaryň) raýatlygy bardyr. Federasiýa bilen onuň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyk federal konstitusiýa we federal kanunlar tarpyndan kadalaşdyrylýar. ABŞ, GFR,   Russiýa we ş.m. döwletlerde federatiw döwlet gurluşy bar.

Çeşme: P. Aýdogdyýew, B. Begseýidow, G. Geldiýewa, I. Halmyradow, G. Hanow. “Syýasaty öwreniş”. Aşgabat, 2010.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz