Döwletler    Teswir ýok    1661 gezek okaldy

Gazagystan Respublikasy

Türki döwletleriň arasynda eýeleýän topraklary taýdan iň ulysy bolan Gazagystanyň tutýan meýdany 2 717 300 inedördül kilometr bolup, Russiýa Federasiýasy, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Hytaý bilen serhetleşýändir. Şeýle-de Azerbeýjan we Eýran bilen Hazar deňzi arkaly goňşydyr. Russiýa Federasiýasy we Hytaý Halk Respublikasyndan soňra tutýan meýdany boýunça Gazagystan Aziýadaky üçünji döwletdir. Gyzylgum çöli Gazagystan we Özbegistanyň sebitindedir. Gazagystanyň esasy derýalary Syrderýa we Irtyşdyr. Bu döwletde ýerleşýän Balhaş köli 17 400 km²-lik tutýan meýdany bilen Aziýanyň dördünji kölüdir. Balhaş kölüniň iň çuň ýeri 26 metr bolup, gündogar tarapy duzly, günbatar tarapy bolsa az duzly-süýji suwlydyr. Aral köli Gazagystan bilen Özbegistanyň serhetlerinde ýerleşýändir. Gazagystanýn esasy şäherleri: Almaty, Çimkent, Karaganda, Saýram, Kyzylorda, Semeý, Türkistan we Öskemen. 1997-nji ýýla çenli paýtagty Almaty (Alma-Ata). Häzirki wagtda paýtagty Astanadyr (öňki ady Akmola).
2010-njy ýylyň maglumatlaryna görä Gazagystanyň ilatynyň sany 16 196 800-dir. Ilatyň 62 %-i gazaklar, 24 % ruslar, 3 % Özbekler, 2 % ukrainalylar, 1,5 % tatarlar, 1 % nemesler we beýlekilerden ybaratdyr..
Gazagystanyň dolandyryş ulgamy iki esasy şäher we on dört welaýatdan ybaratdyr:

№ Sebitiň ady Merkezi Tutýan meýdany
1 Astana 710,2 km²
2 Almaty 324 km²
3 Almaty welaýaty Taldykorgan 224 000 km²
4 Gündogar-Gazagystan welaýaty Ust-Kamenogorsk 283 300 km²
5 Karaganda welaýaty Karaganda 428 000 km²
6 Jambyl welaýaty Taraz 144 000 км²
7 Günorta-Gazagystan welaýaty Çimkent 118 600 km²
8 Kyzylorda welaýaty Kyzylorda 226 000 km²
9 Aktübe welaýaty Aktübe 300 600 km²
10 Kostanaý welaýaty Kostana 196 000 km²
11 Demirgazyk-Gazagystan welaýaty Petropawlowsk 123 200 km²
12 Akmolla welaýaty Kokşetau 121 400 km²
13 Pawlodar welaýaty Pawlodar 124 800 km²
14 Günabatar-Gazagsystan welaýaty Uralsk 151 300 km²
15 Atyrau welaýaty Atyrau 118 600 km²
16 Mangistau welaýaty Aktau 165 600 km²

Garaşsyz Gazagystanyň içeri syýasaty
Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde Gazagystan 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda garaşsyzlygyny gazandy. Döwletiň ilkinji we häzirki wagtdaky Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazazarbaýewdir.
Gazagystan garaşsylygyny alanyndan soňra Gurýew oblastynyň ady Atyrau oblastyna, Gurýewiň ady Atyrau, Kokçetaw oblastynyň ady Kokşetau, Çimkeniň ady Şymkent, Selinogradyň ady Akmola diýlip üýtgedildi.
1992-nji ýylyň 3-nji martynda Gazagystan Birleşen Milletler Guramasyna agza hökmünde kabul edildi.
1993-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Gazagystanyň Konstitusiýasy kabul edildi.
1993-nji ýýlyň 15-nji noýabrynda milli pul birligi “tenge” dolanyşyga girizildi.
1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda Gazagystanyň täze Konstitusiýasy referandum bilen kabul edildi.
1996-njy ýylyň 3-nji aprelinden başlap Gazagystanyň gazak raýatlary öz familiyalaryny we atalarynyň atlaryny taryhy milli adatlara görä üýtgetmäge hukuk gazandylar.
1997-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Gazagystanyň Prezidentiniň permany bilen Astana şäheri (1998-nji ýylyň 6-njy maýyna çenli Akmola) Gazagystnyň paýtagty diýlip yglan edildi.
1999-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Nursultan Nazaraýew gazak halkynyň 79,78 %-niň goldawy bilen ýedi ýyllyk möhlet bilen Gazagsystanyň Prezidentligine saýlandy.
1999-njy ýylyň 4-nji martynda Gazagystanda ilkinji milli ilat ýazuwy geçirildi.
2005-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Nursultan Nazaraýew gazak halkynyň 91,15 %-niň goldawy bilen ýedi ýyllyk möhlet bilen Gazagystanyň Prezidentligine saýlandy. Bu saýlawda ilkiji gezek elektron ses bermeklik ulgamy ulanyldy.
2008-nji ýylyň 18-nji iýulynda täze döwlet baýramçylygy yglan edildi: Paýtagt güni.
Gazagystanyň döwlet baýramçylyklary:
1-2-nji ýanwar – Täze ýyl
7-nji ýanwar – Roždestwo
8-nji mart – Halkara aýal-gyzlar güni
22-nji mart – Nowruz
1-nji maý – Gazagystanyň halkynyň raýdaşlyk güni
7-nji maý – Watan goragçylarynyň güni
9-njy maý – Ýeňiş güni
6-njy iýul – Prezident N. A. Nzarbaýewiň we paýtagtyň doglan güni
30-njy awgust – Konstitusiýa güni
25-nji oktýabr – Respubliakynyň güni
16-njy dekabr – Garaşsyzlyk güni
Garaşsyz Gazagystanyň daşary syýasaty
Gazagystanda garaşsyzlygyny alanyndan soňra 2010-njy ýyla çenli 7 hükümet üýtgedi, ýöne döwletiň baştutany ilkinji günden bäri Nursultan Nazarbaýewdir. Russiýa, Hytaý ýaly dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen goňşy bolan Gazagystan daşary syýasatda aktiw rol alýar.
Sowet Soýuzynyň ýykylmagy bilen halkara arenasynda Gazagystanyň ilkinji duş gelen meselesi atom ýaraglarydyr. SSSR dargandan soňra garaşylmagyk ýagdaýda Gazagystanda köp sanly atom ýaraglary galdy. Emma SSSR-den galan bu ýaraglary ulanmak üçin şol günlerde Alma-Atanyň tehniki mümkinçiligi ýokdy. Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew atom ýaraglaryna düýbünden garşy çykdy. 1995-nji ýylyň aprel aýynda özündäki atom ýaraglarynyň ählisini Russiýa äkitdi, galanlary bolsa ýok edildi.
Gazagystan garaşsyzlygyny yglan edeninden soňra 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Alma-Atada öňki SSSR-iň 11 respublikasy bilen GDA-nyň maksatlaray we prinsipleri baradaky Ylalaşyga gol çekdi.
1998-nji ýylyň 5-nji iýulynda Astanada Gazagystan bilen Russiýanyň arasynda hemişelik dostluk şertnamasyna gol çekildi. Şeýle-de Baýkonur älem merkeziniň ulanylyşy bilen baglanyşykly şertnama gol çekildi.
2010-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda bolsa Astanada bäş döwletiň (Belowrussiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiya we Täjigistan) baştutanlarynyň arasynda Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny gurmak baradaky Ylalaşyga gol çekildi.
1994-nji ýylyň 26-njy aprelinde Alma-Atada Gazagystan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda döwlet serhetleri barada ylalaşyga gol çekildi. Bu döwletleriň taryhynda serhetler babatynda ilkinji gezek iki tarap üçin hem bähbitli netije gazanyldy. Çünki Hytaý ýyllardan bäri SSSR, Ýaponiýa, Wýetnam we Hindistan bilen toprak meselesinde oňuşmazlyk ýaşaýardy.
1996-njy ýylyň 26-njy aprelinde Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistanyň gatnaşmagynda Şanhaýda döwlet serhetlerinde harby taýdan ynanyşmaklyk barada ylalaşyga gol çekildi. Bu bäş döwlet birnäçe gezek duşuşandan soňra Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düýbi tutuldy.
Gazagystanyň ykdysadyýeti
Gazagystan özüniň garaşsyzlygyny almagy bilen ykdysady ösüşe badalga berildi. Bu döwletde nebitiň, uranyň, demiriň, altynyň we gurşunyň baý känleri bardyr. Mineral we çig mal ojaklary babatda dünýäniň öňde baryjy döwletleriniň hataryndadyr.
Gazagystan uran, hrom, gurşun we sink ojaklarynyň baýlygy boýunça dünýäde ikinji, mis baýlygy boýunça bolsa dünýäde bäşinji orundadyr. Şeýle hem kömür, demir we altyn ojaklarynyň baýlygy boýunça Gazagystan dünýäde ilkinji on döwletiň hataryndadyr. Tebigy gaz, nebit we alüminýum känleri babatynda bolsa dünýäniň ilkinji ýigrimi döwletiniň arasynda ýer alýar. 1996-njy ýýlda Gazagystanda dünýäniň iň baý üçünji altyn ojagy tapyldy. Bütin dünýädäki hromyň 26%-i, altynyň 20%-i we uranyň 17%-i Gazagystandadyr.
Gazagystan esasy girdejisini nebitiň we nebit önümleriniň eksportyndan gazanýar. Gazagsytanda esasy nebit ojaklary: Kaşagan, Tengiz, Uzen, Karaşyganak we beýlekiler.
Gazagystan Sowetler döwründe “bugdaý ammary” diýlip atlanydyrylýardy. Häzirki wagtda hem Gazagystan bugdaý ununy düňýä bazaryna çykarýan öňdebaryjy döwletleriň hataryndadyr. Şeýle hem maldarçylyk, esasanam goýundarçylyk, sygyr, gulan, düýe we atçylyk bilen meşgul bolunýär.
Gazagystanyň pul birligi tengedir.

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz