Biologiýa    Teswir ýok    1612 gezek okaldy

Gialuron kislotasy

Turşy mukopolisaharid. Ol a-glýukuronid-N-asetilglýukozaminiň gaýtalanýan birliginden ybaratdyr. Gialuron kislotasy nyň molekulýar massasy onuň alnyş usulyna bagly bolup, ol 200 000—500 000 we köpräk bolup biler. Ol suwda islendik mukdarda ereýär, spirtde, asetonda, efirlerde we başga organiki eredijilerde eremeýär. Dürli beloklar bilen birleşip, çylşyrymly kompleksleri emele getirýär. Gialuron kislotasy haýwan we adam teniniň dokumalarynyň. öýjügara maddasynyň iň möhüm bölegidir. Onuň suw ergininiň dykyz studen (mylkyk) bolmagyna görä, ol dokumalaryň aýry-aýry elementlerini, öýjükleri bir-birleri bilen tutluşdyrýar. Gialuron kislotasy, esasan, deride, göz bäbeneginiň içindäki dury suwuklykda, göbek bagynda, ýeýkede (saçuzynda), haýwanlaryň bogun nemlerinde, mikroblaryň daşyndaky gabyklarynda bolýar. Gialuron kislotasy kesel dörediji mikroorganizmleriň haýwan dokumalarynyň içine düşmegine päsgel berýär. Ol öýjükleriň ýaşamagy üçin gerek birleşmeleriň olara kadaly baryp durmagyny üpjün edýär, organizmdäki suw we ion çalşygyna gatnaşýar. Gialuron kislotasynyň gialuronidaza fermenti kesel dörediji bakteriýalaryň bardasynda, spermada, ýylanyň, bal arynyň, möýüň zäherinde, sülükleriň sülekeýinde bolýar. Spermalaryň gialuronidazasy ýumurtga öýjüginiň follikulýar gatlagyny eredip, onuň tohumlanmagyna amatly şertler döredýär.

 

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 2, sah. 281

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz