Himiýa    Teswir ýok    1435 gezek okaldy

Glioksal

(Eng. – glyoxal, Rus. – глиоксаль)

Iň sada dialdegid OHC—CHO. Onuň kristal we suwuk halyndakysy — sary, gaz halyndakysy — ýaşyl reňkde bolýar. Glioksalyň ereme nokady 15°C, gaýnama nokady 50.4°C, dykyzlygy 1,4 g/sm3 (20°C). Döwülme görkezijisi nD20.51,3826. Glioksal etilen-glikoly HOCH2—CH2OH mis katalizatorynyň kömegi arkaly degidrogenizasiýalaşdyrmak ýa-da oleumyň tetrahloretana Cl2CH—CHCl2 täsir etmeginden emele gelýän glioksalsulfaty gidrolizlemek bilen alynýar:

 

Glioksal suwda, spirtde we efirde oňat ereýär, saklananda,
ylaýta-da suwuň ujypsyz mukdary bolanda, aňsat polimerizasiýalaşýar. Glioksal aşgaryň gatnaşmagyna içki
molekulýar Kannissaro reaksiýasyna girip, glikol kislotasyny, ammiak bilen imidazol, aromatik o-diaminler bilen bolsa piraziniň önümlerini berýär. Glioksal we glioksalsulfat käbir boýaglary (mes., nil) we ş. m. öndürmekde peýdalanylýar.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 2, sah.312

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz