Biologiýa    Teswir ýok    1761 gezek okaldy

Gözleriň guraklyk sindromy

Tehnologiki ösüşiň çaltlaşmagy bilen häzirki wagtda gözleriň köp sanly keselleri ýaýbaňlaşýar. Daşky gurşawyň täsiri, kondisioneriň ýa-da wentilýatoryň ýanynda bolmak, kompýuteriň öňünde ýa-da kitabyň başynda arakesmesiz oturmak, ýaş mäzleriň işinde bozulmalary ýüze çykarýar. Hasabaty gyssagly tabşyrmaly, bir günüň dowamynda ýüzlerçe sahypa okamaly, çeni-çaky bolmadyk sanlary seljermeli we degişli grafikleri düzmeli bolanda, işiň gyzgynlygy bilen hat-da gözüň gyrpylmagy ýatdan çykýar. 

Ýaş mäzleri nähili işleýär, ýaşlar näme funksiýany ýerine ýetirýär?

Öňki wagtlar gurak gözleriň sindromy ýaş üýtgemeler sebäpli, 50 ýaşdan soň ýüze çykýar hasaplanýardy. Häzirki döwürde kesel öňe adim etmek bilen, ýaşlarda hem köp gabat gelýär. Ýaş bölünip çykmagynyň disfunksiýasy mäzleriň bölüp çykarýan suwuklygynyň gerekli bolan möçberinden az bolmagy bilen häsiýetlenýär. Gözler gyrpylanda gorag işini ýerine ýetirýän gerekli bolan nem bilen göz ýuka gat örtülýär. Ýaş gatlagy nem, suw we ýag böleklerden durýar. Nem bölegi gözüň gabyklarynyň emaý bilen açylyp-ýapylmasyny, suw gatlagynyň göz almasyna deň ýaýramasyny üpjün edýär. Ýag gatlagy nemiň bugarmagynyň öňüni almak üçin zerurdyr, şeýle-de, ol göze zeper ýetirip biljek tozandan we maýda bölejiklerden goraýar. Ýaş ýokarky gabygyň üstünde ýerleşen (suw gatlagy), gabaklarda we konýuktiwada ýerleşen (ýag we nem gatlagy) mäzler tarapyndan bölüp çykarylýar. Göz gyrpylanda suwuklyk deň derejede göze ýaýraýar, artykmaç suwuklyk gözüň içki burçuna toplanýar. Ýaş gözüň kadaly işi üçin zerurdyr, käbir emosional ýagdaýlarda, agyryda reflektor bölünip çykýar. 

Gözleriň guraklyk sindromy: alamatlary we sebäpleri 

Gözde artykmaç guraklygy:

Kondisioneriň ýa-da wentilýatoryň ýanynda köp wagtlap bolmak, kompýuteriň başynda oturmak (esasan ýyladyş möwsümi bilen häsiýetlenýän otagyň howasynyň gurak bolmagynda);

Gözleri gyrpmagyň ýygylygynyň bozulmagy;

Ýaş bölünmek işine täsir edýän derman serişdelerini (damar giňeldiji, antigistamin, antidepressant häsiýetli) kabul etmek;

Göz perdesiniň üstki gatlagynyň deformasiýasy; 

Geçirilen konýuktiwit;

Ýaş mäzleriniň tozan ýa-da makiýažyň bölejikleri bilen dykylmagy;

Autoimmun keselleri (meselem Şegreniň sindromy);

Kontakt linzalaryň ulanylmagy;

Gormonal bozulmalarklimaks.

ýaly sebäpler bilen şertlendirilip biler.

Kesel möwjeýän döwründe gözde oňaýsyzlyk duýulýar, ýygy-ýygydan gözleri gyrpmaly bolýar, oňa garamazdan, ol kömek etmeýär. Gijeme, awama, gözleriň öňünde örtük bar ýaly alamatlar peýda bolýar. Göze bir zat düşen ýaly, daş töweregi aýdyň görmäge päsgel berýän ýaly bolýar. Ýagtylykda ýiti agyrylar duýulýar.

 

Anyklaýyş we bejeriş usullary 

Eger gözde oňaýsyzlyk dowamly ýüze çykyp biynjalyk edýän bolsa, hökmany suratda oftalmolog lukmana ýüz tutmaly. Oftalmolo anyk kesel kesgidini goýmak üçin yş lampasy bilen biomikroskipiýa barlagyny geçirýär Soňundan ýaş gatlagyna baha bermek üçin Şirmeriň we Nornyň barlagy bellenilýär. Bejergi üçin damja görnüşinde emeli göz ýaşyny, çyglandyryjy göz damjalaryny ulanmak bolýar. Çyglandyryjy göz damjalaryndan hilokomod, hilogel, hilokea ýaly görnüşlerini maslahat berip bolar. Bu damjalaryň ählisi gözleriň guraklygynyň oňaýsyz täsirlerini aýyrmak, gözleri çyglandyrmak, zeperlenmeleriň çalt bitmegine ýardam etmek üçin niýetlenendir. Hilokomod-gözlerde awunma, guraklyk, del jisim düşen ýaly duýguda, gözleriň ýadawlygynda ulanylýar. Hilogel-dowamly gözlerde awunma, guraklyk, del jisim düşen ýaly duýguda, gözleriň ýadawlygynda ulanylýar. Hilokea-gözleri çyglandyrmak, we gözleriň dürli zeperlenmelerinde çalt bitmegini üpjün etmek üçin ulanylýar.

Eger kesel ötüşen bolsa, antibiotikleriň ulanylmagy ýerlikli bolar. Aýratyn ýagdaýlarda hirurgiki amal: ýaş kanallarynyň polimer obturasiýasy geçirilýär.  

Şeýle-de, ýaşyň bölünip çykmagyny artdyrýan damjalary maslahat berilýär. 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz