XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    3259 gezek okaldy

Gurbandurdy Gurbansähedow

(1919 – 1992)

ÖMRI

Şahyr, prozaçy hem-de dramaturg G. Gurbansähedow Sakarçäge etrabynyň  Garaýap obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar.  Ol ilki oba mekdebinde okaýar, 1937-nji ýylda Daşkentdäki türkmen pedtehnikumyny, 1941-nji ýylda bolsa Aşgabatdaky Türkmen döwlet pedagogik  institutynyň  filologiýa fakultetini  gutarýar. Şondan soň hem onuň medeni  ulgamyndaky dürli edaralarynda dowam eden döredijilikli işi başlanýar. 1941-1942-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri, 1942-1944-nji ýyllar aralygynda Daşoguzdaky Mugallymçylyk gazetiniň jogapkär kätibi bolup işleýär. Özüni turuwbaşdan gowy edebiýatçy hem-de ökde žurnalist hökmünde tanadyp başlan G. Gurbansähedow 1944-1945-nji ýyllarda Moskwada Merkezi gazetler kursunda okaýar.

Işde ýeterlik tejribe toplan G. Gurbansähedw jogapkärli wezipelere bellenýär. Hyjuwly ýaş ýigit wagyz nesihat etmek bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işleýärkä metbugat işine çekilýär. Ol “Ýaş kommunist” (1946-1948), “Sowet Türkmenistany” (1948-1950) gazetleriniň jogapkär redaktory bolup işleýär.

G. Gurbansähedow 1950-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar toparynyň başlyklygyna saýlanýar, oňa 1955-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk edýär. Edebi-guramaçylyk işinde tejribe toplan ýazyjy şondan bäri edebi döredijilik meýdanynda zähmet çekýär. G. Gurbansähedowyň liriki şygyrlarynyň, edebiýatymyzda mähek orun alan proza eseriniň içinde körpe nesle niýetlenilip döredilenleri hem bar. Ýazyjynyň çagalaryň göwnünden turan “Akmak patyşa” atly eseri rus diline hem terjime edilip, millionlap  ýaýradyldy.

G. Gurbansähedow rus ýazyjylarynyň, doganlyk halklarynyň we daşary ýurt edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini türkmen diline terjime etmekde hem ep-esli iş bitirdi. A. Puşkiniň, I. Frankonyň, M. Lermontowyň, Samat Burgunyň, Saýat Howanyň, Wagyfyň, Hamzanyň we beýlekileriň ençeme eserleri bilen türkmen okyjysy onuň tagallasy arkaly tanyşdy.

Ýazyjynyň Watan öňünde bitiren hyzmatlary “Hormat nyşany” ordenleri, “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe edermeniçilikli zähmeti üçin” diýen medal we gaýry sylaglar bilen bellenildi.

Ýazyjy 1992-nji ýylda aradan çykýar.

DÖREDIJILIGI

G. Gurbansähedow hem edebiýata ilki şahyr hökmünde gelip girdi. Ol ilkinji goşgusyny 1939-njy ýylda, pedinstitutda okap ýörkä ýazypdy. Şahyryň döredijiliginiň başlangyç ýyllary Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllaryna gabat gelipdi. Şahyryň uruş ýyllarynda ýazan watançylyk goşgulary 1947-nji ýylda “Soldat gaýdyp geldi” ady bilen aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Bu kitapda ýeňiş bilen gaýdyp gelen gahryman türkmen esgeriniň uruş ýyllarynda geçen şanly ýoly wasp edilýär.

Türkmenistanyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň taýsyz gahrymançylygyna bagyşlanyp, 1943-nji ýylda ýazylan “Ot içinde dörän gahryman” diýen belli balladany hem şu ýygyndy öz içine alýar. Aýny wagtynda uly joşgun bilen ýazylan bu ballada indi edebiýat hrestomatiýalarynyň sahypasyny bezeýär. Şahyryň meşhur “Ene” goşgusy hem şol ýygyndyda çap edilipdi.

Gurbansähedowyň ikinji goşgular ýygyndysy “Baglaryň täji” ady bilen 1962-nji ýylda neşir edilýär.

Proza eserleri G. Gurbansähedowyň döredijiliginde esasy orun tutýar. Ýazyjynyň “Suraý” (1955), “Ýürek daş däl” (1965), “Söýseň” (1969) diýen powestler hem-de hekaýalar ýygyndylary yzly-yzyna peýda bolýar.

Gurbansähedow örän döwrebap prozaçy. Ýazyjy şu günki  günüň wakasyna seslenmegi halaýar. Şu jähtden onuň käbir hekaýalarynyň çeper  oçerke çalym edýändigini-de belläp geçmek gerek. Hatda ýazyjynyň belli “Toýly Mergen” romany hem gözbaşyny  “Galkynmak” diýen oçerkden alyp gaýdypdy.

Döwrebaplyk “Gar” (1952), “Mirabyň düýşi” (1954),  “Sergezdan” (1954), “Şahyryň edermenligi” (1955), “Meniň kimdigimi bilýärmiň?”(1963), “Telefon jyňňyrdysy” (1964) ýaly hekaýalaryň ählisinde duýlup dur.

Adamkärçilik, adam mertebesini belent tutmak pikiri Gurbandurdy Gurbansähedowyň nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulydyr Keminäniň durmuşyndan söz açýan “Çakylyk” (1961) hem-de “Kyrk teňňe” (1961) atly eserlerinde hem esasy orun eýeleýär.

Gurbansähedow 60-njy ýyllarda kino sungaty bilen gyzygyp, kinosenariler hem ýazyp başlady. G. Gurbansähedowyň gatnaşmagynda “Aýratyn tabşyryk”, “Şahyryň edermenligi”, “Gämiçiniň jany bir”, “Çöl” diýen çeper filmler döredildi.

Ol soňky ýyllarda dramaturgiýa žanryna hem aralaşyp gitdi. Onuň dramalary Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryň, Marynyň Kemine adyndaky teatrynyň hem-de Türkmen döwlet Ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär. Ýazyjynyň “Azaşan ýigit” (1964), “Hang” (1966), “Jennet” (1966), “Düzüň tagamy” (1967), “Dökülmedik gan” (1968), “Tawus” (1975), “Meňli” (1980) atly pýesalary indi wagtyň synagyndan geçip ýör.

Poeziýada, prozanyň dürli janrlarynda, şeýle hem dramaturgiýada toplanan döredijilik tejribesi G. Gurbansähedowy giň göwrümli eseriň – roman janrynyň bir çetinden getirdi. “Sowet edebiýaty” žurnaly 1970-nji ýyllardaky sanlarynda okyjylar köpçüligini ýazyjynyň “Toýly Mergen” romany bilen begendirdi.

G. Gurbansähedowyň iň gowy eserleri rus diline, doganlyk halklarynyň beýleki dillerine terjime edilip, öwran-öwran neşir edildi hem-de neşir edilýär. Moskwanyň “Çeper edebiýatlar” neşirýaty 1978-nji ýylda ýazyjynyň “Toýly Mergen” romanyny hem öz içine alýan ullakan birtomlugyny kaşaň bezäp, neşir etdi.

Çeşme: Türkmen edebiýatynyň taryhy. V tom, I kitap, Red. K.Jumaýew, E.Işangulyýew.-A.: Ylym,1980

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz