Başga    Teswir ýok    2581 gezek okaldy

Halkara Zenanlar güni

Ykdysady, sosial we sysaýy deň hukuklyk ugrundaky göreşde aýallaryň halkara raýdaşlyk güni.

Bu baýramçylygyň başlangyjy 1857-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde dokma paýdarlar jemgyýetinde işleýän aýallaryň zähmet hakynyň pesligi we iş şertleriniň oňaýsyz bolany üçin gozgalaň turuzmalaryndan öz gözbaşyny alýar. Olar iş wagtlarynyň 16 sagatdan 10 sagada çenli azaltmagyny, iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny talap edipdirler.

Halkara Zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda Russiýada geçirilýär. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.

1912-nji ýylda aýallaryň gününi 12-nji maýda belläpdirler. 1914-nji ýyldan soň bu baýramçylyk 8-nji martda bellenilip başlandy.

(Bellik: Käbir ýerleri Wikipedia-dan alnyp terjime edildi)

Çeşmeler:

1. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 9, sah. 324

2. “Wikipedia” Erkin ensiklopediýasy

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz