Bagşylar    Teswir ýok    964 gezek okaldy

Hally Bagşy

 (1859-1943)

Türkmen özüňi ilki ulus-ile tanatmasaň, il içinde öz sungatyň bilen giňden tanalmasaň, adyň yzyna bagşy sözüni aňsatlykda tirkäýmez. Hally bagşy şol çyn bagşy diýilýänlerden. Ol iki asyryň hem şaýady bolup, ondokuzynjy hem ýigriminji asyra aýdym aýdyp beren bagşydyr.

Hally bagşy 1959-njy ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Köşi obasynda eneden bolýar. Ol öz ýaşan zamanasynyň Mätäji şahyr, Durdy bagşy ýaly meşhur adamlary bilen bile tirkeşip gezipdir. Olary özüniň ussady, halypasy saýyp gezipdir.

Hally bagşy Ahal welaýatynyň ady belli bagşy-sazandalary Alyseýit, Sary bagşy, Kel bagşy, Kepele bagşy dagy bilenem tanyşyp, toý-meýlisleri aýdym-saz bilen sowupdyr. Ol obadaş şahyry Mätäji bilen has ýygy aragatnaşyk saklapdyr. Ony özüniň deň-duşy saýypdyr. Hemişe diýen ýaly ol Mätäji şahyryň ýanynda bolupdyr. Şahyryň joşup ýazan goşgudyr gazallaryny Hally bagşy saza salyp, aýdym edip aýdypdyr. Ol aýdymlary uly toýlara sowgat edipdir. Bagşy bilen şahyryň arasyndaky gowy gatnaşyk täze-täze aýdymlaryň dünýä inmegine sebäp bolupdyr.

Hally bagşy ilki-ilkiler Mätäjiniň goşgularyny gadymdan bäri çalnyp gelinýän heňlere goşup aýdan bolsa, soň-soňlar onuň döredijiliginiň örüsi giňäp, özbaşyna özboluşly heňlere salyp, täze-täze aýdymlary dünýä inderipdir. Şeýlelik bile «Dilberler», «Amman-ammanlar», «Elden giderler» döräpdir. Gözelleriň gulaç-gulaç gara saçlary saz bilen, aýdym bilen taryp edilipdir.

Hally bagşy özüniň bagşyçylyk sungatyny hemişe halkyna bagyş edip gezipdir. Ol ýyllaryň dowamynda köpleriň halypasy hökmünde tanalypdyr. Türkmenistanyň Halk bagşysy Sahy Jepbar dagy ýaly ussat bagşylary ýetişdiripdir. Özüniň ömrüne hemra bolan aýdym-saza ýugrulan bagşyçylyk sungatyny şägirtlerine öwredipdir.

Hally bagşy otuzynjy ýyllaryň, başlaryndan başlap, Türkmen döwlet filarmoniýasynyň, radiosynyň bagşy-sazandalary bilen goşluşýar. Meşhur Sary bagşy, Nazar baga, Oraz salyr, Garly bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Nursähet Halsähet, Magtymguly Garly, Nobat bagşy ýaly ussatlar bilen özüniň bagşyçylyk sungatyny utgaşdyrýar.

Ol köpleriň halypasy hökmünde güneşli ülkämiziň hemme ýerinde tanalypdyr. Meşhur Hally bagşyny Aşgabat sebitiniň Oraz Sopy, Orazberdi Gurbanmyrat dagy ýaly bagşy — sazandalaram özleriniň halypasy saýypdyrlar.

Hally bagşynyň degişgen, şadyýan hem örän ýatkeş adam bolandygyny onuň obadaşy, edebiýatçy alym, şahyr Aman Kekil öwran-öwran ýatlardy. Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri meşhur bagşynyň dilinden Mätäji şahyryň ençeme goşgusyny, şeýle hem ýene ençeme awtoryň döredijiligine degişli bolan maglumatlary ýazyp alýarlar.

Hally bagşynyň aýdan aýdymlary 1939-njy ýylda onuň garran çaglarynda ýazylyp alynýar. Meşhur bagşynyň şol ýazylyp alnan «Kör ata», «Söýeg batyr», «Dagarman», «Zülpüň seniň», «Teşnit», «Amman-amman» ýaly aýdymlary radio arkaly ulus-ilimize wagtal-wagtal eşitdirip durulýar. Meşhur Hally bagşy türkmeniň bagşyçylyk sungatynyň taryhynda öçmejek uly yz galdyrdy. Ol 1943-nji ýylda aradan çykdy.

Hally bagşynyň nebereleri Aşgabat etrabynyň Köşi obasynda ýaşap ýörler.

Çeşme: Akmuhammet Aşyr, “Kyrklar”, 1993

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz