Goşgular    Teswir ýok    2324 gezek okaldy

“Halypam bolsady” (ulanyjylardan)

Durmuşda her bir adama, aýratyn zehin berilýär. Meniň özümem ýaşlygymdan surat çekmegi halaýardym, ýöne surat cekmek däl-de, maňa başga-da bir zat berilen bolsa nädäýjek, meselem şahyrçylyk, dogry bu aňsada zat däl… Ýöne soňky wagt meniň ýazýan goşgularymyň aglaba bölegi köp adamlary haýrana goýýardy, meniň ýazan we ýazýan goşgularymyň ählisi diýen ýaly gysgaça many-mazmundady… Köp adamlar sende aýratyn üýtgeşik zehiniň bar diýýärdiler… Ýöne her bir işde mana halypa gerekdi. Sebäbi özümiň käbir ýerinde goýberen ýalňyşlyklarymy… Köp sanly adamlaryň okamagy netijesinde düzülýärdi… Elbetde häzirki wagtda ýaş şahyrlar diýseň köp… Ýöne maňa baha bermeklerine görä… Meniň ýazýan goşgularym äheňi ýa-da stili Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Gurbannepesowyňka çalymdaşdy… Ýöne meniň özüm Pyragy ýaly şahyr bolasym gelýärdi…

Adam ogly kä mahal däl, hemişe-de ýalňyşýar
Ýalňyşmazlygy üçin öňden görüp bilsedi
Sözläniňde sözleriňe käte sögünç garyşýan
Agzyňa elek tutup bilyän adam bolsady!

Menem ýazýan kä mahal däl, hemişe-de manysyz
Kä ýerinde otursyz, kä ýerinde nokatsyz
Şygyrlarymy okap diýmäň ýöne sowatsyz
Ýalnyňym düzetmäne ussat Mollum bolsady.

Belki-de bardyram mende-de zehin
Sebäbi şygyrlarmyň entek ýok jemi
Bolardy ýalňyşlarmyň bir eýýäm çeni
Pyragy ýaly dana meň HALYPAM BOLSADY.

Awtory: Döwran Gazakow

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz