XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    4399 gezek okaldy

Hydyr Derýaýew

(1905 – 1988)

Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy (1967) Hydyr Derýaýewiň galamynyň astyndan çykan eserleriň sany ep-esli bar. Olaryň esasylary “Arzuw” (1928), “Ökünçmi, maslahat?” (1929) atly liriki poemalardan, “Mähri”, “Hojanepes” pýesalardyr “Ykbal”, “Harasat”, “Mukaddes ojak”  atly romanlardan ybarat. Bularyň üstüne ýazyjynyň döwürleýin metbugatda çap edilen birlän-ikilän owunjak goşgularydyr publisistik makalalarynam goşmak boljak. Eserleriniň sanynyň şeýle kän däldigine garamazdan, ýazyjy Hydyr Derýaýew türkmen  edebiýatynda görnükli orunlaryň birini eýeleýär.

Ýazyjy Hydyr Derýaýew Marynyň Egrigüzer obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. On iki ýaşyna çenli ene-atasynyň elinde terbiýe alyp, hojalyk işleri bilen meşgullanýar. Emma tizlikde geljekki ýazyjynyň ilki bilen ejesi, soňra bolsa kakasy aradan çykyp, garyndaşlarynyň elinde galýar. Ýöne şunuň ýaly kynçylyklara garamazdan, ol bilimini artdyrmagyň aladasyny edýär, ilki Egrigüzerde jezitçe okadylýan mekdepde tatar mollasynyň elinde okap, soňra 1920-nji ýylda Maryda açylan Togtamyş mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde bir ýyl okanyndan soň bolsa, şol ýerdäki orta bilimli mugallymlary taýýarlaýan türkmen Magaryf institutynda okuwyny dowam etdirýär. Ol institut Daşkent şäherine geçirilende-de geljekki ýazyjy onda okamagyny kesmeýär. Tutanýerlikli okamagy netijesinde Hydyr Derýaýew bu mekdebi 1926-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Onda pedagogika bolan ukybyň bardygyny duýan institut ýolbaşçylary geljekki ýazyjyny şol ýerde mugallym edip alyp galýarlar. Emma Hydyr Derýaýew bu gazanylan üstünlik, alan aň-düşünjesi bilen çäklenmän, Daşkentde açylan gazak Pedinstitutyna girip, tä 1928-nji ýyla çenli şol ýerde okaýar. Bu Institut Almaata geçirilende bolsa Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň ikinji kursuna geçýär. Bu uniwersitetem 1931-nji ýylda tamamlap, Aşgabatdaky döwlet Pedagogik institutyna mugallym edilip iberilýär. Tä 1937-nji ýyla çenli hem şu ýerde ilki mugallym, soňra kafedra müdiri wezipesinde işleýär, ýaş nesle terbiýe bermekde uly hyzmat görkezýär. Emma muňa garamazdan ol, 1937-nji ýylda şahsyýet kultunyň pidasy bolup, 1956-njy ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär, kynçylykly güni başdan geçirmeli bolýar. Geljekki ýazyjy aklanyp, erkinlige çykanyndan soň, döredijilik işini dowam etdirip, TSSR Ylymlar  Akedemiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işläp başlaýar. 1962-nji ýylda bolsa TSSR Ýazyjylar  birlesiginiň  jogapkär kätipligibe saýlanyp, tä 1965-nji ýyla çenli şol ýerde işleýär. 1979-njy ýyldan 1981-nji ýylyň maý aýyna çenli TSSR Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary bolup işledi.

1988-nji ýylda aradan çykdy.

 DÖREDIJILIGI

Hydyr Derýaýew hem ýaşuly türkmen ýazyjylary ýaly, edebiýatymyza şahyr hökmünde gelip giripdi. Onuň ilkinji eseri bolan “Çal, dutarym” atly goşgusynda öňki döwürde jebir-jepa çeken aşak gatlak adamlarynyň durmuşy barada söz açylsa, “Amyderýa” (1928), “Ökünçmi, maslahat” atly liriki poemalarynda suwsuzlyk, ýaragsyzlanmak meselesi dogrusynda gürrüň berilýärdi.

Göwrüm taýdan uly bolmadyk “Arzuw” poemasynyň dili sada, sýužet ýordumy ýönekeý, kompozision gurluşynda şeýle bir çylşyrymlylyk ýok.

Hydyr Derýaýew irginsiz zähmetiň netijesi bolan “Ykbal” romany bilen proza žanrynda galamyny işletmäge ukyplydygyny subut etdi, gahrymanlaryň keşplerini döretmekde ussatlyga ýetişendigini birkemsiz görkezdi.

Hydyr Derýaýewiň proza žanryna geçip, ilkinji döreden eseri “Ganly penjeden” (“Ykbal”) romany bolupdy. Bu eser türkmen prozasynda döredilen şowly romanlaryň biridir. Awtor bu romanyny 1934-nji ýylda ýazyp gutarsa-da, dürli sebäplere görä, roman diňe 1937-nji ýylda çapdan çykýar. Bu eser dürli sebäplere görä, okyjylara ýetmänkä, gadagan edilýär. Şeýlelikde, ýazyjynyň döredijiliginiň kämilleşmeginde uly ähmiýetli “Ganly penjeden” romany soňky döwürlere çenli okyjylar köpçüligine mälim bolman gelýär. Diňe awtor täzeden işläninden soň, bu eser “Ykbal” ady bilen (1960) çap edilipdi.

Ýazyjynyň ahyrky ýyllarda döreden “Harasat”, “Mukaddes ojak” atly eserleri  hem  türkmen prozasyny ep-esli derejede baýlaşdyrdy.

Ýazyjy dramaturg hökmünde-de  özüni  tanatdy. Onuň  “Ykbal” romany  esasynda  ýazan, Mollanepes adyndaky  Türkmen  döwlet  akademiki teatryň  sahnasynda  goýlan  “Ykbal” pýesasam dramaturgiýamyzyň ösmegine  belli bir  derejede ýardam etdi. H. Derýaýewiň mundan  başga-da  birlän-ikilän pýesalary bar. Olar “Mähri” (1964), “Hojanepes” (1968) atly pýesalardyr. Türkmen tomaşaçylarynyň söýgüsini  gazanan bu pýesalar wajyp temalardan söz  açyp,  däp-dessuryň arasyndaky barlyşyksyz göreş, türkmen halkynyň geçmişde suwsyzlykdan çeken  jebir-jepalary barada  gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy H. Derýaýewiň döreden eserleri türkmen   edebiýatyny  baýlaşdyrmakda  uly  ähmiýeti boldy.

Türkmen edebiýatynyň taryhy. V tom, I kitap,Red. K.Jumaýew, E.Işangulyýew.-A.: Ylym,1980

 Hydyr Derýaýewiň ykbaly (ulanyjylardan)

Derýaýew Hydyr – sowet döwründen türkmen dil biliminiň meseleleri bilen irki wagtlardan bäri gyzyklanan lingwistleriň biri. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň korrespondent çleni (1969), dosent. Ol 1905-nji ýylda Mary raýonynyň Egrigüzer obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.
1920-nji ýylda Marydaky internata okuwa girýär, ýöne ony gutarmanka, Hydyr Derýaýewi Aşgabatdaky inprosa (institut prosweşeniýa) alýarlar.
Ol ýerde bir ýyl okandan soň onuň okap başlan inprosy Daşkent şäherine göçürilýär. H.Derýaýew 1926-njy ýylda inprosy gutaryp, orta bilimli mugallymlyk diplomyny alýar. Ony inprosuň özünde mugallym edip alyp galýarlar.
H.Derýaýew mugallymçylyk işine 1925-nji ýylda başlaýar. Şol ýyl ol Orta Aziýanyň profkursunda okadyp başlaýar. 1927-1931-nji ýyllarda ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň pedfakynda okaýar, ony 1931-nji ýylda tamamlap Aşgabada gelýär.
Ol Aşgabat döwlet pedagogik institutynda ilki assistent, soň dosent bolup işleýär. 1933-nji ýyldan başlap kafedra ýolbaşçylyk edýär.
1933-1937-nji ýyllarda H.Derýaýew türkmen dili boýunça birnäçe ähmiýetli işleri neşir edýär. Ilkinji gezek, ýagny 1933-nji ýylda onuň 6-7-nji klaslar üçin «Türkmen diliniň sintaksisi» diýen işi çykýar. Bu okuw kitaby 1937-nji ýyla çenli neşir edilýär.
1934-nji ýylda onuň ýediýyllyk mekdepler üçin «Türkmen diliniň grammatikasy», «Ýewropalylar üçin türkmen dili» diýen işleri çykýar. 1936-njy ýylda bolsa, Türkmenistanyň Birinji lingwistik gurultaýyna tezisler hökmünde «Türkmen diliniň sintaksisiniň we punktuasiýasynyň esasy meseleleri» atly uly makalasy peýda bolýar.
Hydyr Derýaýew Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynda ilki kiçi ylmy işgär, soňra starşiý ylmy işgär wezipelerinde işleýär. Ol türkmen diliniň taryhyna degişli birnäçe makalalar ýazýar. Olaryň arasynda «Geljek zaman işliginiň käbir meseleleri», «Türkmen diliniň taryhynyň meseleleri», «Magtymgulynyň eserleriniň gözleginde» diýen ýaly gyzykly meseleleri orta atýan makalalar bar.
Soňky ýyllarda H.Derýaýew çeper döredijilik işi bilen çynlakaý meşgul bolup başlady. Ol türkmen sowet edebiýatyny täze proza, drama, poeziýa eserleri bilen baýlaşdyrdy.
Ýazyjynyň meşhur «Ykbal» romany «Ganly penjeden» ady bilen 1937-nji ýylyň oktýabrynda çap bolup çykýar.
Awtor soň «Ganly penjeden» atly romanyny täzeden işläp, 1960-njy ýylda «Ykbal» ady bilen neşir etdirdi.
«Ykbal» romany awtora uly meşhurlyk getirdi. TSSR-iň Halk ýazyjysy has öndümli işlemäge başlady.
1962-iji ýylda romanyň ikinji kitaby, 1966-njy ýylda üçünji kitaby, 1971-nji ýylda bolsa romanyň ahyrky —dördünji kitaby çap bolup çykýar. Onuň eserleri okyjylar tarapyndan oňat garşylanýar.
Ýazyjynyň «Mähri», «Hojanepes» atly belli drama eserleri Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryň sahnasyndan düşmän gelipdir.
1971-nji ýylda Hydyr Derýaýewiň «Harasat» atly romany çapdan çykdy.
Edebiýat meýdanynda bitiren hyzmatlary üçin ol Lenin ordeni (1967) bilen sylaglandy. 1969-njy ýylda Hydyr Derýaýewiň türkmen sowet dil bilimine, türkmen sowet edebiýatyna goşan goşantlaryny nazarda tutup, TSSR Ylymlar akademiýasy ony korrespondent-çlenlige saýlady. Ýazyjy, dosent Hydyr Derýaýew döwletiň Ýazyjylar Soýuzynyň işine aktiw gatnaşdy.
Hydyr Derýaýew 1988-nji ýylda aradan çykdy.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz