Anatomiýa, Biologiýa    Teswir ýok    1564 gezek okaldy

Impotensiýa

Impotensiýa (lat. impotentia- gowşaklyk, ejizlik), jynsy taýdan gowşaklyk- erkek adamlaryň jyns aragatnaşyk ukybyny doly ya-da kem-käsleýin ýitirmegi. Ol dürli sebäplere görä bolýar. Impotensiýa beýniniň funksional keselleri netijesinde has ýygy-ýygydan duş gelýär. Impotensiýa adam akyl zähmetinden çendenaşa yadanda, ysgyndan gaçyrýan keseller bilen kesselländen soňra ýüze çykýar. Onuň bu formasy jyns aragatnaşygyny gowşadýar. Impotensiýanyň ýüze çykmasy ereksiýanyň we eýakulýasiýanyň oňurga ýiligindäki merkezlerine beýni gabygynyň päsgellenme täsiriniň güýçlenmesi bilen baglanyşyklydyr. Impotensiýa diňe bir jynsy oýanmasynyň gowşamagyndan döremän, eýsem onuň potologik taýdan ýokarlanmagy zerarly hem döräp bilýär. Meselem, newrasteniýa bilen kesellenende, şeýle bolýar. Adatça, şunuň ýaly keselleriň ýumurtgalygyndan tohum suwaklygy basym gelýär. Impotensiýa köplenç psihik ýagdaýda, ýagny özüniň jyns aragatnaşygyna bolan ukyplylygyna ynam etmezlik, deri kesellerini ýokuşdurar diýen gorky astynda galmak ýaly ýagdaýlar zerarly hem döreýär. Ol şikes ýetmeler, hroniki ýokanç keseller (merýezýel, inçekesel we başgalar) zerarly ereksiýanyň we eýakulyasiýanyň oňurga ýiligindäki merkezleriniň zaýalanmagyndan, intoksikasiýadan (myşýak, tirýek, alkogol we başgalar bilen zäherlenmekden), madda çalşygynyň bozulmagyndan emele gelýär. Impotensiýa sözenek keselinden we adamyň ýaş aýratynlygy, onuň kadaly ösmezligi, dürli şikes ýetmeler zerarly ýumurtgalygyň içki sekretor funksiýasynyň bozulmagyndan hem döreýär.

Bejerilişi: psihoterapiýa, organizmi berkidiji maddalar, endokrin we gormonlar preparatlar, witaminler ulanylýar.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz