Edebiýat    Teswir ýok    1870 gezek okaldy

Improwizasiýa

Improwizasiýa (frans. improvisation- duýdansyz, birden diýmek) – çeper eser döretmegiň bir ýoly. Şeýle ýagdaýda eser bada-bat döredilýär ýa-da döräp durka ýerine ýetirilýär. Bu usul aýratynam halk döredijiliginde ýörgünli. Ol sungatyň köp görnüşine – aýdym-saz, poeziýa, teatra, tansa we şuňa meňzeş mahsusdyr. Improwizasiýa teatr sungatynda ozaldan ýörite taýarlanylan teksti bolmadyk, repetisiýa geçirilmezden, birden gurnalan sahnalarda uly rol oýnaýar. Türkmen milli sazynda we poeziýasynda hem onuň uly orny bar. Halk aýdymlarynyň köpüsi şu esasda döräpdir. Klassyky poeziýamyzda, aýratynam halk şahyrlarynyň döredijiliginde improwizatorçylyk endigi güýçli. Improwizasiýa sungatyň sinkretik (gatyşyk) görnüşinde köp duýulýar.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz