Biologiýa    Teswir ýok    1081 gezek okaldy

Impulsiwlilik

Impulsiwlilik (lat. impulsus – ugry, itekleme) – adamyň özüni alyp baryş aýratynlygy. Impulsiwlilik adamyň daşky ýagdaýlaryň täsiri bilen bada janlanmagyny, duýgusyny, howul-hara hereket etmekligini ýüze çykarýar. Impulsiwli adam öz hereketi barada oýlanmaýar, dürli mümkinçilikleri ölçemeýär. Şeýle hem soňra öz eden hereketleri barasynda puşman edýär. Impulsiwlilik fiziologik taýdan beýni gabygynyň uly ýarym şarlaryndaky saklanma we 2-nji signal sistemasy tarapyndan barlagyň gowşakdygy bilen düşündirilýär. Impulsiwlilik hem tiz we güýçli reaksiýany talap edýär, emma situasiýalarda pikirlenmegi, hereket esaslandyrylmagy we maksadalaýyk çözülmegi talap edýän gaýduwsyzlykdan tapawutlanýar. Impulsiwlilik belli bir derejede mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň hem-de başlangyç mekdep okuwçylarynyň özlerini alyp baryşlarynda duş gelýär. Ol dogry terbiýe bermek netijesinde galdyrylyp bilner.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz