Biologiýa    Teswir ýok    1150 gezek okaldy

Inbriding

Inbriding (iňlis. inbreeding – ýakyn garyndaşara köpeliş) – ýakyn garyndaşara mallary gatyşdyryp tohumlandyrmak arkaly köpeltmek, atanaklaýyn tozanlanýan ösümlikleri mejbury suratda öz-özünden tozanlandyryp köpeltmek. Tebigy inbriding ösümlikçilikde maldarçylykdaka garaňda adaty hadysadyr. Bugdaý, arpa, şaly, nohut, noýba, arahis, soýa, pomidor, burç, sitrus, şetdaly we gowaça ýaly birentek ekinler öz-özünden tozanlanýar. Inbriding uzak wagtlap dowam etse, ösümliklerde we maddalarda zyýanly resessiw genleriň täsiriniň ýüze çykmagy mümkin, bu bolsa kemçiliginiň döremegine, önümliginiň, ýaşaýyş ukyplylygynyň peselmegine eltip biler. Maddalarda (seýrek halatlarda ösümliklerde-de) inbriding geçirilende, ýaşaýyş ukyplylygy kadaly bolan aýry ugurlary almak bolýar.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz