Başga    Teswir ýok    1357 gezek okaldy

Indeksler

Indeksler statistikada dürli düzümli zatlaryň jeminiň umumy dinamikasyny mukdar taýdan häsiýetlendirýän otnositel ululygy aňladýar. Mysal üçin, döwlet bölek satuw nyrhlary SSSR 64/50=0,76 (ýa 76%), ýagny bu görkeziji SSSR-de 1964-nji ýylda döwlet söwdasynda ähli bölekleýin satuw nyrhlarynyň umumy söwdasynda ähli bölekleýin satuw nyrhlarynyň umumy derejesi 1950-nji ýyldaky derejesine garanda 0,76 ýa-da 76% boldy diýmekdir. Başgaça aýdylanda, umumulykda alnan şol nyrhlar şol döwrüň içinde ortaça 0,24  ýa-da 24% arzanlady diýildigidir. Islendik indeksler elementleri bolup şu aşakdakylar hasaplanýar: a) indeksirlenýän ululyk; b) Indeksleriň görnüşi (formasy); ç) Indeksleriň agramy; d) hasaplanylan möhleti. Indeksleriň elementine (a) baglylykda nyrhlaryň indeksleri, önümiň fiziki (natural) möçberiniň indeksleri, zähmet öndürijiliginiň indeksleri we ş.m. bolýar. Indeksleriň görnüşine (b) baglylykda agregat indekslerini we ortalyk indeksleri tapawutlandyrmak bolýar. Ortalyk indeksleri (formalaryna garap) ortalyk arfimetiki indekslere, ortalyk geometrik indekslere, ortalyk garmonik indekslere we ş.m. bölünýär. Agramyna (ç) baglylykda ýönekeý (agramy çekilmedik) indeksler we agramy çekilen indeksler tapawutlandyrylýar. Hasaplanylan möhletine (d) baglylykda bazisli Indeksler (durnukly, hiç wagt üýtgemeýän bazaly) we zynjyr görnüşli indeksler (eger her gündelik möhletde indeksirlenýän ululygyň san ähmiýeti onuň şondan ozalky möhletdäki elementi bilen deňeşdirilýän bolsa) tapawutlandyrylýar.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz