Apple    2 Teswir    1823 gezek okaldy

iOS 7-de programmany gizlemek

iOS7-de  programmany (application) gizlemek üçin ilki bilen gizlejek bolyan programmamyzy aşakda suratda görkezilişi ýaly  ýerleştirýäris,  suratda görşiňiz ýaly men SignEasy programmany gizlemekçi.

Indi şol gizlejek bolýan programmamyzyň üstine basyp barmagymyzy ayyrman  home knopka  iki gezek yzly-yzyna basyarys (şol ýazan zatlarymy çalt etmeli) we aşakdaky  suratdaky görkezilen ýaly  ikonkalar titräp durýar (eger bolmasa  onda täzeden edip görýäris)

Eger suratdaky ýaly bolan bolsa, onda suratda gyzyl bilen bellenen ýere basýarys we aşakdaky suratdaky ýaly bolýar.

Indi aşakdaky suratda görkezilen ýaly islendik papka basýarys

Papka basanymyzdan soň aşakdaky suratda görkezilen ýaly bolmaly…

Eger şol suratdaky ýaly bolan bolsa onda suratda gyzyl bilen bellenilen yere basmaly

Indi  yokardaky  surada seredýäris eger sizdede şu şekilde bolup duran bolsa onda

Home  knopkabir gezek basmagynyz yeterli we gizlejek bolan programmanyzyn yitendigini aşakdaky suratda göripbilersiňiz


yöne şol gizlenen programmany  nireden tapmaly diýen sorag ýüze çykýar, onda şol soragyň jogaby aşakdaky suratda , poisk edip tapyp bolýandygyny göz ýetirýäris!

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

2 Teswir

  • Dine iPhone üçinmi, iPad iOS7-de bolmady

  • Son nadip yene-de gorunip durar yaly etmeli?

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz