Apple    Teswir ýok    1529 gezek okaldy

iPhone 4S

‘Apple’ kompaniýasy tarapyndan işlenilip düzülen sensor ekranly (has dogrusy ‘maltitaç’ – birbada iki ýa-da ondan köp barmagyň degirilmegine jogap berýän)  akylly telefondyr. Bu enjam iPhone-yň bäşinji neslidir. Özünden öňki çykan iPhone 4-den daş görnüşi üýtgeşik bolmasa-da, apparat üpjünçiligi we programma üpjünçiligi ugrundan birnäçe üýtgeşmeler bardyr. Bu üýtgeşmeler ‘Apple’-yň taýýarlan täze ulanyjy interfeýsini we funksiýalaryny öz içine alýar. Bu diýmek, ‘Siri’ atly ses tanaýan we gürleýän kömekçi, şahsy kompýuterden garaşsyzlyk,  täze ‘iCloud’ atly ‘bulut’ ulgamy we kämilleşdirilen kamera ulgamy. Enjamyň köp funksiýalaryny indi ses üsti bilen işledip bolýar. Bu bolsa ulanyjyny käbir ýumuşlar üçin telefona seredip, basmagyndan azat edýär.

iPhone 4S ilkinji gezek oktýabr aýynyň 4-ine Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde görkezildi. Oktýabr aýynyň 14-ine bolsa dünýäniň 7 döwletinde (ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Ýaponiýa) bu enjam satuwa çykardy. Satuwyň birinji hepdesinde 4 milliondan gowrak iPhone 4S satyldy.

Daş görnüşi:

Daş görnüşi edil iPhone 4-iňki ýalydyr. Öňi hem-de yzy düzdür. Ekrany aýnadan edilen we 3.5 dýumdyr. Ekranyň aşagynda ‘Home’ (Öý) düwmesi, yzynda bolsa 8 megapiksellik (hem-de 1080 p wideo)  kamera bar. 4 gapdaly hem poslamaýan polatdandyr. Enjam 2 reňk bilen çykarylar – gara we ak.

Prosessory we ýady:

iPhone 4S-de iki ýadroly A5 prosessory goýuldy (iPhone 4-de ýeke ýadroly A4 prosessor). Wagtlaýyn ýat (RAM) edil öňki ýaly 512 mb. Enjamyň içki ýadynyň sygymy 3 görnüşde çykýar: 16 GB, 32 GB we 64 GB. (iPhone 4-de 16 GB we 32 GB). iPhone 4S-iň grafikasy iPhone 4-iňkiden 7 esse güýçlüdir.

Siri:

  Ses ýumuşlaryny ýerine ýetirýän kömekçi. Mysal üçin, eger siz “Şugün howa nähili?” diýip sorasaňyz, enjam size “Bulutly howa      bolup, howanyň temperaturasy 10oC –dyr” diýip jogap berer.  ‘Siri’ diňe iPhone 4S-de bolar. Beýleki iPhone-larda Siriniň  bolmazlygyň  esasy sebäbi A5 prosessorydyr. Emma synçylaryň aýtmagyna görä, esasy sebäp ‘Siriniň’ bar bolmagy iPhone 4S-iň  iPhone 4-den  ýeketäk uly tapawudy bolmaklygyndadyr. Şeýle hem bellenmeli zatlaryň biri, ‘Siri’ internet üsti bilen işleýändir.

 

Dolandyryş ulgamy:

Dolandyryş ulgamy iOS 5-dir. Öňki dolandyryş ulgamy bilen deňeşdireniňde 200-e golaý täze funksiýa bar diýip habar berildi.

 

Wikipedia-dan alnyp terjime edildi.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz