Edebiýat    Teswir ýok    2137 gezek okaldy

Isgendernama

Isgender Zülkarneýin (Aleksandr Makedonskiý) hakynda ýazylan eser. Şeýle at bilen ýazylan birnäçe eser bar. “Isgendernamalaryň” iň meşhury XII asyryň beýik şahyry Nyzamy Genjewiniň eseridir. Bu eser şahyryň bäş mesnewisiniň biri bolup, özi-de iki bölümden ybaratdyr. Birinji bölüm “Şerefnama” atlandyrylýar, şahyr ony Azerbaýjan Atabeklerinden Abubekir ibn Muhammet Jahan pälwanyň adyna ýazypdyr. Ikinji bölüm “Ykbalnama” ady bilen meşhurdyr, ony şahyr Abulfath Mesguda bagyşlan ýazyndyr. Bu eseriň “Şerefnama” bölümi Isgenderiň doglan gününden başlap, ençeme ýurtlary basyp alşyny we Rime öwrülip gelşini öz içine alýar. “Ykbalnamada” bolsa Isgenderiň filosofiýasy we özüni pygamber saýyşy hakda gürrün berilýär. “Isgendernama” ady bilen belli eserlerden ýene-de XII asyrda kyssa bilen ýazylan kitaby hem-de halk döredijiliginiň nusgasy hökmünde sefewitler döwründe toplanan we ençeme gezek neşir edilen “Isgendernamany” görkezmek bolar. Bularda Isgender Zülkarneýine degişli ençeme hekaýalar jemlenipdir. Türkmenleriň arasynda-da Isgendere degişli ençeme rowaýatlar bar. Isgender türkmen klassyky edebiýatynda-da degişli orun alypdyr.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 4, sah.59.

 

 

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz