Döwletler    2 Teswir    3294 gezek okaldy

Italiýa

Doly ady: Italiýa respublikasy

Paýtagty: Rim

Meýdany: 301.340  kw. km.

Ilaty: 60,681,514 adam (Aprel 2011 ý.)

Gimn: Il Canto degli Italiani  (“Italýanlaryň aýdymy”)

Resmi dili: Italýan

Hökümet baştutanlary: Žioržio Napolitano (Prezident), Mario Monti (premýer-ministr)

Garaşsyzlyk güni: 17-nji mart 1861 (1870-nji ýylda dolulygyna birleşýär)

Milli baýram: 2-nji iýun – Respublika güni (1946)

Pul birligi: Ýewro

Iň belent nokady: Monblan (4810 m)

Iň uzyn derýa: Po (652 km)

Agalyk ediji dini: katolisizm

Resmi kalendary: grigorian

  

UMUMY MAGLUMATY. Ýewropanyň günortasynda, Ortaýer deňziniň merkezi böleginde ýerleşýän döwlet. Günbatarda we Demirgazykda Fransiýa, Şweýsariýa, Awstriýa, gündogarda Horwatiýa bilen araçäkleşýär. Italiýa deňiz döwleti bolup, onuň 9,3 müň km araçäginiň 4/5 bölegi deňiz bilen araçäklere düşýär. Gündogarda Adriatik, günortada Ionik, günbatarda Tirren, Liguri deňizleri ýanaşýar. Italiýanyň territoriýasy Alplaryň günorta eňňitlerini, Padan düzlügini, Apennin ýarym adany, Sisiliýa we Sardiniýa adalaryny we köp sanly ownuk adalary öz içine alýar. Meýdany 301.340  kw. km. (ýer: 294.140 kw.km., suw: 7200 kw.km.).  Paýtagty Rim şäheri. Italiýa administratiw taýdan 20 oblasta (2 sany adany öz içine almak bilen), olaram welaýatlara bölünýär.

Italiýa demokratik respublikadyr. Ol dünýäde 23-nji iň ösen döwletdir. Italiýa BMG-niň, Ýewropa Birliginiň, G8-iň, G-20-iň we NATO-nyň agzasydyr. Şeýle hem ol ÝeHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy), BSG-niň (Bütindünýä Söwda Guramasy) we BMG-niň (Birleşen Milletler Guramasy) agzasydyr.

Italiýanyň Prezidenti (2006-njy ýyldan bäri Ž.Napolitano, 11-nji prezident) döwletiň baştutanydyr. Prezident 7 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Premýer ministr (2011-nji ýyldan bäri Mario Monti) hökümetiň baştutanydyr.

 

TEBIGATY. Italiýa aram guşaklygyň tokaý zolagynyň çäklerinde we subtropiki guşaklykda ýerleşýär. Onuň tebigatyna Ortaýer deňzi uly täsir edýär. Kenar ýakasynyň uzynlygy 7500 km. Italiýanyň territoriýasynyň 4/5 bölegini diýen ýaly daglar we belentlikler tutýar. Italiýanyň demirgazygyny Alplar tutýar. Günbatar Alplar has belentdir (Monblan dagy, 4810 m, Italiýanyň iň belent nokady). Gündogar Alplaryň beýikligi 3899 m (Ortles dagy) ýetýär. Alplardan günortada Padan düzlügi ýerleşýär. Padan düzlüginden günortada Apennin ýarym adanyň çäklerinde orta belentlikdäki Apenninler 1200 km diýen ýaly uzalyp gidýär. Onuň iň belent nokady Korno dagydyr (2914 m). Alplaryň we Apenninleriň eteklerinde belent düzlükler (200—500 m), Po derýasynyň ugrunda toýunsow batgalaşan pes düzlükler bar. Sönen we hereket edýän wulkanlar (Amiata, 1734 m, Wezuwiý, 1277 m) duş gelýär. Apennin ýarym adasynyň günortasyny Kalabriýa Apenninleri (1956 m) tutýar. Italiýanyň adalarynda daglyk relýef agdyklyk edýär. Adalarda birnäçe wulkan: Etna (3340 m), Stromboli, Wulkano bar. Italiýanyň territoriýasy Alp geosinklinal (epinli) oblastyna degişlidir. Onuň köp bölegini kaýnozoýda emele gelen Alp we Apennin daglary tutýar. Italiýa Alplarynyň merkezi, günorta bölekleri hek daşlaryndan, kristallik, çägeli-toýunsow we wulkanik jynslardan düzülendir. Gazylyp alynýan peýdaly zatlary: daş kömür, goňur kömür, nebit we ýanyjy gaz, gurşun, sink, demir magdany we ş. m. Mineral we gyzgyn suw çeşmeleri köp. Italiýanyň territoriýasynyň köp böleginiň subtropiki Ortaýer deňiz klimaty bar. Padan düzlüginde subtropiki klimat mylaýym klimat bilen çalyşýar. Tomsy yssy we gurak. Iýulyň ortaça C-sy 20—28°, ýanwaryňky —0+12°, Alplarda —15—20°  ýetýän wagtlary bolýar. Ýylda 600—800 mm ygal düşýär. Derýalarynyň köp ýeri demirgazyk bölegidir. Iň uly derýasy — Po (uzynlygy 652 km). Apennin ýarym adanyň we adalaryň derýalary onçakly bol suwly däldir. Apennin ýarym adanda has uly derýalar Arno we Tibrdir. Italiýada kenarýakalary kurortly köller köp, olar gämi gatnawlydyr. Italiýada, esasan, goňur tokaý, dag çüýrüntgi, dag-çemen, allýuwial, goňur dag-tokaý we çüýrüntgili-karbonatly topraklar bar. Alplarda 800 m-e çenli belentlikde ýasy ýaprakly dag tokaýlary dub, kaştan, kerkaw, dagdan ösýär. 800 m-den 1800 m-e çenli beýiklikde buk we pürli tokaýlar, ondan ýokarda gyrymsy agaçlar, subalp we alp çemenlikleri ýaýrandyr. Apenninlerde, Sisiliýa we Sardiniýa adalarynda 500—600 m belentlikde tebigy ösümlikler (ebedi gök daş we dyky duby, piniýa sosnasy), 1000—1500 m belentlikde ýasy ýaprakly tokaýlar (dub, buk), 2000 m ýokarda pürli-ýasy ýaprakly tokaýlar (buk, ýel, pihta, sosna) ösýär. Haýwanlara, esasan, daglarda gabat gelinýär. Alplarda we Apenninlerde aýrak, köwük, kunida, alajagözen, Merkezi Apenninlerde goňur aýy duş gelýär. Towşan, awusiýdik, süýrenijiler we balyklar has köp. Guşlaryň 400-ýe golaý görnüşi bar.

 

ILATY. Italiýa ilatynyň sany boýunça dünýäde 23-nji  orny eýeleyär (Ýewropada 5-nji). Ilatynyň 92.47% italýanlar.  Olardan başga-da rumynlar (1.98%), demirgazyk afrikalylar (1.07%), albanlar (0.77%) ýaşaýar. Italiýanyň dine ynanýan ilatynyň köp bölegi katoliklerdir. Hut şonuň üçin hem Rimde katolikleriň dünýä merkezi Rim papasynyň döwleti Watikan ýerleşendir. Ilatyň gürlügi 1 kw.km. ýere 201 adam düşýär. Kampanýa oblastynyň Neapol prowinsiýasynda ilatyň gürlügi 2531 adam ýetýär. Ilatyň tebigy köpelişi -0.075%. Şäher ilaty 60 göterim, uly şäherleri Rim (2.7 mln.), Milan (1,4 mln.), Neapol (1 mln.), Turin (0.9 mln.), Genuýa, Palermo, Florensiýa, Bolonýa, Wenesiýa, Katopiýa.

 

HOJALYGY. Italiýa ykdysady taýdan ösen ýurt bolup, senagatyň ösüş derejesi boýunça dünýänin ösen döwletleriniň arasynda 7-nji orny eýeleýär.

Ýurduň milli baýlygynyň agramly bölegini kuwwatly kompaniýalar eýelik edýär. Olar «Fiat» awtomobil konserni, «Pirelli» rezin, şin, kabel korporasiýasy, «Eni» nebit kompaniýasy, «Montedison» himiýa konserni.

Italiýanyn ösen senagat pudaklary: nebiti gaýtadan işleýän, elektro-eneregetika, maşyn gurluşygy, himiýa, dokma, aýakgap, azyk senagatlarydyr. Maşyn gurluşygynda awtomobil senagaty öňe saýlanýar. Awtomobil öndürmekde Italiýa dünýä ýurtlarynyň arasynda 5-nji ýeri eýeleýär. Ortaça her ýylda 2 mln. golaý ýeňil awtomobil öndürilýär. Awtomobil senagatynyn esasy merkezleri: Turin, Milan we olaryň töweregindäki şäherlerdir. Meselem Turinin 5 hemra şäherlerinde awtomobil zawodlary gurlandyr. Italiýa motorolleriň watanydyr. Ýurduň geografiki ýerleşişi onda gämi gurluşygynyň ösmegine sebäp boldy. Gämi gurluşygynyn merkez­leri: Lonfalkon, Triýest, Wenesiýa, Ankona, Genuýa, Liworno, Neapol, Messin, Palerm. Italiýada oba hojalygy we transport hem güýçli ösendir.

 

IÇERKI AÝRATYNLYKLARY. Italiýa 4 ykdysady raýona bölünýär:

  1. Demirgazyk Italiýa — senagatly raýon
  2. Merkezi Italiýa — Rim paýtagt raýony.
  3. Günorta Italiýa — agrar raýon
  4. Italiýa adalar raýony

Bu raýonlar özleriniň ykdysady osüş derejeleri we önümçiligiň ýöriteleşişleri boýunça biri-birinden örän tapawutlanýarlar.

 

DÖWLET GURLUŞY.  Italiýa- respublika. Häzirki konstitusiýasy 1948 ýylyň 1 ýanwarynda güýje girýär. Döwletiň başynda prezident durýar. Ol parlamentiň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde 7 ýyl möhlete saýlanylýar. Ýokary , kanun çykaryjy organy — deputatlar palatasyndan we senatdan ybarat parlamentdir. Palatalar ählumumy we göni saýlawlar arkaly saýlanylýar. Senatorlaryň 5-sini president ömürlik belleýär. Ýerine ýetiriji häkimiýeti — hökümet — Ministrler geňeşi. Hökümet parlamentiň öňünde jogapkärdir.

 

TARYHY. B. e. öň 2—1 müňýyllyklarda Apennin ýarym adana hindi-ýewropa taýpalary — italikler, latynlar we sabinler gelip başlaýar. Latynlar we sabinler Rimiň düýbüni tutujylardyr. B. e. 3 asyrynda Rim imperiýasy döreýär; gul eýeçilik ulgamy krizise sezewar bolýar, feodalizmiň elementleri ýüze çykyp başlaýar. 5 asyryň başynda westgotlar Italiýa gelip, 410 ýylda Rimi eýeleýärler. 455 ýylda Rim wandallar tarapyndan derbi-dagyn edilýär. 476 ýylda Günbatar Rim imperiýasy ýaşamagyny bes edýär. 488 ýylda Italiýany ostgotlar eýeleýär, olaryň serdary Teodorih gotlaryň we italikleriň koroly diýlip yglan edilýär. Şäherleriň ir ösüp başlamagy netijesinde 13 asyrda öňdebaryjy şäherlerde (döwletlerde) irki kapitalistik gatnaşyklar üçin şertler döreýär. 13 asyryň aýaklarynda Italiýada feodalizm ymykly gowşaýar. Öndüriji güýçleriň çalt ösmegi netijesinde Dg. we Orta Italiýada 14—16 asyrlarda ilkinji irki kapitalistik gatňaşyklar we proletariatyň ilkinji alamatlary döräp başlaýar. 16 asyrda katoliki reaksiýa güýçlenip, iýezuitler ordeni döreýär. Halk köpçüliginiň hor-homsy ýaşamagy halkyň gozgalaň turuzmagyna getirýär. 18 asyryň 1 ýarymynda Italiýanyň ykdysady we syýasy ýagdaýy has-da pese düşýär. 18 asyryň ahyrlarynda ýurdy bir döwlete birleşdirmek, daşary ýurt süteminden azat etmek ugrunda göreş ýaýbaňlanýar. Bonapartyň 1796—97 ýyllarda Italiýa eden ýörişinden soň Italiýada respublikalar döredilýär, emma olaryň köp bölegi Fransiýanyň gol astynda bolýar. 1804 ýyldan soň respublikalar korollyga öwrülýär. Ýurtda nägilelik, milli garaşsyzlyk hyjuwy artýar. 1813—14 ýyllarda Italiýanyň günortasynda we Milanda Fransiýa agalygyna garşy gozgalaňlar turýar. Garaşsyz demokratik respublika döretmek barada J.Madzininiň öňe süren ideýasy buržuaziýanyň päsgel bermegi sebäpli başa barmaýar. Azatlyk ugrundaky göreşiň aýgytlaýjy etapy 1859—60 ýyllaryň rewolýusiýasy bolýar. Şunda J. Garibaldiniň rewolýusion ekspedisiýasy (1860, maý) ägirt uly rol oýnaýar. 1860 ýylyň iýulynda Sisiliýa azat edilýär, sentýabrda Garibaldiniň rewolýusion goşuny iki Sisiliýa Korollygynyň paýtagty Neapola girýär. 1866 ýylyň Awstriýa-Italiýa urşy netijesinde Wenesiýa korollygy Italiýanyň düzümine girizilýär. Italiýany birleşdirmek işi 1870 ýylda tamamlanýar. Italiýada 19 asyryň ahyrlarynda senagat öwrülişi tamamlanyp, senagat ekerançylykdan bölünip aýrylmagyny dowam etdirýär. 1892 ýylda Italiýa sosialistik partiýasynyň (ISP) döremegi bilen işçiler hereketi özbaşdak syýasy göreş ýoluna düşýär. 20 asyryň başlarynda Italiýada häzirki zaman tipli iri senagat döreýär. Industrial proletariatyň ilkinji otrýadlarynyň peýda bolmagy bilen işçiler hereketi guramaçylykly häsiýete eýe bolýar. 1919-20 ýyllarda Italiýada rewolýusion hereket has-da ýokary göterilýär. Beýik Okt. sos. rew-nyň ýeňmegi italýan zähmetkeşlerine rewolýusionizirleýji täsir edýär. Italiýa sosialistik partiýasynyň hatary artýar, 1906 ýylda döredilen Ählumumy zähmet konfederasiýasy uly güýje öwrülýär. 1921 ýylyň ýanwarynda ISP bölünýär, onuň çep ganaty Italiýa Kommunistik partiýasyny (IKP) döredýär. 1922 ýylda hökümet başyna Mussolininiň geçmegi bilen 1925 ýylda ýurtda
bir partiýaly faşistik hökümet düzülýär. Ol Efiopiýany basyp alýar (1935), Ispaniýada bolan faşistik pitnä kömek edýär (1936), faşistik Germaniýa bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. 2 jahan urşy döwründe faşistik Germaniýanyň tarapynda durup, Sowet Soýuzyna garşy urşa girişýär. 1943 ýylyň sentýabrynda Italiýanyň täze hökümeti gürrüňsiz boýun egmek hakynda iňlis-amerikan komandowaniýesi bilen gizlin ylalaşyga gol çekýär, nemes-faşistik goşunlary muny eşidip, Italiýanyň köp bölegini basyp alýar, basyp alan territoriýasynda Mussolinini hökümet başynda goýýar. 1943 ýylyň güýzünde antifaşistik, azat edijilik göreşiniň täze etapy başlanýar. 1945 ýylyň 25 aprelinde IKP-niň ýolbaşçylygynda geçirilen ählihalk gozgalaňy netijesinde Demirgazyk Italiýa gitlerçi basybalyjylardan azat edilýär. 1947 ýylyň 22 dekabrynda Italiýa respublikasynyň konstitusiýasy kabul edilýär. Emma Italiýanyň täze hökümeti 1948 ýylda Marşallyň plany diýilýäni kabul edýär, 1949 ýylda NATO girýär.

EDEBIÝATY. Italiýanyň irki döwür folklory saklanmandyr. Orta asyr italýan edebiýaty Rim imperiýasy ýykylandan soň we 6—12 asyrlarda latyn dilinde (köplenç dini gimnler, legendalar). döreýär. Dante Aligýeri (1265-—1321) ýeke-täk edebi dili döredijidir. Wozroždeniýe döwrüniň (14—16 asyr) edebiýatyna (F. Petrarka, J. Bokkaçço we b.) gumanistik dünýägaraýyş, soslowiýelilige garşy çykmak, şatlyga-begenje ýugrulan pikiri erkin beýan etmek, antik döwre
gyzyklanmak mahsus bolupdyr. 17 asyrda kontrreformasiýanyň we feodal reaksiýasynyň güýjemegi we italýan ýerleriniň köp böleginde ispanlaryň agalyk etmegi zerarly Italiýanyň ruhy durmuşy pese gaçyp, edebiýaty kriziise sezewar bolýar. 19 asyryň ahyrlarynda Italiýa edebiýatynda neoromantik we simwolik ugurlar peýda bolýar. 40-njy ýyllaryň ortasynda antifaşistik ruha, halkyň içinden çykan garamaýak adama ynanmak duýgusyna ýugrulan, milli durmuşy dogry görkezmäge çalyşýan neorealizm esasy realistik ugur bolýar. Şu döwürde antifaşistik, partizançylyk göreş tematikasy edebiýatda uly orun eýeleýär. Wittorininiň «Adamlar we peläketler» (1945), R. Wiganonyň «Anýeze ölüme barýar» (1949) romanlary we b. munuň aýdyň şaýadydyr. Şahyr we ertekiçi J. Rodari çagalar üçin progresiw edebiýaty («Çippollinonyň başdan geçirenleri») döredýär. 60-njy ýyllarda italýan edebiýaty neorealizm tejribesini peýdalanyp, ideýa-çeperçilik taýdan täze aspektlere eýe bolýar. Häzirki zaman adamynyň obrazy aýdyňlaşýar, onuň sosial we psihologik şekillendiriliş sferasy giňelýär. 70-nji ýyllaryň sepgidinde Italiýada işçiler we ýaşlar heretetiniň ýokary göterilen ýadaýynda progressiw italýan hereketi bilen buržuaz «köpçülikleýin medeniýetiniň» arasynda ýiti göreş gidýär. Reaksion ideologiýa öňde baryjy italýan medeniýetiniň ýiti gaýtawul bermegine sezewar bolýar (M. Soldatinýň «Aktýor» romany, 1970; L. Orsininiň «Anesteziýa»’ atly hekaýalar ýygyndysy, 1971). Italiýa kompartiýasy çeper metod hökmünde realizm prinsiplerini işläp düzmäge köp üns berýär. Italiýanyň häzirki zaman edebiýaty dünýä medeniýetinde görnükli orny eýeleýär.

ARHITEKTURASY WE ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY. Rim synandan soň 8—11 asyrlarda orta asyr arhitekturasy (bazilikalar, merkezi gümmezli buthanalar) döreýär. 11—13 asyrlarda dg. Italiýanyň şäherleri roman stilinýň merkezine öwrülýär. Monumental buthanalar bilen bir hatarda şäher diwarlaryny, owadan jaýlary, diňleri, derwezeleri, ratuşalary gurmak işi ösýär. Wizantiýa arhitekturasynyň täsiri güýçlenýär. 13—14 asyrlarda gotika stili ornaşýar. Şu döwürde dar köçeleri, söwda ploşşadlary, gala görnüşinde gurlan feodal köşkleri bolan orta asyr şäherleri hakyky keşbine eýe bolýarlar. Wozroždeniýe döwründe (15—16 asyrlar) şäher gurluşygynyň täze prinsipleri, konstruksiýalaryň we proporsiýalaryň matematiki hasaplamalary işlenip düzülýär. 16—18 asyrlarda barokko stili (ägirt uly ansambllar, fontanlar, terrasa görnüşli parklar), 20 asyrda täze akym—konstruktiwizm ornaşýar. Häzirki zaman gurluşyk materiallarynyň ulanylmagy, konstruktiw we giňişlikleýin çözgütleriň ulanylmagy estetiki çeperçilik Italiýa ymaratçylygynyň häsiýetli sypatydyr. Rimdäki Termini wokzaly (1960), Kiçi sport köşgi (1957) munuň aýdyň şaýadydyr. Şekillendiriş sungatynda 12 asyrlardan dini stanok žiwopisi, dekoratiw skulptura ösýär. Wozroždeniýe döwründe skulptorlar erkin şahsyýetiň ideýalaryny teswir edipdirler, žiwopisde adamyň we daş-töwerekdäki dünýäniň gözelligi wasp edilýer. Leoňardo da Winçi, Mikelanželo, Rafaeel, Tisian, P. Weroneze, Pombo, B. Moroni we b. şol döwrüň meşhur sungat ussatlarydyr. 18 asyrdan grawýurada we teatr dekorasiýasynda klassisizmiň sypatlary döräp ugraýar. Milli azat edijilik hereketi bilen baglanyşyklykda italýan romantizmi (Geýes, D. Morelli) döreýär. 20 asyrda faşizm bilen baglanyşykly bolan futurizm we neoklassisizm akymlary peýda bolýar. 1939—45 ýyllarda realist hudožnikler öz döredijiliginde Italiýanyň gapma-garşylykly hakykatyny görkezmäge çalyşýarlar. Skulpturada realistik meýiller J. Mansunyň, E. Grekonyň döredijiliginde ýüze çykýar. Italiýanyň sungatynda realizm döwlet tarapyndan goldanylýan modernistik akym bolan abstract sungatyň köp dürli toparlaryna garşy dartgynly göreşde ösýär.

 

(Bellik: Köp maglumatlar “Wikipedia” salgylanyp täzelendi)

 

Çeşmeler:

  1. Öräýew N., Batyrow A. “Dünýäniň ykdysady we sosial geografiýasy, IX klass”.  Aşgabat “Magaryf”,1997.
  2. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 4, sah.73-78
  3. “Wikipedia”. Erkin ensiklopediýa.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

2 Teswir

  • [...] Hytaý, Türkiýe, ABŞ, BAE, Ital­iýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Eýran we beýleki ýurtlar Türk­menistanyň [...]

  • [...] Ýewropada ýerleşýän ýarym ada. Onuň çäklerinde Italiýanyň esasy bölegi ýerleşendir. Meýdany 149 müň km2. Uzynlygy 1100 km golaý. Ini 130—300 km. [...]

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz