XX asyr türkmen edebiýaty    6 Teswir    6609 gezek okaldy

Kerim Gurbannepesow

(1929-1988)

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýarlar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarynýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär.

1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar. Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işledi. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Prawleniýe agzasy, Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup, il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat etdi.

Kerim goşgy ýazmaga ýaşlykdan başlaýar. Onuň ilkinji şygyrlary etrap hem-de “Mydam taýýar”, “Ýaş kommunist” gazetlerinde, “Tokmak” žurnalynda çap edilýär. Ilkinji goşgular ýygyndysy “Güýjümiň gözbaşy” 1951-nji ýylda okyjylara  hödürlenýär. Şondan soň, zehinli şahyryň kitaplarynyň ençemesi çeper eserleriň muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilýär. Onuň “Goşgular we poemalar” kitaby (1958), “Taýmaz baba” poemasy (1960) awtora uly şöhrat getirýär. 2007-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan “Oýlanma baýry” atly goşgular ýygyndysy çap edilýär.

Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykdy.

Kerim Gurbannepesow hakynda giňişleýin okamak üçin salgy:

“Hazynaly halypa” makalasy

Çeşme: Kerim Gurbannepesow “Oýlanma baýry”

 

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

6 Teswir

  • Bu şahyr meniň iň gowy görýän şahyrym.

  • […] görä… Meniň ýazýan goşgularym äheňi ýa-da stili Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Gurbannepesowyňka çalymdaşdy… Ýöne meniň özüm Pyragy ýaly şahyr bolasym […]

  • Kerim Gurbannepesowyň goşgularynda “çokul” diýlen söz bar. Şu sözüň manysyny düşündiräýseňiz minnetdar bolardym!!!!

  • Kerim agaň goşgularyndan ylham alyp yazan goşgularym:
    Men seniň aşygyň gara gözli ýar
    Daşa gitme, daşa gitme ýanymdan
    Görküňe ömürlik boldum men hyrydar
    Hyrydar men baha kesýän janymdan
    Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek
    Ýene-de ýazjak. Öňkilerem az ýaly
    Bir yuregime gurupdyr duZak
    Soyup yorin aydym bolup saz bolup
    Bahany ozuniz berayin

  • Kerim Gurbannepesowyň “8-nji mart” goşgusyndaky şu setirler hakykata öwrüldi:
    Saňa “gel-eý! gel-eý!” diýip
    “Heleý” adyny dakanyň
    Özlerine gowşurdyk
    Ōz döreden adyny

  • [...] halkynyň höwes bilen diňlän hem söýüp okaýan şahyrlarynyň biri Kerim Gurbannepesowdyr. Halkyň hemmä düşnükli ýönekeý dilinde çeper eser döreden Kerim şahyr Ahal [...]

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz