Rowaýatlar    Teswir ýok    1241 gezek okaldy

Keýmir kör barada rowaýat

Bir gezek üç sany aýal derýaň boýuna kir yuwmaga barýan ekeni. Olaryň hersiniň ýanynda 9-10 ýaşly ogullary bar eken. Ol aýallar kir ýuwup bolup, gaýdyp barýakalar öňlerinden Keýmir kör çykypdyr. Ayallar:
- Keýmir aga kyn görmeseň biziň ogullarymyzyň ulalanda iliň derdine ýarajagyny ýaramajagyny bilip bersene – diýenlerinde Keýmir kör atdan düşüp üç oglanjygyň ýanyna barypdyr. Birinji oglanyň ýüzüne çarpyk çalypdyr welin, ol aglapdyr, ikinji oglanyň ýüzüne urupdyr welin, oda gülüpdir, üçünji oglanyň ýüzüne urupdyr welin, ol Keýmiriň ýüzüne gaşyny çytyp, gaharly seredipdir. Şonda Keýmir kör:
- Gelinler, oglanlaryň ulalanda nähili adam boljakdyklaryny bilensiňizle – diýende, ayallar:
- Keýmir aga munça bolanyna görä özüňiz düşündiraýiň diýipdirler. Onda Keýmir kör:
- Aý bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok, birinji oglanyň ýüzüne uramda ol aglady, ol ulalsa namart bigaýrat bolar, ikinji oglanyň ýüzüne uramda ol güldi, oda ulalsa binamys bolar, üçünji oglany uramda ol maňa gaharly seretdi, ine ol ulalsa mert ýigit bolar, sebäbi ol menden gorkanokda meni urasy gelýär. Eger men özi ýalyrak bolan bolsam, meni ibaly etmezdi. Ine şular ýaly çaga mydama iliň watanyň gerekleýän adamsy bolýar – diyipdir.

(okyjylardan)

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz